Mary kitap sergisi Amerikan-Türkmenistan gatnaşyklarynda möhüm medeni we bilim döwürlerini belleýär

2023-nji ýylyň 27-nji maýynda Mary welaýatynyň kitaphanasy bilen bilelikde Mary Amerikan burçy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Amerikan-Türkmen diplomatik aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 31-ýyllygyna şeýle hem Bütin Dünýä Çagalar gününe bagyşlap kitap sergisini geçirdi. Kitap sergisiniň dowamynda nusgawy Amerikan edebiýatynyň türkmen diline terjime edilen eserleri halka hödürlendi. Çärä gatnaşyjylar “Makerspace”, “STEM” we “EducationUSA” ýaly interaktiw çärelere gatnaşdylar. …

Dowamy»

ABŞ-nyň Kongressler Kitaphanasy we Golýazmalar Instituty “AFCP” maksatnamanasynyň baýragy arkaly Türkmen taryhyny gorap saklamakda hyzmatdaşlyk edýär

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 8-nji maýy – 5-nji maýda “Merrion and Smith” guramasy (Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongressler Kitaphanasy bilen bilelikde) we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Milli Golýazmalar Instituty (mundan beýläk Institut diýilip atlandyrylýar) 80 sany gadymy golýazmalary we litografiýa usuly bilen çap edilen kitaplary rejelemek we konserwirlemek boýunça birinji resmi iş saparyny tamamladylar. Golýazmalaryň üstünde işlemek üçin …

Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň ilkinji ekofestiwaly Türkmenabatda geçirildi

METBUGAT HABARNAMASY ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY 2023-NJI ÝYLYŇ 22-NJI APRELI TÜRKMENABAT, TÜRKMENISTAN: 22-nji aprelde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly Türkmenabat şäherinde gurnady. Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy. Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar. ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow gündelik durmuşymyza daşky …

Dowamy»

Bilelikdäki Amerikan-Türkmen konserti Aşgabat diňleýjilerini Brodweý Sazlary bilen begendirdi

METBUGAT HABARNAMASY ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY 2023-NJI ÝYLYŇ 10-NJY FEWRALY Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Amerikan-Türkmen Brodweý konserti uly şowhun bilen geçirildi. 1000-den gowrak aýdym-saz söýüjisiniň gatnaşmagynda geçirilen konsertde “West Side Story”, “The Phantom of the Opera”, “Pirates of the Caribbean” we Brodweýiň beýleki klassiki eserlerinden çykyşlar ýaňlandy. Dabaranyň açylşynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky …

Dowamy»

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy Ekologiki auditi baradaky Türkmenistanyň kanunçylygyny goldaýar

2023-nji ýylyň 18-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID), “Tebigy Kuwwat” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary we hususy kärhanalar üçin 2019-njy ýylda kabul edilen “Ekologiki auditi hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek boýunça bir günlük tegelek stoluny geçirdi. USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebit …

Dowamy»

Prep4Success maksatnamasy

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL-dan ýokary bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Sizde Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: 18 hepdelik intensiw taýarlyk kursy Amerikan geňeşlikleriň Aşgabat …

Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy «AFCP» maksatnamasynyň 30-njy baýragyny yglan etdi

2022-nji ýylyň 8-nji iýuly, Aşgabat – Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri onlaýn usulda geçirilen dabarada, “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) maksatnamasynyň täze baýragyna mynasyp bolan taslamany yglan etdiler. Türkmenistandaky 30-njy «AFCP» baýragy Los-Anjelesdäki J.Pol Getti muzeýi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gadymy Merwde …

Dowamy»

GRE maksatnamasy

Gibrid görnüşli okuw güýz möwsümi 2022 Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş ABŞ-da ýa-da beýleki ýurtlarda ýerleşýän ýokary okuw jaýlaryna magistratura tabşyrmak isleýärsiňizmi? Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny 17 hepdelik gibrid görnüşinde geçiriljek “GRE” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama ýokary okuw jaýlarynyň magistratura derejesine okuwa girmek üçin gerekli bolan “GRE” synagyna, hem-de magistratura tabşyrmak we okuw işlerine ýokary …

