USAID-iň administratorynyň kömekçisiniň orunbasary Türkmenistana birinji resmi saparynda söwda we hyzmatdaşlyga ýardam berýär

2018-nji ýylyň 14-nji iýuny, Aşgabat şäheri – ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi we Günorta Aziýa boýunça administratorynyň kömekçisiniň orunbasary jenap Hawiýer Piýedra Merkezi Aziýa ilkinji iş saparynyň dowamynda Türkmenistana geldi. Jenap Pýedra USAID-iň taslamalarynyň maýa goýum klimatyny berkitmek we hususy pudaga ýardam bermek arkaly Türkmenistana nähili bähbit berýändigine iş üstünde göz ýitermek üçin Türkmenabada ...
Dowamy»

USAID Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryna goldaw berýär

2018-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat şäheri – Düýn ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryň dolandyryş işlerini ýokarlandyrmak hem-de olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen işläp taýýarlan bäş günlik iş maslahatyny tamamlady. Söwda senagatynyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin Türkmenistan birnäçe uly göwrümli infrastruktura taslamalaryny gurnady, ýöne ýerli ulag we logistika kompaniýalar netijeli dolandyryş ...
Dowamy»

USAID telekeçilere Türkmenistanda eksporty ýokarlandyrmaga ýardam berýär

Aşgabat, 2018-nji ýylyň mart aýynyň 28-i,– ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligiň Merkezi Aziýada “Halkara bäsdeşlige ukyplylygy we söwdany ösdürmek we iş ýerleri döretmek” meýilnamasy we Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda ýerli telekeçiler üçin eksport ukyplaryny ýokarlandyrmak maksady bilen seminar geçirdi. Türkmenistanly telekeçiler öndüren önümlerini eksport etmek arkaly girdeýjilerini ýokarlandyrmagy we daşary ýurt walýutasyny gazanmagy ...
Dowamy»

Döwlet sekretarynyň orunabasary Salliwanyň beýannamasy

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Metbugat sekretarynyň edarasy Bada-bat ýaýratmak üçin 2018-nji ýylyň 19-njy marty Baharyň gelmegi bilen, men Eýran halkyna we bu ajaýyp däbi belleýän hemmelere mübärek Nowruz arzuw edýärin. Şu gün men iň ýagşy arzuwlarymy ABŞ-da, Owganystanda, Azerbeýjanda, Hytaýda, Gruziýada, Hindistanda, Eýranda, Irakda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Päkistanda, Russiýada, Siriýada, Täjigistanda, Türkiýede, Türkmenistanda, Özbegistanda we dünýäniň ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy 2018-njy ýylyň 30-njy martynda auksion geçirýär

Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2018-nji ýylyň mart aýynyň 30-yna, anna güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek ...
Dowamy»

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw maksatnamasy!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin FLEX maksatnamasynyň 2018-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2018-2019-njy okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy milli saz ýazgylaryny geljek nesiller üçin gorap saklamaga goldaw berýär

Aşgabat, 2017-nji ýylyň 29-njy noýabry – Düýn ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Keými Witmer Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasy bilen bilelikde  ýerine ýetirilen we türkmen milli saz ýazgylaryny gorap saklamaga hem-de sanly ýazga geçirmäge gönükdirilen taslamanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy. 2012-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Milli konserwatoriýasyna bu ýitip barýan sazlary geljek nesiller we saz mekdepleri bilen  beýleki ...
Dowamy»

Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçy işini dowam edýär

ABŞ-nyň Ilçihanasy we hyzmatdaşlary Amerikan Burçunyň on bäş ýyllygyny döwrebap dizaýnly mekanda bellediler Aşgabat ş., 2017-nji ýylyň 14-nji noýabry – 1-nji noýabrda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard öz işini döwrebap mekanda dowam etjek Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçunyň gapylaryny köpçülige täzeden açan dabarasyna gatnaşdy. Şol gün, ýylda 12 müňden gowrak myhman kabul edýän Daşoguz şäheriniň Amerikan Burçunyň ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň “FLEX” maksatnamasy barada beýannamasy

Her güýz ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşligi bilen bilelikde Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny “FLEX” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýardy. 2016-njy ýylda müňden gowrak mekdep okuwçysy 2017-2018-nji okuw ýylyny ABŞ-nyň orta mekdepleriniň birinde okamaga mümkinçiik berýän 25 orna dalaş etdiler. Geçen ýyl Amerikan Geňeşligi  sentýabr bilen noýabr aýlarynyň aralygynda Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Tejen we Türkmenbaşy şäherlerinde ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinyň bilelikdäki beýannamasy

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri üçin Maglumat Press-sekretaryň edarasy Waşington, Kolumbiya okrugy 2017-nji ýylyň 11-nji noýabry Şu gün Prezident Donald Tramp we Prezident Wladimir Putin Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň çäklerinde duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda iki lider Siriýadaky DAEŞ terrorçylyk guramasyny ýeňmäge bolan ygrarlylygyny tassykladylar. Olar ABŞ-nyň we Russiýanyň ...
Dowamy»

“DV-2019” lotereýasy üçin arzalary kabul etmegiň täze möhleti

Tehniki kinçylyklar sebäpli, “DV-2019” lotereýa arza doldurylyş möhleti täzeden yglan edildi we 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ine çenli tabşyrylan ähli arzalar gaýtadan doldurylmalydyrlar. Biz “DV-2019” lotereýasynyň gatnaşyjylaryna ýüze çykan bu oňaýsyzlyklar üçin öz gynanjymyzy bildirýäris. Arza tabşyrylyş düzgüniniň adalatlylygyny we hemme gatnaşyjylaryň maglumatlarynyň goraglylygyny kepillendirmek üçin biz bu ýylky (“DV-2019”) arza kabul ediş tapgyryny täzeden ...
Dowamy»

