2023-nji ýylyň 27-nji maýynda Mary welaýatynyň kitaphanasy bilen bilelikde Mary Amerikan burçy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Amerikan-Türkmen diplomatik aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 31-ýyllygyna şeýle hem Bütin Dünýä Çagalar gününe bagyşlap kitap sergisini geçirdi. Kitap sergisiniň dowamynda nusgawy Amerikan edebiýatynyň türkmen diline terjime edilen eserleri halka hödürlendi. Çärä gatnaşyjylar “Makerspace”, “STEM” we “EducationUSA” ýaly interaktiw çärelere gatnaşdylar. …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 5/6/2023 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Iňlis dilini öwrenmek, Maglumat serişdeler merkezi (MSM) we Amerikan burçlary, Maglumat we medeniýet bölümi, Resmi hasabatlar
METBUGAT ÜÇIN BEÝANNAMA ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY 2023-NJI ÝYLYŇ 22-NJI MAÝY AŞGABAT, TÜRKMENISTAN: ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde “Medeni mirasy goramak saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) maksatnamasynyň 27-nji taslamasynyň ýapylyş dabarasyny üstünlikli geçirdi. Taslama Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Şähryslam taryhy ýadygärliginiň XI asyra …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 22/5/2023 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Günorta we Merkezi Aziýa, Ilçi, Ilçiniň gaznasy, Metbugat üçin habarlar, Paýlaşmak isleýän habarymyz, Täzelikler
METBUGAT HABARNAMASY ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY 2023-NJI ÝYLYŇ 22-NJI APRELI TÜRKMENABAT, TÜRKMENISTAN: 22-nji aprelde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly Türkmenabat şäherinde gurnady. Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy. Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar. ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow gündelik durmuşymyza daşky …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 24/4/2023 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Maglumat we medeniýet bölümi, Täzelikler
Çarşenbe güni, 15-nji martda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Мettýu S. Klimow ABŞ-nyň baýramçylygyny bellemek mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine bardy. ABŞ-da her ýyl bellenilýän Prezidentler güni ýurduň öňki liderlerini hormatlaýar. Ilçi Klimow talyplara bu baýramcylygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. “Geçmişimizdäki beýik liderlerlerimiz we olaryň goldap çykyş eden ýörelgeleri hakda oýlanmak hiç wagt şu günki …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 17/3/2023 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Maglumat serişdeler merkezi (MSM) we Amerikan burçlary, Täzelikler
Türkmenistanyň halkyny we hökümetini Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýarys! Bu möhüm şanly senäniň hormatyna ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistana dost bolan we ABŞ-Türkmen gatnaşyklaryna oňyn goşant goşan amerikalylaryň gutlag sözlerini öz içine alýan bu wideony taýýarlady. Göwnüňizden turar diýip umyt edýäris! 1-nji bölegi. Türkmenistanyň halkyny we hökümetini Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýarys! 2-nji bölegi. Türkmenistanyň …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 24/9/2021 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Bilim, Esasy resmi adamlar, Günorta we Merkezi Aziýa, Ilçi, Ilçihananyň bölümleri, Iňlis dilini öwrenmek, Maglumat we medeniýet bölümi, Medeniýet, Ozalky ilçiler, Taryh, Täzelikler, Wideo
2021-nji ýylyň 27-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-ň Halkara ösüş guramasy (USAID), ýagny USAID-yň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy we USAID-yň Telekeçiligi ösdürmek boýunça taslamasy tarapyndan Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen bilelikde geçirilen “Startap-ekoulgam 2021” maksatnamasynyň jemleýji bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Maksatnamanyň üç aýynyň dowamynda 127 sany ýaş telekeçiler biznes-treningleriň, toparlaýyn …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 30/8/2021 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, ABŞ-nyň gulluklary, Günorta we Merkezi Aziýa, Ilçi, Ilçihananyň bölümleri, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
San-Antoniodaky Tehas uniwersiteti we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi Hudaýnazar öwlüýä türbesini rejelemek ugrunda tagallalary birleşdirerler 2021-nji ýylyň 25-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhammet Mämmedow sanly wideo …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 26/8/2021 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Günorta we Merkezi Aziýa, Ilçi, Ilçiniň gaznasy, Metbugat üçin habarlar, Paýlaşmak isleýän habarymyz, Täzelikler
