Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy iýun aýynyň 23-ine anna güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol günüň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün hem-de wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.
Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny tassyklaýan resminama getirip, auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwa çykarylan emläk şol günki ýagdaýy bilen satylýar.
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň 23-nji iýunynda geçirlen auksionyň jemleýjisi (PDF 272 KB).