«DV-2019» Immigrasia lotereýasyna gatnaşyjylara gözükdiriji

Her ýyl geçirilýän “DV“ lotereýasy ABŞ-na immigrasiýa derejesi pes ýurtlaryň ýaşaýjylary 50000 adama ABŞ-da hemişelik ýaşamak hukugyny berýär. Bu lotereýanyň ýeňijileri kompýuter arkaly saýlanýar. Ýeňijileriň uly göterimi (7%) ABŞ-na immigrasiýa görkeziji iň pes ýurtlarda doglan adamlaryna berilýär. Aşakdaky görkezilen ýurtlarda doglan adamlar DV-2019 wiza lotereýada gatnaşyp bilmeýärler, sebäbi şol ýurtlardan immigrasiýa baran adamlaryň sany soňky ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek üçin maliýe goldaw berýär

Aşgabat, 30-njy awgust, 2017 ý. – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard şu gün Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligine Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän we deňi-taýy bolmaýan Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we gorap saklamak üçin $72 560 amerikan dollary möçberinde baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu baýragyň kömegi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy we beýleki ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Goňur-depe ýadygärliginde tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamak we dikeltmek üçin goldaw berýär

Aşgabat, 16 awgust, 2017 ý. – 2017 ýylyň 14-nji awgustynda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýi bilen bilelikde ýerine ýetirilen we Türkmenistanyň arheologiki ýadygärligi bolan Goňur-depede tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamaga, dikeltmäge hem-de täzeden gurnap sergä taýýarlamaga gönükdirilen taslamanyň tamamlanyş dabarasyna gatnaşdy. 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýine bu ...
Dowamy»

ABŞ we Türkmenistan salgyt boýunça maglumat alyşma barada ylalaşyga gol çekdiler

Aşgabat, 2017-nji ýylyň 28-nji iýuly – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard we Türkmenistanyň Maliýe ministri Goçmyrat Myradow ABŞ-nyň “Daşary ýurtlarda maliýe edaralarynda bar bolan hasaplar boýunça salgyt hasabatlylygy hakyndaky” kanunyň (FATCA) düzgünnamalaryny durmuşa geçirmek baradaky Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Bu ylalaşyk daşary ýurtlarda maliýe edaralaryndaky hasaplar boýunça salgyt tölemekden boýun gaçyrýanlaryň öňüni almak babatynda barha artýan ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde Ilçiniň sözlän sözi

Siziň Alyhezretiňiz, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Nurberdiyewa, hormatly kärdeşler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Biziň baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin sag boluň. Türkmen-Amerikan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyga ygrarlylygy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Donald Trampa minnetdarlygymy bildirýärin. Men şu çärämize howandarlyk eden kärhanalara sag bolsun aýdasym gelýär. Bu kompaniýalaryň ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişinde täze amerikan kinolary hödürleýär

Aşgabat, 2017-nji ýylyň 30-njy iýuny – 1-nji iýulda ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini başlap, tomaşaçylara üç täze amerikan blokbasterleri görkezer. Ilçihana kinolary Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherleriniň kinoteatrlarynda görkezer. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri kinolary tanyşdyryp, tomaşaçylary görkezilişden öň we soň garşy alarlar. “Gelip ýetmek” – baş rollarda Emi Adams we Jeremi Renner bolan ...
Dowamy»

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy sirk sungatynyň üsti bilen ösdürmek

2017-nji ýylyň 30-njy maý – 5-nji iýun aralygynda ABŞ-dan gelen üç sirk sungatynyň hünärmenleri Türkmenistanyň sirk sungaty hünäri boýunça tälim berýän ýeke-täk ýokary okuw jaýy bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin bir hepdelik giňişleýin hünär okuwyny geçirdiler. Mundan daşary, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ussat sirk artistleri bilen işleşmegi hem öz içine aldy. Bu üstünlikli hyzmatdaşlyk ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy 2017-njy ýylyň 23-nji iýunynda auksion geçirýär

Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy iýun aýynyň 23-ine anna güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol günüň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün hem-de wagt ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň iňlis dili mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmak üçin okuw maslahatyny geçirdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň bilim ministriligi bilen bilelikde Iňlis dili mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmak üçin iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Bu okuw maslahaty 2017-nji ýylyň maý aýynyň 20 we 21-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Maslahatyň esasy sapaklaryny iňlis dilini okatmak boýunça üç amerikan hünärmenleri alyp bardy we olar özleriniň bilim bermek tejribelerini we ...
Dowamy»

Amerikan saz mugallymlary 200 sany türkmen sazandalaryny okadýar we bilelikde çykyş edýär

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 15-nji dekabry – Dört sany nusgawy sazyny çalýan amerikan sazandalary we saz mugallymlary Derek Bekwold, Kim Maý Nian, Piter Toresen we Eýweri Weýt 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň 14-den 24-i aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň talyplaryny okadar we bilelikde baýramçylyk konsertini berer. Mugallymlar nusgawy saz, wokal, kompozisiýa we dirijýor bölümleri üçin ussatlyk sapaklaryny ...
Dowamy»

“Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” tarapyndan maliýeleşdirilen Änewdäki metjidiniň mozaika bezeglerini dikeltmek boýunça taslama

12-nji awgustda ilçi Mastard “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” maksatnamasynyň çägindäki Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň taslamasynyň tamamlaýyş dabarasyna gatnaşdy. Bu taslama boýunça Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýän XV asyra degişli bolan Seýit Jemalletdiniň metjidiniň mozaika bezegli we epigrafiýaly portalyny rejeläp dikeltmek boýunça başlanan işler tamamlandy. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi “Ilçiniň gaznasy” maksatnamasy çäginde ...
Dowamy»

Aýdym-saz maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyny belleýär we “C5+1” sebitara arabaglanyşygy nygtaýar

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 7-nji oktýabry  – Ertir, 8-nji oktýabrda sagat 19:00-da, Merkezi Aziýadan we ABŞ-dan gelen 24 sany sazandalar we kompozitorlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynynyň şanyna çykyş ederler. Bu “Bilelikde saz çalmak: Merkezi Aziýa-ABŞ hyzmatdaşlygyny baýram etmek”  atly saz maksatnamasy 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy nobatdaky iňlis dil okuw maksatnamasynyň ýapylyş dabarasyny geçirdi

