ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Türkmenistan we ABŞ arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. Maýa goýumlary artdyrmak we ykdysady – söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Ilçihana Amerikan kompaniýalary we Türkmenistanyň hökümeti bilen täze ugurlary ýola goýmak üçin iş alyp barýar.
Türkmenistan ykdysadyýetiniň ähli pudarklarynda innowasiýon tehnologiýalary we täze tilsimatlary ornaşdyrmaga dowam edýär. Amerikan işewürleri Türkmenistanyň ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan çözümleri hödürleýärler.
Beýleki ýurtlarda da bolşy ýaly, ABŞ Türkmenistan bilen söwda etmek üçin gowy gatnaşyklary ýola goýmalydygyna düşünýär.
Internet sahypanyň söwda/işewürlik bölüminde Türkmenistanda maýa goýumlaryň ýagdaýy we onuň bilen baglanşykly şertler, ýurtda telekeçilik bilen meşgullanmak boýunça peýdaly maslahatlar hem-de Ilçihananyň Ykdysady we söwda bölüminiň berýän hyzmatlary barada gerekli maglumatlary tapyp bilersiňiz. Türkmenistanda telekeçilik bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmaňyz üçin köp sag boluň!
Mettýu S. Klimow
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi