Türkmenistanda telekeçilik işini başlamak üçin ABŞ-nyň Ilçihanasyndan haýsy hyzmatlary alyp bolýar?
Türkmenistanyň täze ugur bazarlaryna girmek ýa-da ilkinji eksport harydyny satmak üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Ykdysady we söwda bölümi işewürler üçin dürli hyzmatlary hödürleýär, şol sanda bazary öwrenmek, kompaniýa barada maglumat, hyzmatdaş kompaniýany saýlamak, hem-de siziň kompaniýaňyzyň Türkmenistanda telekeçilik işini ýola goýmak mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ýardam berip biljek beýleki dürli hyzmatlar (iňlis dilinde).
ABŞ-nyň eksport harytlary we maýa goýumlary üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary haýsylar?
- Nebiti we tebigy gazy öndürmek
- Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek
- Elektrik energiýasyny öndürmek
- Himiýa senagaty pudagy
- Syýahatçylyk
- Ulag
- Gurluşyk
- Maglumat tilsimatlary
- Dokma senagaty pudagy
- Oba hojalygy
Türkmenistanyň maýa goýum şertleri nähili?
Daşary ýurt maýa goýumlary üçin oňyn Türkmenistanyň senagatynyň pudaklary, hem-de hususy eýeçiligine degişli kanunlar, iş häsiýetnamalary we düzgünleşdiriji hukuk ulgamynyň açyklygy barada has-da giň maglumatlary almak üçin, 2015 ýyl boýunça Maýa goýum şertleri barada hasabata (PDF 336 KB) seredip bilersiňiz.
Türkmenistanda kompaniýanyň wekilhanasyny esaslandyrmak we söwda agentini ýa-da distribýutory ulanmak mümkinçilikler baradaky maglumaty men nireden alyp bilerin?
“Türkmenistanda telekeçiligi alyp barmak: ABŞ-nyň kompaniýalary üçin Ýurt boýunça Söwda görkezijiler Gollanmasyna” (PDF 580 КB) seretmegiňizi haýyş edýäris. ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň her ýyl taýýarlaýan bu hasabaty Türkmenistanyň bazary bilen gyzyklanýan ABŞ-nyň kompaniýalary üçin niýetlenip tölegsiz hödürlenýär.