2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 30-na ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hukuk goraýjy edralaryň işgärleri üçin iňlis dilini okatmak maksatnamasynyň 10-njy okuw tapgyrynyň ýapylyş dabarasyny geçirdi. Ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezinde geçirildi. Türkmenistanyň 9 döwlet edaralaryndan 50-den gowrak işgärleri şol okuwyň şu ýylda geçirilen 10-njy tapgyryna gatnaşdylar. Bu okuw soňky döwrebap okuw esbaplar we metodikalar ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň milli mirasyny gorap saklamaga kömek edýär

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 29 awgusty – Şu gün ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligine 2016-njy ýylyň “ Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň çäginde $85,600 amerikan dollary möçberinde baýragyny dabaraly gowşurýar. Gutlag dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şu gün 29-njy awgustda sagat 15:00-da ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastardyň , ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärleriniň, Türkmenistanyň hökümetiniň AFCP ...
Dowamy»

USAID BAE arkaly eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmekde Türkmenistana goldaw berýär

2016-njy ýylyň 20-26-njy awgusty aralygynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) türkmen harytlarynyň halkara satyn alyjylar üçin elýeterliligini artdyrmak maksady bilen olary BAE-niň Dubaý şäheriniň ammarlarynda haryt saklamak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň dört sany wekili üçin Dubaý şäherine iş saparyny gurnady. Sapara gatnaşyjylar ammarlaryň operatorlary, logistika we ulag kärhanalary, gozgalmaýan emläk agentlikleri, ...
Dowamy»

Ýokary synp okuwçylary üçin FLEX maksatnamasy

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ýokary synp mekdep okuwçylary üçin “FLEX” maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşigiň başlanandygy barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2017-2018-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikan mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Maksatnama dolulygyna ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Açyk bäsleşige gatnaşmaga 1999-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2001-njy ýylyň maý aýynyň 31-i ...
Dowamy»

Ilçi Allan Mastardyň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni barada çykyşy

“Arçabil” myhmanhanasy 2016-njy ýylyň 1-nji iýuly, 20:00 Siziň Alyhezretiňiz, Daşary işler ministriniň orunbasary Nyýazlyýew, hormatly kärdeşler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Biziň baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär! Şeýle-hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemişe ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklara egsilmez goldaw berýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygymy bildirýärin. Elbetde, men ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişi bilen amerikan medeniýetini paýlaşýar

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 8-nji iýuly – 9-njy iýulda ABŞ-nyň ilçihanasy özüniň her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini başlaýar we Türkmenistanyň dürli şäherlerinde amerikan kinosungatynyň iň ajaýyp eserlerini hödür edýär. Şu ýylda görkezilişiň çäginde çagalar we ulular üçin niýetlenen we hemmeler üçin gyzykly boljak amerikan sungatyny we medeniýetini beýan edýän filmleriň birnäçesi görkeziler. Filmleriň ählisi rus ...
Dowamy»

Möhüm bildiriş

Birleşen Ştatlarda okamak, işlemek we syýahat etmek bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň ähli raýatlary we ýaşaýjylary! ABŞ-nyň ilçihanasy ýaňy-ýakynda ilçihananyň adyndan çykyş edýän hilegär adamlar tarapyndan ýalan maglumatlaryň ýaýradylýandygy barada duýdurýar. Bu adamlar okuw we syýahat etmek mümkinçilikleri barada ýalňyş maglumatlary ýaýradyp, öz hyzmatlary üçin pul tölegini talap edýärler. Ilçihana bolsa, konsullyk hyzmatlaryndan başga, ähli gyzyklanýan adamlara özüniň ...
Dowamy»

Ilçi Allan Mastard ABŞ-nyň Türkmenistanda neşe serişdelerine garşy göreşde uzak wagtlyk hyzmatdaşlyga borçlanýandygyny nygtaýar

2016-njy ýylyň 23-27-nji maýynda, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Halkara neşe serişdelerine garşy göreş we hukuk goraýyş müdirligi we ABŞ-nyň Ýustisiýa ministrliginiň neşe serişdelerine garşy göreşmek müdirligi Aşgabatda Neşe serişdelerine garşy göreşmek bölümleriň serkerdeleri üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük we Migrasiýa gulluklarynyň işgärleri üçin okuwyny geçirdi. Bu okuwyň maksady Türkmenistanyň hukuk goraýjy we beýleki ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy 2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda auksion geçirýär

Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy iýun aýynyň 10-yna, anna güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün wagt ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň kinosenagatyny ösdürýär

Iki sany at gazanan kinodöredijilik bilermenleri, režisýor Stiwen (Sendi) Smolan we kinematografçy Kristofer Çomin, “Amerikan filmleriniň görkezilişi” atly medeni maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäherine 20-25 maý aralygynda sapar edip, kinematograf hünärmenleri bilen öz tejribesini paýlaşarlar. Bu iki kinematografçy ilçihananyň Maglumat serişdeler merkezinde (MSM) we “Aşgabat” kinoteatrynda köpçülik üçin filmleri görkezip, aşakdaky tertip boýunça çykyş ederler: MSM ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy amerikan klassyky edebiýatynyň kömegi bilen türkmen dilini öňe sürýär

Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard türkmen diline terjime edilip, çap edilen iki sany çagalar üçin niýetlenen amerikan kitaplary bilen tanyşdyrýar. 2015-nji ýylda türkmen dilinde çap edilen “Şarlotyň kerebi” atly kitabynyň üstünligine daýanyp, ABŞ-nyň ilçihanasy amerikan awtory bolan Lora Inglz-Waýlderiň “Daýhan oglan” we “Uly tokaýdaky kiçijik jaý” atly iki kitabyny terjime edip, çap etdi. ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda 2016-njy ýylyň 11-nji aprelindäki geçirilen auksionyň ýeňijileri

