Amerikan we türkmen mugallymlary iňlis dilini öwretmegiň soňky tendensiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän TESOL konferensiýasy geçen hepde Aşgabatda tamamlandy. Türkmenistanyň dürli künjeginden 250 iňlis dili mugallymy we Halkara TESOL birleşiginiň amerikan hünärmenleri Halkara ynasanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bu çärä gatnaşmak üçin ýygnandylar. Bäş günüň dowamynda, täze tehnologiýalardan başlap, inkluziw synp tejribelerine çenli dil öwrenmekdäki iň täze innowasiýalar boýunça seminarlar geçirilip, konferesiýa gatnaşyjylar iňlis dilini öwretmekde innowasion usullar barada tejribe alyşdylar.

Konferensiýany ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kuliýewa we Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimow bilelikde açdylar.

“Mugallymlar hökmünde häzirki dünýä ykdysadyýetinde iňlis diliniň ähmiýetini bilýärsiňiz. Öňümizdäki bäş günüň dowamynda iň täze usulyýetler, iň täze innowasiýalar we dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmekde ýüze çykýan meseleler barada eşidersiňiz”-diýip, Ilçi Klimow 8-nji ýanwardaky açylyş dabarasynda belledi.

Ilkinji gezek geçirilýän bu konferensiýa ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda bilim pudagynda, esasanam, iňlis dilini öwretmekde dowam edýän hyzmatdaşlyga esaslanýar. Bu hyzmatdaşlyk alyş-çalyşlary, seminarlary we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda ABŞ-ly professorlaryň mugallymçylyk işini hem öz içine alýan dürli formatlarda amerikan we türkmen hünärmenlerini bir ýere jemleýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov