Çarşenbe güni, 15-nji martda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Мettýu S. Klimow ABŞ-nyň baýramçylygyny bellemek mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine bardy. ABŞ-da her ýyl bellenilýän Prezidentler güni ýurduň öňki liderlerini hormatlaýar. Ilçi Klimow talyplara bu baýramcylygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
“Geçmişimizdäki beýik liderlerlerimiz we olaryň goldap çykyş eden ýörelgeleri hakda oýlanmak hiç wagt şu günki döwürdäkiden has wajyp bolmandy. Bu prezidentleriň eýeren ugurlary we kabul edilmegi uçin goldaw beren kanunlary häzirki döwürde ýaşaýan demokratiýamyza ýol açdy. Bu çäräniň üsti bilen diňe bir Amerikanyň taryhy barada däl-de, eýsem liderlik we jogapkärçilik barada hem öwrenip bilersiňiz diýip umyt edýärin. ”
Ilçi Klimow bu duşuşygy guramaga eden ýardamy üçin uniwersitete we rektor Esen Aýdogdyýewe minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, iňlis dilini öwrenmek boýunça gollanmalary we ABŞ-nyň prezidentleri baradaky kitaplary uniwersitete sowgat berdi.