Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 26-syna, anna güni Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny, şeýle hem awtoulaglaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.
Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirip, auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwa çykarylan emläk şol günki ýagdaýy bilen satylýar.
Auksiona gatnaşmak hemmeler üçin açykdyr.