Siziň Alyhezretiňiz, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Nurberdiyewa, hormatly kärdeşler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Biziň baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin sag boluň.
Türkmen-Amerikan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyga ygrarlylygy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Donald Trampa minnetdarlygymy bildirýärin.
Men şu çärämize howandarlyk eden kärhanalara sag bolsun aýdasym gelýär. Bu kompaniýalaryň jomart goldawy bolmasa, şu günki garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäre mümkin bolmazdy. Siziň kömegiňiz bilen bu kabul edişlik – diňe ABŞ-nyň Ilçihanasynyň çäresi bolman, eýsem tutuş jemgyýetiň baýramydyr.
Bu gün biz ABŞ-nyň garaşsyzlygyny gazanmagynyň nobatdaky ýyllygyny belleýäris. 241 ýyl mundan ozal Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esaslandyryjylary patyşanyň hökümdarlygyndan esasly nägilelik bildirip hökümet ulgamyny üýtgetmek üçin Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde bir ara geldiler. Şeýlelikde, olar diňe täze döwlet esaslandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dolandyrylýanlaryň razylygyna we aýrylmaýan hukuklara esaslanýan döwletiň hökümet gurluşyny emele getirdiler.
Olar ähli adamlar deň hukukly bolup ýaşaýyşa, erkinlige we bagtly ýaşamaga hukuklarynyň bardygyny mälim etdiler. Olar üçin syýasy garaşsyzlyk hukugy şahsy azatlygy hem beýan edýärdi.
Garaşsyzlyga bolan güýçli arzuw diňe Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna mahsus däl. Türkmenistan garaşsyz döwlet bolany bäri indi 26 ýyl geçdi, biz Türkmenistanyň halky üçin garaşsyzlygyň ne dereje möhümdigine göz ýetirýäris.
Hakykatdan hem, erkinlige bolan erjellik biziň ýurtlarymyzyň tebigatynda öz beýanyny tapdy. Grand-Kanýonyň günorta çetinde ýa bolmasa Ýaňňy-Gala kanýonynda dursaňyz hut toprakdan gelýän azatlygyň howasyny duýup bilersiňiz. Bu biziň ata-babalarymyzyň duýan şol garaşsyzlyk howasydyr; bu howa biziň öz ýurdymyzda bar bolan mümkinçilikler hem-de olary paýhasly ulanmak bilen baglanşykly jogapkärçiligimiz barada ýatladýar.
Şu ýyl, siz eýýam aňan bolsaňyz gerek, baýramçylyk çärämiziň mazmuny hökmünde milli seýilgähleri saýlap aldyk. Bir wagtlar, Prezident Franklin Ruzwelt şeyle diýdi: «Biziň milli seýilgählerimizden başga Amerika has mahsus bolan zat ýokdyr. Biziň seýilgählerimiziň düýbinde halkymyz ýurdyň eýesidir diýen esasy pikir ýatyr».
Gaýaly daglara gezelenje gideniňizde ýa da milli seýilgähde göliň ugry boýunça gaýykda gidip barýarkaňyz hereket etmegiň – islän ýere gitmegiň hem-de islendik görnüşde bagta ymtylmagyň – azatlygy bilen beýan edilen garaşsyzlygy duýup bilersiňiz. ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň agzasy kazy Uilýam Duglas bu umumy pikiri nygtap, şeýle ýazdy: «Islendik ugra serhetleri aşyp hem-de serhetleriň içinde hereket etmegiň erkinligi – bu biziň mirasymyzyň bir bölegidir…[bu] iýmit, egin-eşik we kitap saýlamak ýaly adam üçin deň dereje möhümdir». Eger-de siz Amerikanyň günbatarynda bolup gören bolsaňyz, meniň aýdýan zatlaryma düşünersiňiz. Men Türkmenistanda gezelenç edýän wagtym şeyle duýgyny başdan geçirýärin. Bu tebigatyň gözelliginiň ylham berýän azatlygyň duýgysydyr. Milli seýilgähler ähli raýatlara dynç almaga demokratiýa usulynda mümkinçilik berip amerikalylar üçin şol azatlygyň kepilini alamatlandyrýar. Kazy Duglasyň serhetleri aşyp hereket etmegiň azatlygynyň möhümdigini nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 26-nji maddasy hem hereket etmegiň azatlygyny kepillendirýär. Türkmenistanyň raýatlary öz ýurdynyň we biziň ýurdymyzyň tebigatynyň gözelliginden lezzet almak üçin şol azatlykdan peýdalanýarlar diýip umyt edýärin.
