Aşgabat, 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabry – ABŞ-nyň Merkezi Aziýa işleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Emiliýa A. Puma 25-26-njy oktýabrda Aşgabatda bolup geçen bäşinji Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlarynda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.
Soňky sapar 2015-nji ýylda Waşingtonda (Kolumbiýa okrugy) geçirilen, bu maslahatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, amerikan-türkmen döwletara gatnaşyklaryna degişli ençeme meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin kadaly gural bolup durýarlar. Aşgabatda hanym Puma Türkmenistanyň hökümet agzalary bilen hem duşdy.
Türkmenistanyň hökümet agzalary bilen duşuşyklaryň dowamynda hanym Puma şeýle diýdi: “Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlary ABŞ bilen Türkmenistanyň aragatnaşygy uçin örän wajypdygyna ynanýarys. Biz bilelikde hyzmatdaşlyk edip, iki ajaýyp halkymyzyň abadançylygy üçin has çuňňur we giň aragatnaşyk gurup bileris.”
Maslahatlaryň çäklerinde amerikan-türkmen özara gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna her taraplaýyn, şol sanda howpsuzlyk meselelerine, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna we ikitraplaýyn syýasy garnaşyklaryna garaldy. Wekiliýetler adam hukuklaryny goramak we sosial hem medeni aragatnaşyklaryny ösdürmek üçin gumanitar taýdan hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.