Dowamy»

Prep4Success maksatnamasy

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL-dan ýokary bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Sizde Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: 18 hepdelik (hepdede 4 gün) intensiw taýarlyk kursy …

Dowamy»

USAID türkmen senetçilik önümleriniň dünýä derejesinde satylmagyna ýol açýar

Türkmenistan, Aşgabat, 2022-nji ýylyň 5-nji marty – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) ýerli “Orlan” kompaniýasy bilen bilelikde “Handmade Exports 2021” (HME) startap inkubator maksatnamasynyň soňky çäresini geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň iň ussat senetçileriniň el işleriniň sergisini we HME maksatnamasynyň çäginde gazanylan täze telekeçilik işlerini, önümlerini we üstünliklerini kazylar toparyna hödürlän on sany maksatnama …

Dowamy»

USAID sebitleýin söwda we iş üpjünçiligi boýunça üstünlikleri belleýär

2022-nji ýylyň 21-nji ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy sebitleýin «Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek (CTJ)» atly bäş ýyllyk taslamasynyň üstünlikli tamamlanmagyny belleýär. Bu taslama Merkezi Aziýanyň eksportyny ýeňilleşdirip, miwe we bakja, ulag we logistika hem-de syýahat pudaklarynda iş üpjünçiligi artdyrdy. Mundan başgada, taslama, bäsdeşlige ukyplylygy üstünlikli ýokarlandyrdy hem-de …

Dowamy»

Türkmenistandaky hemme Amerikan burçlary we Amerikan merkezi açykdyr we ulanyjylar öňünden ýazylyp gelip bilerler

Häzirki wagtda Aşgabatdaky Amerikan merkezi we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan burçlary açykdyr we ulanyjylar öňünden ýazylyp gelip bilerler. Ulanyjylardan girilen wagty ellerini arassalamaklyk we elmydama agyz-burun örtügini geýmeklik we merkezde we burçlarda bolan tutuş wagtynda sosial araçägi saklamaklyk soralýar. Ulanyjylar özlerini näsag duýsalar, Amerikan merkezine we Amerikan burçlaryna barmakdan saklanmalydyrlar. Aşgabatdaky Amerikan merkezine …

Dowamy»

Prep4Success maksatnamasy – Distansion okuw Ýaz möwsümi 2022

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL-dan ýokary bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Sizde Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: 18 hepdelik (hepdede 4 gün) intensiw taýarlyk kursy …

Dowamy»

Salam Türkmenistan! Türkmenistanyň halkyny we hökümetini Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýarys!

Türkmenistanyň halkyny we hökümetini Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýarys! Bu möhüm şanly senäniň hormatyna ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistana dost bolan we ABŞ-Türkmen gatnaşyklaryna oňyn goşant goşan amerikalylaryň gutlag sözlerini öz içine alýan bu wideony taýýarlady. Göwnüňizden turar diýip umyt edýäris!   1-nji bölegi. Türkmenistanyň halkyny we hökümetini Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýarys!   2-nji bölegi. Türkmenistanyň …

Dowamy»

Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygyna we «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniñ gaznasy» maksatnamanyň 20 ýyllygyna bagyşlanan konferensiýa

2021-nji ýylyň 13-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) maksatnamanyň 20 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn konferensiýasyny geçirdiler. Halkara ylmy konferensiýa iki sessiýadan ybarat bolup, spikerleriň gatnaşmagynda söhbetdeşlikleri öz içine aldy. «Türkmenistanda şu aý Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy …

Dowamy»

USAID we Migrasiýa boýunça Halkara Gurama Bütindünýä Adam söwdasyna garşy günine bagyşlanan ýaşlar forumyny geçirýär we ýaşlara seslerini eşitdirmek ü

