Sizi Ari Rolandyň jazz kwartetiniň ýerine ýetirmeginde amerikan jazz sazlarynyň konsertine çagyrýarys! Kwartet şu ýylyň iýun aýynyň 27-sinden 30-y aralygynda Türkmenistanda üç şäherde – Maryda, Türkmenabatda we Aşgabatda – çykyş eder.
Ari Roland jaz saz topary dört sany Nýu-Ýorkly jaz sazandalaryndan ybaratdyr. Olar: Ari Roland-basçy, Jon Moska-trombon, Zaid Nasser-alt-saksofonçy we Kit Balla-deprekçi. Toparyň ýolbaşçysy Ari Roland üçin bu eýýäm Türkmenistana altynjy sapar bolar.
Konsertler üçin giriş mugt we hemmeler üçin açykdyr. Aşakda konsertleriň wagtlary we ýerleri berilendir hem-de olaryň PDF görnüşindäki bildirişlerini (PDF 605 KB) ýükläp alyp bilersiňiz. Sizden isleg bildirýänleriň sanynyň köplügi sebäpli ýer almak üçin ir gelmelidigini maslahat berýändigime üns bermegiňizi haýyş edýäris; myhmanlaryň sany her bir teatrda tomaşaçylar üçin niýetlenen ýerleryň sanyna görä berk çäklendiriljekdir.
ş. Mary
2019-njy ýylyň 27-nji iýuny, sagat 18:30-da
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry
ş. Türkmenabat
2019-nji ýylyň 28-nji iýuny, sagat 18:30-da
Leýap welaýatynyň S. Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry
ş. Aşgabat
2019-njy ýylyň 30-njy iýuny, sagat 18:00-da
Ari Rolandyň jazz kwartetiniň we türkmenistanly sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde amerikan jazz sazlarynyň konserti
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezi