“Mariachi Champaña Nevin” amerikan saz topary Türkmenistanа saparyny tamamlady

2019-nji ýylyň 2-nji apreli, Aşgabat – “Mariachi Champaña Nevin” amerikan saz topary Türkmenistana saparyny 29-njy marta Aşgabatda geçirilen şowhunly konsert bilen tamamlady. “Mariachi Champaña Nevin” topary mart aýynyň 24-31-i aralygynda birnäçe seminar we konsert geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldi. Seminarlar we konsetler ABŞ-nyň döwlet departamentiniň we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maliýe golwady bilen geçirildiler.

Kaliforniýa statynyň San-Diýego şäherinden bolan, “Mariachi Champaña Nevin” saz topary “mariaçi” äheňinde sazlary ýerine ýetirýär. “Mariaçi” äheňi özboluşly saz gurallary, aýdym ýerine ýetirilişi we egin-eşikleri bilen häsiýetlendirliýär. Profesör, kompozitor we tüýdükçi bolan filosofiýa ylymlaryň doktory Jef Newiniň baştutanlygynda, “Mariachi Champaña Nevin” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Meksikada, Gazagystanda, Russiýada, Günorta Koreýada we beýleki döwletlerde ençeme ýyllaryň dowamynda çykyş etdi.

Türkmenistanda “Mariachi Champaña Nevin” saz topary Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Owezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuýjylary üçin birnäçe seminar we Aşgabat şäherinde Amerikan merkezinde sazly prezentasiýa geçirdiler. Saz topary Balkanabatda, Türkmenbaşyda we Aşgabatda üç konsert geçirdi. Aşgabat şäherinde bolup geçen konsertde hem Amerikanyň günorta-günbatarynyň sazlary hem-de Türkmen sazlary ýaňlanyp, “Mariachi Champaña Nevin” we “Aşgabat” saz toparynyň bilelikdäki çykyşy ýer aldy. 1850 tomaşaçy konsertlere, seminarlara we prezentasiýalara gatnaşdy.

Saz toparynyň ýolbaşçysy doktor Jef Newin şeýle belledi: “Men şu hepdäni Türkmenistanda geçirenime örän şat.  Adamlar örän hoşniýetli we aýdym-saza açyk. Meniň birnäçe Türkmen sazandalaryny diňleme pursatym boldy. Şeýle hem biz bilelikde biziň sazlararymyzy ýerine ýetirdik”. ABŞ-nyň Türkmenistandaki ilçisi Allan Mastard şeýle diýdi: “ Tomaşaçylar bu saz toparyny hoşallyk bilen garşy aldylar. Bu saz toparynyň ýolbaşçysy aýdym-saz ugry boýunça doktor derejesine eýe bolan bir professor. Ol medeni maksatnamamyzyň çäklerinde mariaçi barada bilimini paýlaşdy”.

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.