2021-nji ýylyň 30-njy iýuly, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewraziýa Gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar maksatnamasy Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (MHG) bilen bilelikde “Bütindünýä Adam söwdasyna garşy günine” bagyşlanan ýaşlar forumyny geçirdiler. Bu foruma Türkmenistanyň dürli sebitlerinden 60 ýaş liderler we Türkmenistanyň Sport …

Dowamy»

Prep4Success maksatnamasy – Distansion okuw

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testindan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan Geňeşlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: Dowamlylygy 18 hepde (4 gün hepdede) bolan …

Dowamy»

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan “AFCP” sergisi arkaly medeni hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belleýärler

2021-nji ýylyň 5-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan  –  Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” maksatnamasynyň çäginde Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergini açdylar. Sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açyldy.      “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň …

Dowamy»

USAID Türkmenistanda sanly diplomatiýanyň ösdürmegine ýardam berýär

2021-nji ýylyň 15-nji apreli. Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaş hünärmenleri üçin ABŞ-nyň halkara ösüş guramasynyň (USAID) “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy tarapyndan we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda gurnalan, sanly diplomatiýanyň onlaýn-kursy başlandy. Kurs Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet …

Dowamy»

USAID zenan senetçilere we telekeçilere sanly söwdany giňeltmäge okuw arkaly kömek berýär

2021-nji ýylyň 12-nji apreli Aşgabat, Türkmenistan – 8-9-njy aprelde ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky zenan senetçiler we senetçilik önümini öndürijiler üçin “Zenanlaryň senetçilikdäki ýeri: özara gatnaşyk we sanly söwda üçin mümkinçilikler” atly iki günlük webinar maslahatyny geçirdi. Bu çäre gatnaşyjylara bazaryň islegini has gowy düşünmäni, täze bazarlary kesgitlemäni we önümiň hilini …

Dowamy»

Prep4Success maksatnamasy – Distansion okuw

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testindan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan Geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: Dowamlylygy 18 hepde (4 gün hepdede) bolan …

Dowamy»

USAID-iň 10-njy Merkezi Aziýa söwda forumy wirtual görnüşinde geçirilýär

2020-nji ýylyň 16-njy noýabry – Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) Merkezi Aziýada we beýleki ýurtlarda sebit söwdany we aragatnaşygy ösdürýän halkara çäre bolan onunjy Merkezi Aziýa söwda forumyny açdy. Şu ýyl geçirilýän bäş günlük wirtual çärä ABŞ, Owganystan, Gruziýa, Germaniýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Latwiýa, Litwa, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, Özbegistan, BAE, Angliýa, Ukraina ýaly 39 …

Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy türkmen we amerikan guramalarynyň arasyndaky taryhy golýazmalary gorap saklamaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy goldaýar

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 6-njy noýabry – 5-nji noýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Waleri Çittenden Türkmenistanda taryhy golýazmalary goramak üçin ABŞ-nyň hökümetiniň medeni mirasy gorap saklamak taslamasyna goldawy barada habar berdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan sanly wideo aragatnaşyk arkaly gurnalan dabarada, işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waleri Çittenden «Medeni mirasy gorap saklamak üçin …

Dowamy»

USAID Türkmenistandaky startaplara üstünlik gazanmaga kömek edýär

2020-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-ň Halkara ösüş guramasy (USAID), “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” USAID-ň taslamasy, Telekeçiligi ösdürmek boýunça boýunça USAID-ň taslamasy hem-de Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen bilelikde geçirilen “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň üç günlük bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Maksatnamanyň dört aýynyň dowamynda 122 sany ýaş telekeçiler biznes-treningleriň, toparlaýyn we …

Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli sowgat arkaly Türkmenistanyň döwlet sirki bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýär

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 22-nji sentýabry – Sişenbe güni, 22-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sirkine sirk enjamlaryny sowgat hökmünde gowşurdy. Bu sowgat, Döwlet sirki we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň üsti arkaly ABŞ-nyň Türkmenistanda sirk sungatyna berýän goldawyny dowam etdirýär. ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan gurnalan wirtual dabarada …

Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi wagtlaýynça ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ýokary derejeli wezipä bellendi

Aşgabat, Türkmenistan — ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow wagtlaýynça ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ýokary derejeli wezipä bellendi. Ol Döwlet departamentiniň Baş inspektorynyň wezipesini ýerine ýetirer. Bu wezipedäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin, ol Aşgabatdan ABŞ-a gaýdyp bardy. Wagtlaýyn işini şu ýylyň ahyrynda tamamlandan soň, ol Aşgabada dolanmagy meýilleşdirýär. Ilçi Klimow, giň dolandyryş tejribesi we ýolbaşçy wezipelerindäki …

Dowamy»

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Şährislamdaky taryhy hazynalary gorap saklamak üçin Türkmenistanyň döwlet we hususy hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk edýär

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 27-nji awgusty – 27-nji awgustda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow, «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna Şährislam taryhy ýadygärligindäki ýerasty suw howdanlaryny gorap saklamak baradaky bilelikdäki taslamasy üçin maliýe serişdeler baýragyny gowşurdy. Bu ABŞ-nyň Aşgabatdaky …

Dowamy»

Prep4Success maksatnamasy – Distansion okuw, güýz 2020

Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL synagyndan ýokary bal gazanmakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: Dowamlylygy 18 hepde (4 gün hepdede) bolan intensiw …

Dowamy»

Gurban baýramy mynasybetli gutlagy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyna Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Bu günlerde Gurban baýramy täze ähmiýete eýe bolýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Türkmenistanda köp adamlar ýakynlaryny we jemgyýetleriniň has ejiz agzalaryny goramak üçin däp bolan dabaralardan ýüz öwürmegi saýlaýarlar. Maşgalalar we jemgyýetler aragatnaşygyň we …

Dowamy»

USAID Türkmenistanda Telekeçiligi ösdürmek taslamasyny başlaýar

2020ý. 11-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan – Bu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Telekeçiligi ösdürmek taslamasyny (FGI) resmi ýagdaýda başlady. Bu maksatnama arkaly USAID türkmen kärhanalaryna täze iş ýerlerini döretmekde, işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde we satyşlary hem eksport möçberlerini artdyrmakda goldaw berer. Bu işler esasan maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary (ICT) ulgamynda, azyk senagaty pudagynda, …

Dowamy»

“Prep4Success” maksatnamasy – Höwesli gatnaşyjylar üçin bildiriş

Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testindan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy? Amerikan geňeşlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryny “Prep4Success” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar: Dowamlylygy 18 hepde (hepdede 4 gün) taýýarlyk kursy Bu kurslar ABŞ-nyň …

Dowamy»

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň suw dolandyryş ulgamyna maýa goýum edýär

Mary, Türkmenistan, 2019-njy ýylyň 10-njy dekabry – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýanyň Sebit ekologik merkezi (MASEM) tarapyndan amala aşyrylýan “Smart Waters (Suw, bilim we hyzmatdaşlyk) taslamasy we Araly halas etmegiň halkara gaznasy (AHHG) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň, Mary welaýatynyň, günorta-gündogar sebitinde ýerleşýän Daşköprüde Suw pudagyny dolandyrmak boýunça döwlet komitetine 170 000 Amerikan …

Dowamy»

Ilçi Klimowyň Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara güni mynasybetli beýannamasy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald J. Trampyň we amerikan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara gününiň ýyllyk bellenilmesi Birleşen Milletler Guramasynyň 47/3 belgili karary arkaly 1992-nji ýylda yglan edildi. Şu günüň maksady jemgyýetiň we özgerşiň ähli pudaklarynda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň …

Dowamy»

