
29-njy maýda ilçi Alan Mastard Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän Ahal gaztrubinaly elektrik beketine baryp gördi. Ahal elektrik beketi Türkmenistandaky iň uly gazturbinaly elektrostansiýa bolmak bilen, onuň umumy kuwwaty 650 megawata deňdir. Bu elektrik beketinde jemi 7 sany, şol sanda 4 sany 9E we 3 sany LM6000 kysymly amerikan kompaniýasy Jeneral Elektrik (GE) tarapyndan öndürilen gaz turbinalary işledilýär. GE kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Ilçi Mastard bilen bilelikde elektrik beketine baryp gördüler. GE-niň wekili we elektrik beketiniň baş hünärmeni beketde ýerleşdirilen enjamlar we gurallar, şol sanda, dolandyryş otagy we gaz trubinalary bilen tanyşdyrdylar. Ahal gazturbinaly elektrik beketi ýurduň köp bölegini, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň (AIMAG) geçjek ýeri bolan Olimpiýa şaherjigini hem elektrik togy bilen üpjin edýär.