Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 9-yna, anna güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter, öý enjamlaryny şeýle hem bir Chevrolet Suburban awtoulagyny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün/wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.
Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirip, auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwa çykarylan emläk şol günki ýagdaýy bilen satylýar.