Aşgabatdaky halkara festiwalda ABŞ-ly «theater simple» çykyş etdi

«theater simple» atly amerikan teatr topary Türkmenistana 17-25-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalýan III Halkara festiwala gatnaşmak maksady bilen geldi. 1990-njy ýylda döredilmeginden bäri şu güne çenli «theater simple» döredijilik topary «Adelaide Fringe» festiwalynyň uly baýragyny hem öz içine alýan ençeme baýraga mynasyp boldy. «theater simple» ABŞ-nyň we dünýäniň dürli künjeklerinde tomaşaçylary özüne …

Dowamy»

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2019-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-2021-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we Amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan …

Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy 2019-nji ýylyň 13-nji sentyabrynda auksion geçirýär

Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2019-nji ýylyň sentyabr aýynyň 13-ine, anna güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny şeýle hem Awtoulaglaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan …

Dowamy»

Ari Rolandyň jazz kwartetiniň ýerine ýetirmeginde amerikan jazz sazlarynyň konserti

Sizi Ari Rolandyň jazz kwartetiniň ýerine ýetirmeginde amerikan jazz sazlarynyň konsertine çagyrýarys! Kwartet şu ýylyň iýun aýynyň 27-sinden 30-y aralygynda Türkmenistanda üç şäherde – Maryda, Türkmenabatda we Aşgabatda – çykyş eder. Ari Roland jaz saz topary dört sany Nýu-Ýorkly jaz sazandalaryndan ybaratdyr. Olar: Ari Roland-basçy, Jon Moska-trombon, Zaid Nasser-alt-saksofonçy we Kit Balla-deprekçi. Toparyň ýolbaşçysy Ari …

Dowamy»

Amerikan filmleriniň tomusky görkezlişi we surat sergisi

Sizi amerikan filmleriniň her ýyl geçirilýän tomusky görkezilişine çagyrýarys. Şu ýylky saýlanylyp alnan filmler – “WALL-I”, “Gizlin şekiller” we “Aýyň üstündäki adam” – 1969-njy ýylda Apollo 11-iň Aýa gonmagynyň 50-ýyllygy mynasybetli görkezilýär we älem giňişliginiň öwrenilmeginiň şanyna bagyşlanýar. Filmler Türkmenabat, Mary, Aşgabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şaherlerinde görkeziler we “Kosmosy öwrenmegiň taryhy we ylmy” atly …

Dowamy»

ABŞ-nyň wekiliýeti Aşgabatda Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlarynyň aralyk netijelerini gözden geçirme duşuşygyny tamamlady

Aşgabat, 2019-njy ýylyň 6-njy maýy – Mark Mudi, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça müdürliginiň Merkezi Aziýa işleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy, 2018-nji ýylyň oktýabrynda bolup geçen Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlarynyň aralyk netijelerini maslahatlaşmak üçin 2-nji maýda Aşgabatda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bäşinji Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlary 2018-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Aşgabatda …

Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde auksion geçirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 26-syna, anna güni Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny, şeýle hem awtoulaglaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny …

Dowamy»

“Mariachi Champaña Nevin” amerikan saz topary Türkmenistanа saparyny tamamlady

2019-nji ýylyň 2-nji apreli, Aşgabat – “Mariachi Champaña Nevin” amerikan saz topary Türkmenistana saparyny 29-njy marta Aşgabatda geçirilen şowhunly konsert bilen tamamlady. “Mariachi Champaña Nevin” topary mart aýynyň 24-31-i aralygynda birnäçe seminar we konsert geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldi. Seminarlar we konsetler ABŞ-nyň döwlet departamentiniň we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maliýe golwady bilen geçirildiler. Kaliforniýa statynyň …

Dowamy»

Bütin Türkmenistan boýunça ABŞ-nyň Ilçihanasynyň her ýylky kino görkezilşine 9,000-den gowrak adam gatnaşdy

Türkmenistanyň alty şäherinde bolup geçen ABŞ-nyň Ilçihanasyny tarapyndan her ýyl geçirilýän 2019-njy ýylyň üçin gyşky kino görkezilişlerine 9,000-den gowrak adam gatnaşdy. ABŞ-nyň Ilçihanasy afrikan-amerikan taryhy aýy mynasybetli tanymal afro-amerikaly gahrymanlarynyň gatnaşmagynda “Şazada gyz we gurbaga” we “Öý” atly animasion filmerini we “Oskar” baýragyna mynasyp bolan “Gara babyr” super gahryman baradaky filmi görkezmek üçin saýlady. Afrikan-amerikan …

Dowamy»

ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirýän gyşky filmler görkezilişinde täze amerikan filmleri hödürleýär

Aşgabat, 2019-nji ýylyň 5-nji fewraly – 9-njy fewralda ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän gyşky filmler görkezilişini başlap, tomaşaçylara üç täze amerikan blokbasterleri görkezer. Bu aý filmler, dürli we güçlü Afrikan ve Afrikan-amerikan gahrymanlary suratlandyryp, Afrikan-amerikanlaryň taryhynyň aýyny belleýärler. Filmler Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde fewral aýynda görkeziler. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri filmleri tanyşdyryp, …

Dowamy»

Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Pumanyň ýolbaşçylyk eden wekiliýeti Türkmenistanda öz işini tamamlady

Aşgabat, 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabry – ABŞ-nyň Merkezi Aziýa işleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Emiliýa A. Puma 25-26-njy oktýabrda Aşgabatda bolup geçen bäşinji Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlarynda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Soňky sapar 2015-nji ýylda Waşingtonda (Kolumbiýa okrugy) geçirilen, bu maslahatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, amerikan-türkmen döwletara …

Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnaýar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Beýik Ýüpek ýoly barada dialogy pugtalandyrmak üçin Oksford uniwersitetynyň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnaýar Aşgabat, 2018-nji ýylyň 29-njy iýuly – ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Oksford uniwersitetynyň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnaýarlar. Resmi saparyň maksady – Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy …

Dowamy»

Döwlet sekretarynyň orunabasary Salliwanyň beýannamasy

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Metbugat sekretarynyň edarasy Bada-bat ýaýratmak üçin 2018-nji ýylyň 19-njy marty Baharyň gelmegi bilen, men Eýran halkyna we bu ajaýyp däbi belleýän hemmelere mübärek Nowruz arzuw edýärin. Şu gün men iň ýagşy arzuwlarymy ABŞ-da, Owganystanda, Azerbeýjanda, Hytaýda, Gruziýada, Hindistanda, Eýranda, Irakda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda, Päkistanda, Russiýada, Siriýada, Täjigistanda, Türkiýede, Türkmenistanda, Özbegistanda we dünýäniň …

Dowamy»

Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçy işini dowam edýär

ABŞ-nyň Ilçihanasy we hyzmatdaşlary Amerikan Burçunyň on bäş ýyllygyny döwrebap dizaýnly mekanda bellediler Aşgabat ş., 2017-nji ýylyň 14-nji noýabry – 1-nji noýabrda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard öz işini döwrebap mekanda dowam etjek Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçunyň gapylaryny köpçülige täzeden açan dabarasyna gatnaşdy. Şol gün, ýylda 12 müňden gowrak myhman kabul edýän Daşoguz şäheriniň Amerikan Burçunyň …

Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň “FLEX” maksatnamasy barada beýannamasy

Her güýz ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşligi bilen bilelikde Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny “FLEX” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýardy. 2016-njy ýylda müňden gowrak mekdep okuwçysy 2017-2018-nji okuw ýylyny ABŞ-nyň orta mekdepleriniň birinde okamaga mümkinçiik berýän 25 orna dalaş etdiler. Geçen ýyl Amerikan Geňeşligi  sentýabr bilen noýabr aýlarynyň aralygynda Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Tejen we Türkmenbaşy şäherlerinde …

Dowamy»

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinyň bilelikdäki beýannamasy

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri üçin Maglumat Press-sekretaryň edarasy Waşington, Kolumbiya okrugy 2017-nji ýylyň 11-nji noýabry Şu gün Prezident Donald Tramp we Prezident Wladimir Putin Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň çäklerinde duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda iki lider Siriýadaky DAEŞ terrorçylyk guramasyny ýeňmäge bolan ygrarlylygyny tassykladylar. Olar ABŞ-nyň we Russiýanyň …