2021-nji ýylyň 15-nji apreli. Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaş hünärmenleri üçin ABŞ-nyň halkara ösüş guramasynyň (USAID) “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy tarapyndan we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda gurnalan, sanly diplomatiýanyň onlaýn-kursy başlandy. Kurs Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 27/4/2021 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, ABŞ-nyň gulluklary, Ilçi, Maglumat we medeniýet bölümi, Täzelikler
Aşgabat, Türkmenistan, 2021-nji ýylyň 11-nji marty – Şu gün, ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa we Telekeçiligi Ösdürmek Taslamalary tarapyndan we BMG-niň Türkmenistandaky Neşe Serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (BMGNJM) we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmen kärhanalaryň eksport mümkinçiligini we halkara söwda hyzmatdaşlygyny artdyrmakda durmuş taýdan jogapkärçiligiň …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 12/3/2021 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ-nyň gulluklary, Ilçi, Ilçihananyň bölümleri, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
Aşgabat, Türkmenistan — ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow wagtlaýynça ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ýokary derejeli wezipä bellendi. Ol Döwlet departamentiniň Baş inspektorynyň wezipesini ýerine ýetirer. Bu wezipedäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin, ol Aşgabatdan ABŞ-a gaýdyp bardy. Wagtlaýyn işini şu ýylyň ahyrynda tamamlandan soň, ol Aşgabada dolanmagy meýilleşdirýär. Ilçi Klimow, giň dolandyryş tejribesi we ýolbaşçy wezipelerindäki …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 4/9/2020 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, ABŞ-nyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Günorta we Merkezi Aziýa, Ilçi, Maglumat we medeniýet bölümi, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
Aşgabat, 2020-nji ýylyň 27-nji awgusty – 27-nji awgustda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow, «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna Şährislam taryhy ýadygärligindäki ýerasty suw howdanlaryny gorap saklamak baradaky bilelikdäki taslamasy üçin maliýe serişdeler baýragyny gowşurdy. Bu ABŞ-nyň Aşgabatdaky …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 27/8/2020 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Ilçiniň gaznasy, Maglumat we medeniýet bölümi, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
GAÝRA GOÝMAZDAN ÝAÝRATMAK ÜÇIN 2020-nji ýylyň 25-nji awgusty Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa Tel: +7 7028450527 Email: dinara.saliyeva@winrock.org Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň 27-njI awgusty – ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça gullugy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasy, BMG-niň Türkmenistandaky Neşe Serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (BMGNJM), Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi we Türkmenistanyň Adalatçy Diwany bilen hyzmatdaşlykda …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 27/8/2020 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, ABŞ-nyň gulluklary, Günorta we Merkezi Aziýa, Ilçi, Ilçihananyň bölümleri, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyna Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Bu günlerde Gurban baýramy täze ähmiýete eýe bolýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Türkmenistanda köp adamlar ýakynlaryny we jemgyýetleriniň has ejiz agzalaryny goramak üçin däp bolan dabaralardan ýüz öwürmegi saýlaýarlar. Maşgalalar we jemgyýetler aragatnaşygyň we …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 30/7/2020 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Maglumat we medeniýet bölümi, Medeniýet, Täzelikler
2020ý. 11-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan – Bu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Telekeçiligi ösdürmek taslamasyny (FGI) resmi ýagdaýda başlady. Bu maksatnama arkaly USAID türkmen kärhanalaryna täze iş ýerlerini döretmekde, işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde we satyşlary hem eksport möçberlerini artdyrmakda goldaw berer. Bu işler esasan maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary (ICT) ulgamynda, azyk senagaty pudagynda, …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 12/2/2020 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, ABŞ-nyň gulluklary, Ilçi, Ilçihananyň bölümleri, Işewürlik, Maglumat we medeniýet bölümi, Täzelikler