Lot 1: Mercedes Sprinter Truck Berilen baha 25.000 manat. Lot 2: Toyota Hilux Berilen baha 35.000 manat. Lot 3: Toyota Land Cruiser Berilen baha 77.000 manat. Lot 4: Ätiýaçlyk şaýlary – Chevrolet Suburban Berilen baha 2.020 manat. Lot 5: Ätiýaçlyk şaýlary – Cadillac Deville Berilen baha 3.000 manat.
Dowamy»

Türkmenistan Nýu-Ýork şäheriniň Metropoliten sungat muzeýine muzeý gymmatlyklary wagtlaýyn berýär

Nýu-Ýork şäheriniň Metropoliten sungat muzeýiniň (MET) iki wekili, Yslam sungaty bölüminiň kuratorynyň orunbasary Martina Rugiadi we konserwator Ýanis Mandrus aprel aýynyň 6-13 aralygynda Seljuklar eýýamyna degişli ondan gowyrak muzeý gymmatlyklaryny Türkmenistandan Nýu-Ýork şäherine taýýarlap ugratmak üçin Aşgabada geldiler. 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 27-den iýul aýynyň 24-ne çenli MET muzeýinde “Köşk we onuň düzgün ulgamy: Seljuklaryň ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2016-njy ýylyň 11-nji aprelinde auksion geçirýär

Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy aprel aýynyň 11-ine, duşenbe güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 9:00-dan başlap 11: 00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi üç sany awtoulagy we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habardar ediler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmaly. Satyn ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Albukerke we Aşgabat şäherlerde ýerleşýän uniwersitetleriniň we kollejleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýär

14-16-njy mart aralygynda Albukerke we Aşgabat şäherlerinde ýerleşýän uniwersitetleriniň we kollejleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Nýu-Meksiko ştatyndan üç amerikan professorlardan ybarat bolan wekilçilikli topary Türkmenistana sapar etdi. Bu wekilçilikli topara Nýu-Meksiko uniwersitetiniň mehaniki inženerçilik bölüminiň aspirantura maksatnamalarynyň müdiri Ýu-Lin Şen, “RoboRAVE International” guramasynyň müdiri we “Inquiry Facilitators” edaranyň prezidenti Russ Fişer-Aýws hem-de Merkezi ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy üstünlikli saz öwretmek maksatnamasyny dowam edýär

Üç amerikan mugallymlary Piter Toresen, Derek Bekwold we Eýweri Weýt mart aýynyň 7-i we 14-i aralygynda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasy bilen hünär we medeni alyş-çalyş maksatnamasy esasynda Aşgabada sapar etdiler. Mugallymlar Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary hem-de  mugallymlary we şol sanda nusgawy saz, wokal, kompozisiýa we dirijýor bölümleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Şeýle hem bu mugallymlar maksatnamanyň ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmen ýaşlarynyň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) bilimlerini öwrenmegini öňe sürýär

Şu gün, amerikan mugallymy we alymy Karen Piterson ABŞ-nyň ilçihanasy bilen bilelikde ýaşlaryň takyk we tehniki ylymlary, tehnologiýalary we matematika (STEM) bilimlerini öwrenmegini öňe sürýän ýedi günlik maksatnamany başlaýar. 29-njy fewral -5-nji mart aralygynda Karen Piterson Aşgabat şäheriniň 6-njy we Ruhnama mekdeplerinde ussatlyk sapaklaryny geçirer. Mundan başga-da, Karen Piterson ilçihananyň Maglumat we serişdeler merkezinde birnäçe ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň okuw jaýlarynyň ösüşine goldaw berýär

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň okuw jaýlarynyň ösüşine goldaw berýär (2016-njy ýylyň 24-nji fewraly)Aşgabat, 2016-njy ýylyň 24-nji fewraly – Ylymlaryň doktory professor DeÝang (ABŞ) Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde Fulbraýt maksatnamasynyň çäginde üç hepde iş saparyny geçirýär. 15-nji fewraldan 4-nji marta çenli doktor DeÝang Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň sosiologiýa ylymlaryny okatmagyň maksatnamasyny işläp düzýän ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasynyň saz maksatnamasy Türkmen ýerine ýetirijileri bilen medeniýet we bilim paýlaşýar

Şu gün ABŞ-nyň “Company E” atly häzirki zaman saz we tans topary Türkmenistandaky kärdeşleri bilen bilimlerini paýlaşmak üçin ussatlyk sapaklaryny we çykyşlaryny başlaýar. Bu maksatnama bilelikdäki türkmen-amerikan konserti bilen 27-nji fewralda tamamlanar. ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde esaslanan “Company E” beýik horeograflary, tansçylar, sazandalar we aýdymçylar bilen halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. “Company E” häzirki zaman ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirilýän gyşky film görkezilişi arkaly amerikan medeniýetini paýlaşýar

2016-njy ýylyň 3- nji ýanwarynda ABŞ-nyň ilçihanasy özüniň her ýyl geçirýän gyşky filmler görkezilişini başlaýar we Türkmenistanyň dürli şäherlerinde amerikan kinosungatynyň iň ajaýyp eserlerini hödür edýär. 2016-njy ýylda görkezilişiň çäginde çagalar we ulular üçin niýetlenen we hemmeler üçin gyzykly boljak amerikan sungatyny we medeniýetini beýan edýän filmleriň birnäçesi görkeziler. Filmleriň ählisi rus dilinde görkeziler. Giriş ...
Dowamy»

Birleşen Ştatlar Türkmenistanda mobil tehnologiýalaryň we elektron hyzmatlaryň işjeňleşmegine ýardam berýär

Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID), Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary (MAT) çӓginde halkara derejesinde gazanylan öňdebaryjy tejribeleri we innowasiýalary bilen Türkmenistanyň döwlet işgärlerini tanyşdyrmak maksady bilen iki günlik okuw maslahatyny geçirmegi başlady. Bu okuw maslahaty durnukly ykdysady ösüşi ýola goýmakda döwletiň öňünde goýan wezipelerini we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin döwlet ...
Dowamy»

