Ilçi Klimow ABŞ-nyň Prezidentler günini Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplar bilen belledi

Çarşenbe güni, 15-nji martda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Мettýu S. Klimow ABŞ-nyň baýramçylygyny bellemek mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine bardy. ABŞ-da her ýyl bellenilýän Prezidentler güni ýurduň öňki liderlerini hormatlaýar. Ilçi Klimow talyplara bu baýramcylygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. “Geçmişimizdäki beýik liderlerlerimiz we olaryň goldap çykyş eden ýörelgeleri hakda oýlanmak hiç wagt şu günki …

Dowamy»

Prep4Success maksatnamasy

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL-dan ýokary bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Sizde Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: 18 hepdelik intensiw taýarlyk kursy Amerikan geňeşlikleriň Aşgabat …

Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça milli bäsleşigi ilkinji gezek gurnady

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýanyň Iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça ilkinji milli basleşigini gurnady. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň 18 ýokary okuw jaýlarynyň 80-e golaý zehinli ýaşlary iňlis dili başarnyklaryny, ynamly …

Dowamy»

Türkmenistandaky hemme Amerikan burçlary we Amerikan merkezi açykdyr we ulanyjylar öňünden ýazylyp gelip bilerler

Häzirki wagtda Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlary açykdyr we ulanyjylar öňünden ýazylyp gelip bilerler. Ulanyjylardan girilen wagty ellerini arassalamaklyk we elmydama agyz-burun örtügini geýmeklik we merkezde we burçlarda bolan tutuş wagtynda sosial araçägi saklamaklyk soralýar. Ulanyjylar özlerini näsag duýsalar, Amerikan merkezine we Amerikan burçlaryna barmakdan saklanmalydyrlar. Aşgabatdaky Amerikan merkezine …

Dowamy»

Amerikan burçlary we merkezi wagtlaýynça ýapylýar (2020-nji ýylyň 21-nji iýunynda täzelenen)

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Amerikan merkezine we burçlaryna gelýänleriň we işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny goramak üçin çäreleriň täzelenen tertibini kabul etdi. Şu wagtdan başlap, Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerindäki amerikan burçlary indiki bildirişe çenli ýapylýarlar. Şol wagtyň dowamynda Amerikan merkezine diňe yzyna gaýtarylyp getirilen kitaplary we DVD diskleri kabul ediş gutusynda goýup …

Dowamy»

Amerikan burçlary we merkezi wagtlaýynça ýapylýar (2020-nji ýylyň 19-njy marty)

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Amerikan merkezine we burçlaryna gelýänleriň we işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny goramak üçin çäreleriň tertibini kabul etdi. Şu wagtdan başlap, Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Mary, Türkmenabat we Daşoguz şäherlerindäki amerikan burçlary indiki bildirişe çenli ýapylýarlar. Şol wagtyň dowamynda Amerikan merkezinde we burçlarynda kitaplary we DVD diskleri tabşyrmak we almak mümkin bolar. Soraglar ýüze …

Dowamy»

Ilçi Klimowyň Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara güni mynasybetli beýannamasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara gününiň ýyllyk bellenilmesi Birleşen Milletler Guramasynyň 47/3 belgili karary arkaly 1992-nji ýylda yglan edildi. Şu günüň maksady jemgyýetiň we özgerşiň ähli pudaklarynda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň …

Dowamy»

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeonyň beýannamasy

2018-nji ýylyň 28-nji sentýabry, Aşgabat şäheri – Amerikan Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň halkyna we hökümetine ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz gutlaglarymyzy beýan edýäris. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan abadan, garaşsyz we özbaşdak döwletleriň ýerleşýän sebitinde umumy maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk edýärler. Biz mundan beýläk hem söwda, sebitiň howpsuzlygyny artdyrmak, bilim we iki halkyň arasyndaky …

Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde professor Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Beýik Ýüpek ýoly barada dialogy pugtalandyrmak üçin Oksford uniwersitetiniň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar Aşgabat, 2018-nji ýylyň 6-njy iýuly – ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Oksford uniwersitetynyň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar. Resmi saparyň maksady – Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy …

Dowamy»

Garaşsyzlyk güni mynasybetli çykyş

Hormatly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, kärdeş ilçiler, gadyrly myhmanlar, hanymlar we jenaplar, agşamyňyz haýyrly bolsun! Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ Garaşsyzlygynyň 242-nji ýyllygyny gutlamak üçin baýramçylyk çärämize gelip bilendigiňiz üçin sag boluň. Men Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk hyzmatdaşlyga berýän goldawy üçin Prezident Donald Trampa we Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygymy …

Dowamy»

Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçy işini dowam edýär

ABŞ-nyň Ilçihanasy we hyzmatdaşlary Amerikan Burçunyň on bäş ýyllygyny döwrebap dizaýnly mekanda bellediler Aşgabat ş., 2017-nji ýylyň 14-nji noýabry – 1-nji noýabrda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard öz işini döwrebap mekanda dowam etjek Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçunyň gapylaryny köpçülige täzeden açan dabarasyna gatnaşdy. Şol gün, ýylda 12 müňden gowrak myhman kabul edýän Daşoguz şäheriniň Amerikan Burçunyň …

Dowamy»
Hemmesini görkez ∨