Mary, Türkmenistan, 2019-njy ýylyň 10-njy dekabry – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýanyň Sebit ekologik merkezi (MASEM) tarapyndan amala aşyrylýan “Smart Waters (Suw, bilim we hyzmatdaşlyk) taslamasy we Araly halas etmegiň halkara gaznasy (AHHG) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň, Mary welaýatynyň, günorta-gündogar sebitinde ýerleşýän Daşköprüde Suw pudagyny dolandyrmak boýunça döwlet komitetine 170 000 Amerikan …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 11/12/2019 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, ABŞ-nyň gulluklary, Ilçi, Ilçihananyň bölümleri, Maglumat we medeniýet bölümi, Täzelikler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara gününiň ýyllyk bellenilmesi Birleşen Milletler Guramasynyň 47/3 belgili karary arkaly 1992-nji ýylda yglan edildi. Şu günüň maksady jemgyýetiň we özgerşiň ähli pudaklarynda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 3/12/2019 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Maglumat serişdeler merkezi (MSM) we Amerikan burçlary, Maglumat we medeniýet bölümi, Täzelikler, Wakalar
2019-nji ýylyň 9-njy iýuly, Aşgabat – “Ari Roland Jazz Quartet” amerikan jaz topary Türkmenistana saparyny Aşgabatly tomaşaçylara Türkmenistanly sazandalar bilen bilelikde konsert we jam session hödürlemek bilen tamamlady. Kwartet 26-njy iýun -3-nji iýul aralygynda Türkmenistana birnäçe seminar we konsert geçirmek maksady bilen geldi. Konsertlere we seminarlara 1600 kişi gatnaşdy. 26-nji iýunda Türkmenistana gelen Ilçi Mät …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 9/7/2019 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
Aşgabat, 2019-njy ýylyň 27-nji iýuny – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mettýu S. Klimow, 26-njy iýunda, çarşenbe güni, Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky sekizinji Ilçisi. Ilçi Klimow we onuň ýanýoldaşy maýor (otstawkada) Edi Gannels Klimow Türkmenistana 25-nji iýunda geldiler. …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 27/6/2019 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Esasy resmi adamlar, Ilçi, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
Aşgabat, 2019-njy ýylyň 6-njy maýy – Mark Mudi, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça müdürliginiň Merkezi Aziýa işleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy, 2018-nji ýylyň oktýabrynda bolup geçen Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlarynyň aralyk netijelerini maslahatlaşmak üçin 2-nji maýda Aşgabatda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bäşinji Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlary 2018-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Aşgabatda …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 6/5/2019 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Esasy resmi adamlar, Ilçi, Maglumat we medeniýet bölümi, Metbugat üçin habarlar, Syýasy-ykdysady bölüm, Täzelikler
Aşgabat, 2019-nji ýylyň 14-nji marty – ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde (TSTB), “Hil Standart” kärhanasynyň mikrobiologiýa barlaghanasyny, Türkmenistanda iýmit howpsuzlygy boýunça ilkinji hususy barlaghanasyny resmi ýagdaýda açdy. TSTB-niň kömegi bilen, USAID we “Hil Standart” kärhanasy, bazarda barlaghanalar tarapyndan geçirilýän barlaglara bar bolan talaby anyklamak hem-de gerek boljak döwrebap barlaghana enjamlaryny kesgitlemek we …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 14/3/2019 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Ilçihananyň bölümleri, Işewürlik, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
2018-nji ýylyň 28-nji sentýabry, Aşgabat şäheri – Amerikan Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň halkyna we hökümetine ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz gutlaglarymyzy beýan edýäris. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan abadan, garaşsyz we özbaşdak döwletleriň ýerleşýän sebitinde umumy maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk edýärler. Biz mundan beýläk hem söwda, sebitiň howpsuzlygyny artdyrmak, bilim we iki halkyň arasyndaky …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 29/9/2018 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Maglumat serişdeler merkezi (MSM) we Amerikan burçlary, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Beýik Ýüpek ýoly barada dialogy pugtalandyrmak üçin Oksford uniwersitetiniň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar Aşgabat, 2018-nji ýylyň 6-njy iýuly – ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Oksford uniwersitetynyň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar. Resmi saparyň maksady – Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 6/7/2018 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Maglumat serişdeler merkezi (MSM) we Amerikan burçlary, Metbugat üçin habarlar, Syýahatçylyk, Täzelikler
