Ilçi Allan Mastard ABŞ-nyň Türkmenistanda neşe serişdelerine garşy göreşde uzak wagtlyk hyzmatdaşlyga borçlanýandygyny nygtaýar

group of men2016-njy ýylyň 23-27-nji maýynda, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Halkara neşe serişdelerine garşy göreş we hukuk goraýyş müdirligi we ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrliginiň neşe serişdelerine garşy göreşmek müdirligi Aşgabatda Neşe serişdelerine garşy göreşmek bölümleriň serkerdeleri üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük we Migrasiýa gulluklarynyň işgärleri üçin okuwyny geçirdi. Bu okuwyň maksady Türkmenistanyň hukuk goraýjy we beýleki degişli edaralaryň Merkezi Aziýada bikanun neşe serişdeleriniň öndürilmegine we dolandyrylmagyna garşy göreşmek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bolup durdy. Okuwyň ýapylyş dabarasynda maý aýynyň 27-nde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümetleri neşe serişdeleriň bikanun dolandyrşyna garşy göreşini on ýyldan gowurak üstünlikli alyp barýarlar diýip nygtady.