Aşgabat, 2020-nji ýylyň 6-njy apreli – ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Hökümetiniň kömegi bilen, Türkmenistandaky onlarça amerikan raýatynyň ABŞ-a dolanmagyna ýardam etdi.
28-nji martda ABŞ-nyň Ilçihanasy çarter reýsinde Amerikan raýatlarynyň Türkmenistandan Waşingtona, Kolumbiýa okrugyna, gaýdyp gelmegine ýardam etdi. Şu uçuş, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň dünýädäki amerikan raýatlarynyň 43 100-den köpüsini 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndan bäri 78-den gowrak ýurtdan 360-dan gowrak uçuşda yzyna gaýtarmak üçin edýän tagallalarynyň bir bölegidi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow şeýle diýdi: “ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň işgärlerden buýsanýaryn, sebäbi olar Amerikanyň raýatlaryny goramak we Türkmenistan bilen bütindünýä COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin zähmet çekýärler.” “Türkmenistanyň Hökümetine, Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mýatiýewe, Daşary işler ministriniň orunbasary Hajyýewe we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde işleýän köp sanly kärdeşlerimize amerikan raýatlarynyň watanyna dolanmagynda beren administratiw we utgaşdyryjy goldawy üçin minnetdarlyk bildirýäris. Biziň ýurtlarymyz şu görlüp-eşidilmedik bütindünýä çagyryşyna bilelikde jogap berýärler.”
Amerikanyň raýatlaryna goldaw bermekden daşary, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň COVID-19 pandemiýasyndan goranmak üçin çäreler geçirýän wagtynda, ýurduň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkmenistana laboratoriýa ulgamlaryny taýýarlamak, hadysalary tapmagy we epidemiologiki gözegçiligi güýçlendirmek, tehniki hünärmenleri jogap bermek we taýýarlyk görmek üçin goldamak, howplar barada duýdurmak we beýleki meselelerde goldaw bermek üçin 920 000 amerikan dollaryndan gowrak kömek etdiler. Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky 20 ýylda Türkmenistana ykdysady goldaw hökmünde 201 million dollardan gowrak maýa goýdy, şol sanda 21 million dollar töweregi saglygy goraýyş sektory üçin.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we UNICEF ýaly köptaraplaýyn guramalara kömek serişdelerinden başda-da, zerurlyk duýýan ýurtlara ýardam etmek üçin 274 million dollar töweregi gyssagly lukmançylyk we ynsanperwer kömegi üçin başlangyç maýa goýumyny berýärler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary onlarça ýyl bäri dünýäde ikitaraplaýyn saglygy goraýyş kömegini berýän iň uly ýurt bolup durýar. 2009-njy ýyldan bäri ABŞ-nyň salgyt töleýjileri medisina üçin 100 milliard dollardan gowrak, bütin dünýäde ynsanperwer kömegi hökmünde bolsa 70 milliard dollar töweregi serişde berdiler.
Bu sahylyk, birnäçe köptaraplaýyn hyzmatdaşlary goldamakdaky goşantlarymyz bilen bildirilýär:
- • ABŞ-nyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna 2019-njy ýylda 400 million dollardan aşan goşantlary, bu ikinji orunda durýan agza döwletiň goşantlaryndan iki esse köp.
- • ABŞ-nyň 2019-njy ýylda BMG-nyň Bosgunlar Gurmasyna (UNHCR) 1,7 milliard dollar goldawy. Bosgunlar COVID-19 pandemiýasyna has ejiz bolany üçin, bu goldaw geljekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
- • ABŞ-nyň 2019-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasyna goşan goşandy 700 million dollardan geçdi. UNICEF-iň immunizasiýa kampaniýalary, saglyk we sanitariýa okuwlary ýaly ýyllar boýy alyp barýan ömür halas ediji işleri, bu howply patogen bilen iş salyşanymyzda adamlary halas ederler.
ABŞ-nyň kömegi barada has giňişleýin maglumat https://www.state.gov/the-united-states-is-leading-the-humanitar-and-health-assistance-response-to-covid-19/ we https://www.usaid.gov/coronavirus sahypalarynda elýeterli. Türkmenistan bilen baglanyşykly metbugat soraglary üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov poçtasyna hat ibermegiňizi haýyş edýäris.