Hormatly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, kärdeş ilçiler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ Garaşsyzlygynyň 242-nji ýyllygyny gutlamak üçin baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin sag boluň. Men Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk hyzmatdaşlyga berýän goldawy üçin Prezident Donald Trampa we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygymy …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 3/7/2018 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Maglumat serişdeler merkezi (MSM) we Amerikan burçlary, Metbugat üçin habarlar, Syýasy-ykdysady bölüm, Täzelikler
ABŞ-nyň Ilçihanasy we hyzmatdaşlary Amerikan Burçunyň on bäş ýyllygyny döwrebap dizaýnly mekanda bellediler Aşgabat ş., 2017-nji ýylyň 14-nji noýabry – 1-nji noýabrda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard öz işini döwrebap mekanda dowam etjek Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçunyň gapylaryny köpçülige täzeden açan dabarasyna gatnaşdy. Şol gün, ýylda 12 müňden gowrak myhman kabul edýän Daşoguz şäheriniň Amerikan Burçunyň …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 21/11/2017 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ-da bilim almak, Ilçi, Iňlis dilini öwrenmek, Maglumat serişdeler merkezi (MSM) we Amerikan burçlary, Maglumat we medeniýet bölümi, Medeniýet, Täzelikler
Aşgabat, 30-njy awgust, 2017 ý. – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard şu gün Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligine Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän we deňi-taýy bolmaýan Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we gorap saklamak üçin $72 560 amerikan dollary möçberinde baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu baýragyň kömegi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy we beýleki …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 30/8/2017 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Ilçiniň gaznasy, Medeniýet, Paýlaşmak isleýän habarymyz, Syýasy-ykdysady bölüm, Täzelikler | Mowzuk belgisi: AFCP
Aşgabat, 16 awgust, 2017 ý. – 2017 ýylyň 14-nji awgustynda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýi bilen bilelikde ýerine ýetirilen we Türkmenistanyň arheologiki ýadygärligi bolan Goňur-depede tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamaga, dikeltmäge hem-de täzeden gurnap sergä taýýarlamaga gönükdirilen taslamanyň tamamlanyş dabarasyna gatnaşdy. 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýine bu …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 16/8/2017 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Ilçiniň gaznasy, Maglumat we medeniýet bölümi, Medeniýet, Metbugat üçin habarlar, Paýlaşmak isleýän habarymyz, Täzelikler | Mowzuk belgisi: AFCP
Aşgabat, 2017-nji ýylyň 28-nji iýuly – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard we Türkmenistanyň Maliýe ministri Goçmyrat Myradow ABŞ-nyň “Daşary ýurtlarda maliýe edaralarynda bar bolan hasaplar boýunça salgyt hasabatlylygy hakyndaky” kanunyň (FATCA) düzgünnamalaryny durmuşa geçirmek baradaky Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Bu ylalaşyk daşary ýurtlarda maliýe edaralaryndaky hasaplar boýunça salgyt tölemekden boýun gaçyrýanlaryň öňüni almak babatynda barha artýan …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 28/7/2017 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Işewürlik, Metbugat üçin habarlar
Siziň Alyhezretiňiz, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Nurberdiyewa, hormatly kärdeşler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Biziň baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin sag boluň. Türkmen-Amerikan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyga ygrarlylygy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Donald Trampa minnetdarlygymy bildirýärin. Men şu çärämize howandarlyk eden kärhanalara sag bolsun aýdasym gelýär. Bu kompaniýalaryň …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 12/7/2017 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Çykyşlar, Ilçi, Täzelikler