Birleşen Ştatlar saz maksatnamasy arkaly bilim we tejribe paýlaşýar hem medeni aragatnaşygy goldaýar

Üç amerikan mugallymlary Aýra Spolding, Derek Bekwold we Eýweri Weýt 14-18-nji dekabrda hünär we medeni alyş-çalyş maksatnamasy esasynda Aşgabada sapar edýär. Mugallymlar Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary we şol sanda klassyky saz, wokal, kompozisiýa we dirijýor bölümleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Mugallymlar ilçihananyň Maglumat serişdeler merkezinde jäm seşn we saz bilen tanyşdyrma sapagyny hem ...
Dowamy»

Prezident Berdimuhamedow bilen duşuşykdan öň bellikler

Sekretar Kerri: Jenap Prezident, bizi kabul edeniňiz üçin örän minnetdar. Men bu ýere gelendigime örän şat, we meniň pikirimçe men 1992-nji ýylda Sekretar Jim Beýkeriň saparyndan soň ilkinji gezek gelen Döwlet sekretary. Bu iki saparyň arasyna diýseň uzak ara düşüpdir. Şonuň üçin, öňümizdäki ýylyň içinde Türkmenistana dolanyp gelip, ýurduňyzy görmäne we şu gepleşiklerimizi dowam etmäne ...
Dowamy»

ABŞ iňlis dilini okatmak maksatnamasy arkaly Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryny goldaýar

2015-nji ýylyň oktýabr aýynyň 30-yna ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin iňglis dilini okatmak maksatnamasynyň 9-njy okuw tapgyryň ýapylyş dabarasyny geçirdi. Ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Okuw merkezinde geçirildi. Okuwyň şu ýylda geçirilen 9-njy tapgyryna Türkmenistanyň on sany dürli hukuk goraýjy edaralaryndan 50-den gowrak işgär gatnaşdy. Maksatnamanyň maksady iň soňky döwrebap okuw ...
Dowamy»

Döwlet sekretary Wiena, Bişkege, Samarkanda, Astana, Duşenbä we Aşgabada sapar edýär

Döwlet sekretary Jon Kerri Awstriýa, Gyrgyzystana, Özbegistana, Gazagystana, Täjikistana we Turkmenistana 28-nji oktýabrdan 3-nji noýabra çenli sapar edýär. Wena şäherinde Döwlet sekretary Kerri Siriýa döwletinde bolup geçýän krizisi ara alyp maslahatlaşmak özüniň daşary ýurt egindeşleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirer. Soňra Döwlet sekretary Bişkek, Samarkand, Astana, Duşenbe we Aşgabat şäherlerine şol ýurtlaryň ýokary hökümet ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çykyşy

Prezident Obamanyň we Birleşen Ştatlaryň halkynyň adyndan men Türkmenistanyň halkyny ýurduň garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk dabarasy bilen gutlaýaryn. Garaşsyzlygy gazanmagyň guwançy gününden başlap, Birleşen Ştatlar Türkmenistan bilen sebitara durnuklylyk, energiýa howpsuzlygy, bilim we ykdysady ösüş babatynda meseleleriň giň gerimi boýunça ýakyndan işleşip gelýärler. Şu aýda ilçihananyň jaýlarynyň täze toplumynyň hem-de amerikan mekdebiniň düýpleriniň tutulmagy biziň geljekki ...
Dowamy»

Her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlar

Şu gün ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi hanym Nişa Biswal Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlara gatnaşýan Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň toparyny garşy aldy. Türkmen toparyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow baştutanlyk edýär. 2009-njy ýylda esaslandyrylan her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlar birek-birege bolan ynamy berkitmäge we ähli ugurlarda ikitaraplaýyn we ...
Dowamy»

Ilçi Allan Mastardyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň düýbini tutmak dabarasynda etjek çykyşynyň hödürlenen görnüşi

Jenap Abilow, hormatly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, salam we hoş geldiňiz! Şu gün ABŞ-nyň Ilçihanasynyň täze binasynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşyp bilendigiňiz üçin sag boluň! Biz şu wagt birnäçe aýdan täze ilçihanaň binasy galdyrylyp başlanjak ýerde durýarys. Şu günden şeýläk Arçabil şaýolunyň ugry bilen barýarkaňyz, gurluşykçylaryň işjeň depginde iş alyp barýandygyny we täze binalaryň galyp barýandygyny ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Birleşen Ştatlary ilçihananyň täze binasyny gurmak bilen Türkmenistanyň geljegine maýa goýumyny edýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard we Aşgabat şäheriniň häkimi Myratniýaz Abilow şu gün Aşgabatda ABŞ-nyň ilçihanasynyň täze binasynyň düýbüni tutdylar. Ilçihananyň täze binasy ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna, we şeýle hem bu ýurduň berkararlygyna we garaşsyzlygyna berk sadyklygynyň nusgasy bolup durýar. Bu ähmiýetli çäräniň açylyş dabarasynda, ilçi Mastard şeýle diýdi: “Biz diňe bir bina bilen çäklenmän, ...
Dowamy»

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň neşe serişdeleriň bikanun dolanşygyna garşy göreşini goldaýar

2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-den 25-i aralygynda, ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreşmek müdürligi Aşgabatda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýetini goraýyş döwlet gullugynyň, Döwlet serhet we Döwlet gümrük gulluklarynyň işgärleri üçin “Howa menzilinde neşe serişdeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak” atly okuw sapagyny geçirdi. Okuwyň dowamynda ugryň we kurýeriň aýratynlyklary, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak, gizlemek usullary, özüňi alyp ...
Dowamy»

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň öňüni almak boýunça okuw maslahatyny geçirýärler

Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň (KGÝ) ýaýramagynyň öňüni almak tagallalaryny goldap, okuw maslahatyny geçirýär. 14-18-nji sentýabr aralygynda geçirilen bu okuw maslahaty ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Halkara howpsuzlygy we yaraglaryň ýaýramazlygy býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýän Eksport gözegçiligi we serhetleriň howpsuzlygy (EGSH) maksatnamasynyň ökde maslahatçylary tarapyndan geçirildi. Okuw maslahatynda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagynyň howplary we şol howplara garşy ...
Dowamy»

