Türkmenistandaky hemme Amerikan burçlary we Amerikan merkezi açykdyr we ulanyjylar öňünden ýazylyp gelip bilerler

Häzirki wagtda Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlary açykdyr we ulanyjylar öňünden ýazylyp gelip bilerler. Ulanyjylardan girilen wagty ellerini arassalamaklyk we elmydama agyz-burun örtügini geýmeklik we merkezde we burçlarda bolan tutuş wagtynda sosial araçägi saklamaklyk soralýar. Ulanyjylar özlerini näsag duýsalar, Amerikan merkezine we Amerikan burçlaryna barmakdan saklanmalydyrlar.

Aşgabatdaky Amerikan merkezine barmagyň tertibi

Ulanyjylar ýazylyp gelmek üçin Internet arkaly saýtymyzdan wagt bellemelidir. Gelýänler 9:30-da, 11:30-da, 14:30-da, 16:30-da we 18:30-da duşenbe-anna günleri we şenbe güni 10:00-da, 13:30-da we 15:30-da başlanýan wagtlardan ýer belläp bilerler. Häzirki wagtda gelýänleriň sany we saparynyň dowamlylygy çäklendirilýär. Internet arkaly wagt bellenýän bit.ly/ac-visit salgydaky saýtymyza girip ýazylmagyňyzy haýyş edýäris. Öz bellän wagtynyň dowamynda ulanyjylar kitaplary, žurnallary we diskleri kitaphanadan alyp ýa-da yzyna gaýtaryp bilerler, iňlis dilini özbaşdak öwrenmek üçin saýlanan kitap toplumyndan we Internetden, iPad planşetlerimizden, elektron kitaphanamyzdan we tehnologiýalar burçumyzdan (3D, grafika, robotlar we ş.m.) peýdalanyp bilerler.

Amerikan merkeziniň geçirýän tanyşdyrmalaryna gatnaşmak: Siz Amerikan merkeziniň geçirýän tanyşdyrmalaryna Internet arkaly ýa-da gelip gatnaşyp bilersiňiz. Käbir maksatnamalara az sanly gatnaşyjylar üçin gelip gatnaşmaga öňünden ýazylyp gelmek mümkinçiligi bardyr. Internet arkaly wagt bellenýän bit.ly/ac-attend salgydaky saýtymyza girip ýazylmagyňyzy haýyş edýäris. Amerikan merkezi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň baýramçylyk günleri işlemeýär.

Amerikan merkeziniň geçirýän tanyşdyrmalaryna gatnaşmak üçin her aý täze çykýan maksatnamamyzy biziň Internet sahypamyzdan ýükläp alyň.

Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlaryna gelmegiň tertibi

Ulanyjylar kitaplary, žurnallary we diskleri kitaphanadan alyp ýa-da yzyna gaýtaryp getirmek üçin öňünden wagt bellemelidirler. Sizden degişli Amerikan burçyna elektron poçta arklay hat ýollamak ya-da jaň etmek arkaly wagt bellemegiňizi haýyş edýäris.

Amerikan burçlary hepde-de üç gün 3 sagatlap açyk bolar. Kitaphanalar şu wagtlarda açyk bolar:

  • Daşoguz Amerikan burçy: çarşenbe güni (14:00-17:00), anna güni (14:00-17:00), ýekşenbe güni (10:00-13:00)
  • Mary Amerikan burçy: çarşenbe güni (14:00-17:00), anna güni (14:00-17:00), ýekşenbe güni (10:00-13:00)
  • Türkmenabat Amerikan burçy: çarşenbe güni (14:00-17:00), anna güni (14:00-17:00), ýekşenbe güni (10:00-13:00)

Amerikan burçlary EducationUSA ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada indiwidual maslahat almak üçin hepdede 2 gün 2 sagat açyk bolar:

  • Daşoguz Amerikan burçy: penşenbe (11:00-13:00), şenbe (14:00-16:00)
  • Mary Amerikan burçy: penşenbe (11:00-13:00), şenbe (14:00-16:00)
  • Türkmenabat Amerikan burçy: penşenbe (11:00-13:00), şenbe (14:00-16:00)

Şeýle-de, Amerikan burçlary hemmeler üçin açyk we gelip gatnaşyp bolýan maksatnamalaryň hem az sanlysyny geçirer. Şu Internet sahypada Amerikan burçlarynyň bilelikdäki her aýlyk maksatnamasyny alyp bilersiňiz. Tanyşdyrmalara gelip gatnaşmak üçin Amerikan burçynyň wekillerine elektron poçta arkaly hat ýazmagyňyzy ya-da jaň etmegiňizi haýyş edýäris. Ýazylman gelnen ýagdaýynda tanyşdyrma gatnaşmaklyk diňe ýer bolan halatynda mümkin bolar.

Şu sahypada iň soňky täzelikleri almak üçin bildirişlere ýazylyp bilersiňiz.