2017-nji ýylyň 30-njy maý – 5-nji iýun aralygynda ABŞ-dan gelen üç sirk sungatynyň hünärmenleri Türkmenistanyň sirk sungaty hünäri boýunça tälim berýän ýeke-täk ýokary okuw jaýy bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin bir hepdelik giňişleýin hünär okuwyny geçirdiler. Mundan daşary, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ussat sirk artistleri bilen işleşmegi hem öz içine aldy. Bu üstünlikli hyzmatdaşlyk …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 15/6/2017 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Maglumat we medeniýet bölümi, Täzelikler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň bilim ministriligi bilen bilelikde Iňlis dili mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmak üçin iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Bu okuw maslahaty 2017-nji ýylyň maý aýynyň 20 we 21-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Maslahatyň esasy sapaklaryny iňlis dilini okatmak boýunça üç amerikan hünärmenleri alyp bardy we olar özleriniň bilim bermek tejribelerini we …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 1/6/2017 | Bloglardan saýlap alyň: ABŞ we Türkmenistan, Ilçi, Iňlis dilini öwrenmek, Maglumat we medeniýet bölümi, Metbugat üçin habarlar, Täzelikler
Aşgabat, 2016-njy ýylyň 18-nji noýabry – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard şu gün Lebap welaýatyna “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň taslamasy bolan Daýahatyn kerwensaraýynyň dikeltmek we gorap saklamak işleriniň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin sapar etdi. Ol şeýle hem taryhy ýädygärlikde ýerine ýetirilen işleriň netijesini gözden geçirdi. Bu dabara Daýahatyn kerwensaraýynda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastardyň we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri …
Dowamy»
Awtory Awtory ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy | 19/11/2016 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Ilçiniň gaznasy, Metbugat üçin habarlar, Paýlaşmak isleýän habarymyz, Täzelikler | Mowzuk belgisi: AFCP
12-nji awgustda ilçi Mastard “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” maksatnamasynyň çägindäki Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň taslamasynyň tamamlaýyş dabarasyna gatnaşdy. Bu taslama boýunça Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýän XV asyra degişli bolan Seýit Jemalletdiniň metjidiniň mozaika bezegli we epigrafiýaly portalyny rejeläp dikeltmek boýunça başlanan işler tamamlandy. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi “Ilçiniň gaznasy” maksatnamasy çäginde …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 7/11/2016 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Ilçiniň gaznasy, Maglumat we medeniýet bölümi, Metbugat üçin habarlar, Paýlaşmak isleýän habarymyz, Täzelikler | Mowzuk belgisi: AFCP
“Arçabil” myhmanhanasy 2016-njy ýylyň 1-nji iýuly, 20:00 Siziň Alyhezretiňiz, Daşary işler ministriniň orunbasary Nyýazlyýew, hormatly kärdeşler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Biziň baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär! Şeýle-hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemişe ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklara egsilmez goldaw berýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygymy bildirýärin. Elbetde, men …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 11/8/2016 | Bloglardan saýlap alyň: Çykyşlar, Ilçi, Işewürlik, Syýahatçylyk
Jenap Abilow, hormatly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, salam we hoş geldiňiz! Şu gün ABŞ-nyň Ilçihanasynyň täze binasynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşyp bilendigiňiz üçin sag boluň! Biz şu wagt birnäçe aýdan täze ilçihanaň binasy galdyrylyp başlanjak ýerde durýarys. Şu günden şeýläk Arçabil şaýolunyň ugry bilen barýarkaňyz, gurluşykçylaryň işjeň depginde iş alyp barýandygyny we täze binalaryň galyp barýandygyny …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 5/10/2015 | Bloglardan saýlap alyň: Çykyşlar, Ilçi, Täzelikler
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň baýragyny Goňur Depe taslamasyna bermek bilen Türkmenistanyň halky bilen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkidýär. 2015-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak baradaky gaznasynyň 2015-nji ýylyň baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurar. Möçberi ABŞ-nyň 98,250 dollaryna barabar …
Dowamy»
Awtory US Embassy Ashgabat | 14/9/2015 | Bloglardan saýlap alyň: Ilçi, Ilçihana, Ilçiniň gaznasy, Paýlaşmak isleýän habarymyz, Täzelikler | Mowzuk belgisi: AFCP