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanda global ýokary hilli tehnologiýaly ykdysadyýeti öňe sürýär ösmegine itelgi berýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen ösüş ugrunda dürli ulgamlarda, şol sanda maglumat tehnologiýalary (IT) pudagynda hem işleşýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyń Halkara ösüş agentligi “TurkmenTEL 2015” Halkara sergisinde Amerikan hökümetiniň meýilnamalaryny we çärelerini hödürledi. 16-18-nji sentýabr aralygynda geçirilýän bu sergide Amerikanyń Birleşen Ştatlarynyň sergi nokady öz ünsüni maglumat tehnologiýalaryna degişli maksatnamalarda hem-de Türkmenistanyň ähliumumy ösüşini öňe ...
Dowamy»

Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasy türkmen mirasyny gorap saklamaga kömek edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň baýragyny Goňur Depe taslamasyna bermek bilen Türkmenistanyň halky bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkidýär. 2015-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň 2015-nji ýylyň baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurar. Möçberi ABŞ-nyň 98,250 dollaryna barabar ...
Dowamy»

Türkmenistan we ABŞ tebigy betbagtcylyklarda ynsanlary halas etmek endiklerini gowulandyrýarlar

24-28 awgust aralygynda Türkmenistan we ABŞ bilelikde “Tebigy betbagtçylyklarda we şikes ýetende ilkinji kömek bermek” atly amaly-okuw maslahatyny geçirdi. Taraplar gyssagly hereket etmek gulluklarynyň hünärmenleriniň taýýarlygy, gaýra goýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, jana howply şikesleri tanamak we howply şikeslere sezewar bolan pidalaryň halas bolma mümkinçiligini artdyrýan gyssagly ýagdaýda berilýän lukmançylyk bejergi boýunça esasy endikleri üpjün etmegi ...
Dowamy»

USAID Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda ýerli hyzmatlary we önümleri goldaýar

Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Nebitgaz önümçiliginde ýerli hyzmatlaryň we önümiň paýyny ýokarlandyrmak” atly okuw maslahatyny geçirmegi başlady. Bu dört-günlük okuw çäresiniň dowamynda Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligine, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentligine, “Türkmengaz” Döwlet konsernine, “Türkmennebit” ...
Dowamy»

“Saglyk üçin bilelikde” maksatnamasy Awazadaky tomusky lagerini başlaýar

USAID we Şewronyň goldamagynda we Turkmenistanyň milli Gyzyl  Ýarym Aý Jemgyýetiniň hyzmatdaşlygy esasynda, “Saglyk üçin bilelikde” atly taslamanyň bir hepdelik tomusky okuw lageri Awaza syýahatçylyk zolagynda Awgust aýynyň 1-ne başlady. Lagere Aşgabatdan, Marydan we Daşoguzdan gelen ýaş deň-duş tӓlimçiler gatnaşarlar. Çӓrӓň dowamynda, gatnaşyjylar sagdyn durmuşdan, aragatnaşykdan we durmuş başarnykdan ukyplaryny artdyrarlar, we  ilkinji kӧmegi bermӓge ...
Dowamy»

Ilçihana tomusky kinofilmleriň görkezilişini geçirýär

Şu hepdäniň aýagynda ABŞ-nyñ ilçihanasy Türkmenistanyň dürli şäherlerinde bäşinji gezek bir aý dowam edýän ýylky tomusky kinofilmleriň görkezilişini geçirip başlaýar. Şu ýylky görkeziliş Amerikan sungatynyñ ýa-da medeniýetiniñ aýratynlyklaryny özünde jemleýär,  we çagalara hem ulylara gyzykly boljak filmleri hödürleýär. Tomusky kinofilmleriň görkezilişi dört hepdäniñ dowamynda aşakda görkezilen tertibe laýyklykda geçiriler. Kinofilmer rus dilinde görkezilip, giriş hemmeler ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreş müdürligi täze sintetik neşe serişdeleri barada okuw maslahatyny geçirýär

2015-nji ýylyň 13-17-nji iýulda, ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreş müdürligi Aşgabatda Türkmenistanyň Içeri işler we Saglyk goraýyş ministirlikleriniň, Türkmenistanyň Sagdyn jemgiýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň, Döwlet gümrük we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň işgärleri üçin “Täze sintetik neşe serişdeleri” atly okuw maslahatyny geçirdi. Bu okuwyň maksady Türkmenistanyň hukuk goraýjy we beýleki degişli edaralaryň Merkezi Aziýada täze ýüze ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Prezidentiniň Eýran barada çykyşy

Şu gün, iki ýyla çeken gepleşiklerden soň, Birleşen Ştatlar biziň halkara hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Eýran bilen köptaraply, uzak wagtlaýyn ylalaşyk gazandy. Bu onlarça ýyl duşmançylykda gazanylmadyk ylalaşyk Eýran döwletini atom ýaragyny döretmekden saklaýar. Bu ylalaşyk biziň hem-de bütin dünýäniň howpsuzlygyny berkidýän üýtgeşme bolup, amerikan diplomatiýasynyň hakyky we manyly üýtgeşmesidir. Mundan başga-da, bu üýtgeşme amerikan öňdebaryjylyk ...
Dowamy»

Ýaşlar tebigaty goramak we Saglyk günine bagyşlanan çärelere gatnaşýarlar

USAID-yň “Saglyk üçin bilelikde” taslamasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý  milli jemgyýeti bilen bilelikde Aşgabatdan takmynan elli kilometr uzakda bolan sebitde tebigaty goramak we sagdyn durmuş endiklerini öňe sürmek çäresini geçirdi. Ýigrimi sekiz sany gatnaşyjy öz aralarynda hapa ýygnamakda ýaryşdylar. Hapa ýygnamak çäresinden soň, ýaşlar, açyk howada interaktiw okuw sapagyna gatnaşyp, oýunlar, pikir alyşmak maşklary we kiçi ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň dokma senagatynyň bäsleşige ukyplylygyny goldaýar

Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Türkmenistanyň dokma senagatynyň bäsleşige ukyplylygyny berkitmek” atly seminary geçirmegi başlady. Bu iki günlük çäräniň dowamynda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginde we dokma kärhanalarynda işleýän 24 sany hünärmenler ýerli dokma önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny berkitmek we daşary ýurt bazarlaryna eksportyň möçberlerini köpeltmek ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Alan Mastardyň ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli çykyşy

Salam! Hoş geldiňiz, gadyrly dostlar! Siziň Alyhezretiňiz Mejlisiň başlygy Nurberdiyewa, hormatly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 239 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärämize hoş geldiňiz! Biziň baýramçylyk çärämize geleniňiz üçin köp sag boluň! Şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegine goldaw berýänligi üçin Hormatly ...
Dowamy»

Amerikan indeýleriniň tans topary Türkmenistana sapar edýär

Amerikan indeýleriniň Fernando Sellision Zuni tansçylar topary 7-nji iýulden 14-nji iýule çenli ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Sungat ilçileri maksatnamasy çäginde Türkmenistana sapar eder. Zuni tansçylar topary 1983-nji ýylda häzirki ýolbaşçy Fernando Sellisionyň kakasy Rodjer Sellision tarapyndan Zuni medeniýeti barada bilimlerini nesilden-nesile geçirmek hem-de saklamak üçin esaslandyryldy. Basym ol iň köp sapar edýän Amerikan indeýleriniň professional tans ...
Dowamy»

Prezident Obamanyň Oraza aýy barada çykyşy

Täze ýarym aýyň mukaddes Oraza aýynyň başlamagy bilen, Mişel we men Birleşen Ştatlarda we bütin dünýäde agyz bekleýänleriň  ählisini mähirli gutlaýarys. Oraza aýyndamaşgalalar we dost-doganlar agzaçarlarda we bilelikde namaz okamak üçin bileleşýärler. Bu bolsa öz gezeginde musulman jemgyýetleriniň we milletleriniň baý we köpdürli däp-dessurlaryny beýan edýär. Şeýle hem bu aý Allanyň rehimine has-da göz ýetirmek ...
Dowamy»

Baýdak baýramy – 2015

15-nji iýulda ilçi Allan Mastard öz öýünde myhmanlary kabul etdi. Bu çäre ABŞ-nyň döwlet baýdagynyň 1777-nji ýylyň 14-nji iýunynda Ikinji Kontinental kongresi tarapyndan tassyklanmagyny gutlap, Baýdak baýramyna bagyşlandy. Bu gün Birleşen Ştatlarynyň ýaşaýjylarynyň köpüsi Baýdak baýramy mynasybetli amerikan baýdagyny öýlerinde we jemgyýetçilik binalarynda belentden asyp goýýarlar.
Dowamy»

Türkmen oba hojalyk hünärmenleri bagbançylyk innowasiýalaryny öwrenmek üçin Amerikanyň merkezine ugradylar

Ýedi sany hususy fermerlerden we alymlardan ybarat Türkmen oba hojalyk hünärmenler topary 12-nji iýunda Aşgabatdan ABŞ-nyň Missuri ştatyna ugradylar. Olar bagbançylyk önümlerini öndürmek boýunça iki hepdelik Kohran maksatnamasyna gatnaşýarlar. Türkmen hünärmenleri Missuri ştatynyň ylmy-barlag merkezlerine we fermalaryna sapar edip, gök we bagbançylyk önümlerini öndürmegiň innowasion usullary bilen tanyşyp, häzirki zaman irrigasiýa tilsimatlaryny öwrenerler. Şeýle hem ...
Dowamy»

USAID we UNODC neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak işlerine baha bermek maksatnamasy boýunça okuw geçirýär

10-11-nji iýunda UNODC bilen hyzmatdaşlykda USAID neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak işlerine gözegçilik etmek we baha bermek boýunça bäş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystan we Eýran syýasatçylary üçin sebitara okuwyny gurady. Okuw döwründe şu ýurtlarda baha bermek maksatnamalaryny meýilleşdirmek we olary ýerine ýetirmek usullary öwrenildi. Okuw maslahaty bolsa maksatnama ýerine ýetirilende kemçilikleri wagtynda ýüze çykarmak ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy hukuk we ykdysadyýet boýunça ýokary derejedäki maksatnamany yglan edýär

ABŞ-nyň Türkmenistandakt ilçihanasy “Merkezi Aziýa wekilleri üçin hukuk we ykdysadyýet pudagy boýunça ýokary derejeli maksatnama” adyndaky intensiw üç-aýlyk aspirantura derejesindäki okuw kursuny yglan edýär. Bu maksatnama Türkmenistandaky we beýleki Merkezi Aziýadaky ýaş, hünär ýolunyň ortasyna ýeten, döwlet ulgamynda, jemgyýetçilik edaralarynda we habar beriş serişdeler pudagynda işleýän gatnaşyjylar üçin niýetlenendir. Okuw kursy Riganyň ýokary hukuk mekdebinde, Latwiýada, ...
Dowamy»

ABŞ-nyň Energetika departamentiniň bir hepdelik okuwy radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmaklyga we ygtybarly goramaga bagyşlanýar

Birleşen Ştatlaryň Energetika departamentiniň Ýadro howpsuzlygy boýunça milli edarasy (ÝHBME) “Radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmak we ygtybarly gorap saklamak” boýunça 1-5-nji iýun aralygynda Aşgabatda okuw geçirdi. Ýadro howpsuzlygy boýunça milly edarasynyň 3 sany wekili Türkmenistanyň hökümetiniň radioaktiw çeşmeleri gorap saklamakda iş alyp barýan Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ...
Dowamy»

