San-Antoniodaky Tehas uniwersiteti we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi Hudaýnazar öwlüýä türbesini rejelemek ugrunda tagallalary birleşdirerler
2021-nji ýylyň 25-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhammet Mämmedow sanly wideo aragatnaşyk arkaly gurnalan dabarada “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) maksatnamasynyň çäginde täze baýragyň ýeňijisini yglan etdiler.
ABŞ-nyň San Antonio şäherinde ýerleşýän Tehas Uniwersiteti we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan 12-nji asyra degişli Hudaýnazar öwlüýä türbesini rejelemäge gönükdirilen bilelikde amala aşyryljak taslama “AFCP” maksatnamaň çäginde goldawa mynasyp görüldi.
«Bu taslama Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem de rejelemek baradaky milli müdirligi we ABŞ-nyň San Antonio şäherinde ýerleşýän Tehas Uniwersiteti bilen bilelikde amala aşyrylar. Bu iki guramanyň hünärmenleri 12-nji asyra degişli, Seljuklar döwri binagärligiň ajaýyp nusgasy bolan bu owadan ýadygärligi rejelemek ugrunda işleşerler. Şeýle hem bu taslama iki göreldeli guramada işleýän türkmenistanly we amerikaly rejeleýjilerine tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döreder. “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniñ gaznasy” atly maksatnama Türkmenistanyň baý taryhyny gorap saklamak ugrunda bilelikde işlemek bilen, ýurduň geljegi üçin berk hyzmatdaşlyklar gurmaga pursat döredýär» diýip, Ilçi Klimow öz sözünde belledi.
“Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) Kongresiň haýyşy boýunça Döwlet departamenti tarapyndan döredilen grant maksatnamasydyr. Bu maksatnamaň çäginde 2001-nji ýyldan bäri 130-dan gowrak ýurtda medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslamalaryň 1000-den gowragyna goldaw berildi. Hudaýnazar öwlüýa türbesini gorap saklamaga gönükdirilen taslama Türkmenistanda 29-njy “AFСP” taslamasydyr.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov