ABŞ-nyň ilçihanasy 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda generator satar

Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda anna güni auksion geçirýär. Auksionda Ilçihananyň Baş hyzmatlar bölümi tarapyndan bir generator satylar. Ýeňijä şol gün töleg we ýygnamak çäreleri üçin telefon arkaly habar beriler.

Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Auksion geçiriljek ýere girmek rugsady 30 minutlyk wagt aralygynda 30 adam bilen çäklener. Wagt aralyklary irden sagat 9-da bellenilip başlar.

Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirip, auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwa çykarylan emläk şol günki ýagdaýy bilen satylýar.