Ilçi Mastard Lebap welaýatyna sapar edýär

4-nji iýunda ilçi Allan Mastard Lebap welaýatyna bir günlük iş sapary bilen bardy. Sapar döwründe ilçi Lebap welaýatynyň häkimi Muhammet Joraýew bilen duşuşyp, sebitara ykdysady ösüşi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykdan soň ilçi Ýüpek ýolunuň ugrunda XII asyrda gurlan Daýahatyn kerwen saraýyna zyýarat etdi. Bu kerwensaraýyň dikeldiş işleri Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak ...
Dowamy»

Ilçi Alan Mastard Türkmenistandaky GE tarapyndan öndürilen gazturbinaly iň uly elektrik beketine baryp gördi

29-njy maýda ilçi Alan Mastard Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän Ahal gaztrubinaly elektrik beketine baryp gördi. Ahal elektrik beketi Türkmenistandaky iň uly gazturbinaly elektrostansiýa bolmak bilen, onuň umumy kuwwaty 650 megawata deňdir. Bu elektrik beketinde jemi 7 sany, şol sanda 4 sany 9E we 3 sany LM6000 kysymly amerikan kompaniýasy Jeneral Elektrik (GE) tarapyndan ...
Dowamy»

Aşgabadyň dogan okaşan şäheri bolan Albukerke şäherinden (ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştaty) topar Aşgabada sapar bilen gelýär

21-27-nji maýda ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň Albukerke şäherinden bolan dogan okaşan şäherler topary Türkmenistana gelýär. Bu topar Aşgabat we Albukerke dogan okaşan şäherleriniň 25 ýyllygy mynasybetli we 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin geldiler. Topar agzalary Aşgabat we Mary şäherlerinde Aşgabat we Albukerke dogan okaşan şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýerli hökümet wekilleri, ...
Dowamy»

ÝUSAID-iň okuwy ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bagyşlanýar

Düýn ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Ätiýaçlandyryş önümleriniň we hyzmatlarynyň täze görnüşleri” atly bir hepdelik okuw kursuny başlady. Bu okuw ätiýaçlandyryş bazarlarynyň milli ykdysady ösüşe ýetirýän täsirini, häzirki zaman ätiýaçlandyryş bazarlarynyň hereket edişini we ätiýaçlandyryş önümleriň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda hökmany görnüşleri, fiziki we ...
Dowamy»

ABŞ-nyň merkezi serkerdeliginiň serkerdesi Lloýd Ostiniň ABŞ bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda harby hyzmatdaşlyk barada ABŞ-nyň wekiller pala

Pul goýbermek komitetiniň öňünde 2015-nji ýylyň 5-nji martynda eden çykyşy   Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwer kömegi we sebitde ykdysady jebisligi gazanmak aladalary Orta Aziýa sebitiniň durnuklylygy üçin möhüm ädimdir. Emma Türkmenistanyň yglan eden pozitiw bitaraplyk syýasaty biziň pugta harby hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerimizi çäklendirýär. Entegem, Hazar deňziniň howpsuzlygy ugrunda, tebigy betbagtçylyklara taýýar bolmak, lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek we ...
Dowamy»

Täze okuw halkara elektroenergiýa söwdasyna bagyşlanýar

Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Halkara elektroenergiýa söwdasy we halkara elektrik energiýasyny satmak we satyn almak boýunça şertnamalar” atly üç günlük seminaryny geçirmäge başlady. Bu okuw halkara elektrik energiýasynyň söwdasyna, marketing tärlerine, elektroenergiýanyň söwdasynyň pasyllylygynyň bähbitli taraplaryndan peýdalanmaklyga we elektrik energiýasyny satmak we satyn ...
Dowamy»

Ari Rolandyň jaz topary Türkmenistanda çykyş edyär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň medeniýet ministrligi bilen bilelikde Ari Roland jaz saz toparynyň 31-nji martdan 6-njy aprele çenli Türkmenistanda birnäçe köpçulik üçin açyk konsertlerini gurnaýar. Ari Roland jaz saz topary Nýu-Ýork şäherinde işleýän we ýaşaýan dört sany jaz sazandalaryndan ybaratdyr. Olar: Ari Roland-basçy, Jon Moska-trombon, Zaid Nasser-alt-saksofonçy we Kit Balla-deprekçi. Olar halkara turlaryna gatnaşyp, ençeme ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde amerikan fotosuratçysy Dario Kalmeseniň 23-28-nji fewralda Aşgabatda saparyny gurap, Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär. Jenap Kalmese özüniň afro-amerikan däp-dessurlary barada fotosuratlarynyň sergisini guraýar, we afro-amerikan fotosurat sungatynyň taryhy, afro-amerikan modasy, hem-de afro-amerikan oýlap tapyjylary barada gürrüň bilen çykyş edýär. Onuň çykyşlary gyzyklanýan talyplar, professional fotosuratçylar we köpçülik üçin açykdyr. Şeýle hem ...
Dowamy»

Jorj Waşingtonyň doglan güni mynasybetli ABŞ-nyň ilçihanasy dine ynanma azatlygyny we çydamlylygy goldaýarlar

Düşünjäňi erkin beýan etmek, dine ynanma we wyjdan azatlygy BMG-nyň adam hukuklary baradaky Ähliumumy deklarasiýasynda hem-de beýleki halkara resminamalarda öz beýanyny tapan umumy ynsanyýet gymmatlyklarydyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz ýurdynda we dünýäde dine ynanma azatlygyny goramak bilen dini çydamlylygyny goldaýarlar. 1790-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji Prezidenti bu ýörelgäni özüniň Rod-Aýlend adasyndaky Nýuport şäherine ilkinji ...
Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy 2015-nji ýylyň türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirýär

ABŞ-nyň ilçihanasy, Türkmenistanyň hökümeti we Türkmen-amerikan işewür geňeşi bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 21-22-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Mizan işewür merkezinde ýedinji türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirer. Bu maslahat bilermenler derejesinde oba hojalyk, suw dolanyşygy, innowasion  tilsimatlar we maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin alymlary, senagatçylary hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümet wekillerini ýygnaýar. 2015-nji ýylyň türkmen-amerikan işewür maslahaty ...
Dowamy»
Hemmesini görkez ∨