Dowamy»

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Goňur-depe ýadygärliginde tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamak we dikeltmek üçin goldaw berýär

Aşgabat, 16 awgust, 2017 ý. – 2017 ýylyň 14-nji awgustynda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýi bilen bilelikde ýerine ýetirilen we Türkmenistanyň arheologiki ýadygärligi bolan Goňur-depede tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamaga, dikeltmäge hem-de täzeden gurnap sergä taýýarlamaga gönükdirilen taslamanyň tamamlanyş dabarasyna gatnaşdy. 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýine bu …

Dowamy»

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy sirk sungatynyň üsti bilen ösdürmek

2017-nji ýylyň 30-njy maý – 5-nji iýun aralygynda ABŞ-dan gelen üç sirk sungatynyň hünärmenleri Türkmenistanyň sirk sungaty hünäri boýunça tälim berýän ýeke-täk ýokary okuw jaýy bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin bir hepdelik giňişleýin hünär okuwyny geçirdiler. Mundan daşary, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ussat sirk artistleri bilen işleşmegi hem öz içine aldy. Bu üstünlikli hyzmatdaşlyk …

Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň iňlis dili mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmak üçin okuw maslahatyny geçirdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň bilim ministriligi bilen bilelikde Iňlis dili mugallymlarynyň hünär tejribesini artdyrmak üçin iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Bu okuw maslahaty 2017-nji ýylyň maý aýynyň 20 we 21-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Maslahatyň esasy sapaklaryny iňlis dilini okatmak boýunça üç amerikan hünärmenleri alyp bardy we olar özleriniň bilim bermek tejribelerini we …

Dowamy»

“Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” tarapyndan maliýeleşdirilen Änewdäki metjidiniň mozaika bezeglerini dikeltmek boýunça taslama

12-nji awgustda ilçi Mastard “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” maksatnamasynyň çägindäki Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň taslamasynyň tamamlaýyş dabarasyna gatnaşdy. Bu taslama boýunça Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýän XV asyra degişli bolan Seýit Jemalletdiniň metjidiniň mozaika bezegli we epigrafiýaly portalyny rejeläp dikeltmek boýunça başlanan işler tamamlandy. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi “Ilçiniň gaznasy” maksatnamasy çäginde …

Dowamy»

Aýdym-saz maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyny belleýär we “C5+1” sebitara arabaglanyşygy nygtaýar

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 7-nji oktýabry  – Ertir, 8-nji oktýabrda sagat 19:00-da, Merkezi Aziýadan we ABŞ-dan gelen 24 sany sazandalar we kompozitorlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynynyň şanyna çykyş ederler. Bu “Bilelikde saz çalmak: Merkezi Aziýa-ABŞ hyzmatdaşlygyny baýram etmek”  atly saz maksatnamasy 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri …

Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň milli mirasyny gorap saklamaga kömek edýär

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 29 awgusty – Şu gün ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligine 2016-njy ýylyň “ Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň çäginde $85,600 amerikan dollary möçberinde baýragyny dabaraly gowşurýar. Gutlag dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şu gün 29-njy awgustda sagat 15:00-da ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastardyň , ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärleriniň, Türkmenistanyň hökümetiniň AFCP …

Dowamy»

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişi bilen amerikan medeniýetini paýlaşýar

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 8-nji iýuly – 9-njy iýulda ABŞ-nyň ilçihanasy özüniň her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini başlaýar we Türkmenistanyň dürli şäherlerinde amerikan kinosungatynyň iň ajaýyp eserlerini hödür edýär. Şu ýylda görkezilişiň çäginde çagalar we ulular üçin niýetlenen we hemmeler üçin gyzykly boljak amerikan sungatyny we medeniýetini beýan edýän filmleriň birnäçesi görkeziler. Filmleriň ählisi rus …

Dowamy»
Hemmesini görkez ∨