ABŞ-nyň Ilçihanasy 2023-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda auksion geçirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy täze ýaşaýyş toplumynda auksion geçirer – Arçabil şaýolynyň 28-nji jaýy, giriş Atatürk köçesinden.

Haçan: şenbe güni, 2023-nji ýylyň 16-njy sentýabry sagat irden 09:00-dan 12:00-a çenli

Satuwa näme çykarylar: Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny satuwa çykarar.

Indiki ädimler: Auksionyň ýeňijileri şol günüň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.

ÜNS BERIŇ: Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirmeli we satuwyň geçirilýän ýerinde tanyşdyryljak auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwlaryň hemmesi gutarnykly bolmak bilen önümler auksionda görkezilen ýagdaýynda berler.