Köpiňiz hut öz tejribäňizden bilşiňiz ýaly, milli seýilgähe zyýarat – bu ajaýyp tejribedir; biziň seýilgählerimize gezelenç etmek üçin her ýyl on üç million syýahatçy ABŞ-na gelýär. Şol ýerde alynýan töleglerden gelýän maliýe serişdeler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzyň ýene bir ugry bolan taryhy mirasy gorap saklamak boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň Gaznasy” maksatnamasynyň çäklerinde, Gadymy Merwde “Gyz Gala” ýadygärligi, Beýik Ýüpek ýolyň ugryndaky Daýahatyn kerwensaraýy, gadymy Nusaýda syrçaly nagyş panelini dikeltmek ýaly ýurdyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde birnäçe taslamalaryň üstünde türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen işleşdik. Bu ýadygärlikler Türkmenistanyň ajaýyp gözelligini beýan edýär. Bu gözel ýerlere has köp adam baryp syn edip bilse, örän gowy bolardy. Geliň, Türkmenistan, Amerika we tutuş dünýä bilen syýahatçylyk we medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözläliň!
Biziň ýurtlarymyzyň ýene-de bir umumy gyzyklanma ugry bar. Amerikanyň milli seýilgähleri tebigy baýlyklary rejeli ulanmaga we tebigaty goramaklyga ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Tebigaty goramak bilen at alan Prezident Teodor Ruzwelt öz ygtyýarlyklaryna daýanyp ABŞ-nyň Tokaýçylyk Gullugyny esaslandyryp 150 sany milli tokay-seýilgählerini, 18 sany milli ýadygärlikleri we 5 sany milli seýilgähleri döretdi.
Şu ýylyň ýagdaýy bilen – Milli seýilgähler gullugynyň ýüz ýyllygynda, Amerikanyň milli seýilgähler ulgamyna umumy meýdany 200 müň km2 bolan 59 goraghana girýär. Tebigy baýlyklarymyzdan söz edemizde olary geljekki nesiller üçin gorap saklamalydygymyz elmydama ýadymyzda bolmalydyr.
Şeýlelikde, bu gün täze tanyşlyklar edineniňizde ýa-da tanyşlaryňyz bilen gürrüňdeş bolanyňyzda zalymyzyň dürli ýerlerinde goýlan suratlara syn edip ýazgylaryny okamaga wagt aýyryň. Olar milli seýilgähleriň taryhy barada has doly maglumat berýär.
Bu gün biz sizi milli seýilgählerimiz ýaly köpdürli, Amerika mahsus bolan tagamlary dadyp görmäge çagyrýarys. Siziň bilşiňiz ýaly, köp seýilgählerde doly enjamlaşdyrylan restoranly awçy öýleri we zyýaratçylar merkezleri bar. Meniň maşgalam Enn we aşpezimiz Aýlar “Ýyldyz” myhmanhanasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde şu baýramçylyk çärämiz űçin milli seýilgählerimizi ýatladýan tagamlary taýýarladylar. Täze Angliýanyň esasy tagamy bolan deňiz mollýusklaryndan taýýarlanan “Çauder” çorbasyny, Amerikanyň gűnorta-günbatar ştatlaryna mahsus bolan gara noýbaly işdäaçaryny dadyp görűň. Bu gün agşam sizi iň oňat amerikaly däpleri boýunça awçynyň öýünde agşamlyk naharyna çagyrýarys.
Baýramçylyk çärämize gelip, bize goşulandygyňyz üçin size ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin. Prezident Donald Trampyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan sizi ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gűni mynasybetli gutlaýaryn. Goý, azatlyk howasy diňe biziň ýurdymyzda däl, eýsem tutuş dünýäde öwüssin!