Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2021-nji ýylyň maý aýynyň 12-sine, çarşenbe güni, auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Auksion geçiriljek ýere girmek rugsady 30 minutlyk wagt aralygynda 30 adam bilen çäklener. Wagt aralyklary irden sagat 9-da bellenilip başlar. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter, öý enjamlaryny şeýle hem bir Chevrolet Suburban awtoulagyny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün/wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.
Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirip, auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwa çykarylan emläk şol günki ýagdaýy bilen satylýar.