Ilçi Mastard Lebap welaýatyna sapar edýär

Ilçi Mastard XII asyrda gurlan we häzirki wagtda dikeldiş işleri Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak gaznasynyň maliýe kömegi bilen amala aşyrylýan Daýahatyn kerwen saraýyna zyýarat edýär

4-nji iýunda ilçi Allan Mastard Lebap welaýatyna bir günlük iş sapary bilen bardy. Sapar döwründe ilçi Lebap welaýatynyň häkimi Muhammet Joraýew bilen duşuşyp, sebitara ykdysady ösüşi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykdan soň ilçi Ýüpek ýolunuň ugrunda XII asyrda gurlan Daýahatyn kerwen saraýyna zyýarat etdi. Bu kerwensaraýyň dikeldiş işleri Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak gaznasynyň (AFCP) maliýe kömegi bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem ilçi Mastard Türkmenabat şäherindäki Amerikan burçuna sapar edip, 30-dan gowrak bolan burçuň myhmanlary we ABŞ-nyň hökümetiniň alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary bilen duşuşdy. Ol özüniň işi we durmuşy, ABŞ-a syýahat etmek hem-de ilçihananyň maksatnamalary barada ençeme soraglara jogap berdi. Bu sapar ilçi Mastardyň Lebap welaýatyna ilkinji gezelenji boldy.