Aşgabat we Albukerke «dogan okaşan şäherleri» hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýärler

Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň 29-njy iýuly — 25-nji iýulda Aşgabat, Türkmenistan, we Albukerke, ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştaty, özara bähbitli «dogan okaşan şäherler» hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellediler.

1990-njy ýylyň 25-nji iýulynda Albukerke şäheriniň häkimi Luis Saawedra we Aşgabat şäheriniň häkimi Amangeldy Baýramow Dogan okaşan şäherleriniň Teswirnamasyna gol çekdiler. Şondan bäri iki şäheriň ýaşaýjylary maglumat tehnologiýalarynyň ösmegine, amerikan we türkmen kärhanalarynyň arasynda baglanşyk gurmaga we iki şäheriň ekologiýa we medeni baýlygyny goramaga gönükdirilen köp sanly alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşdylar. Soňky 30 ýylyň dowamynda iki tarap ýerli amerikan tansçylaryň, flamenko ýerine ýetirijileriň, suratkeşleriň we suw hünärmenleriniň gatnaşmagynda köp sanly peýdaly alyş-çalyş çärelirini gurady.

Amerikaly we türkmen mugallymlary 30 ýyl mundan ozal ilkinji gezek duşuşaly bäri, iki ýurtdan ýüzlerçe raýat bilelikde işledi, pikir alyşdy we birek-biregiň dogduk şäherleri barada has köp zat öwrendi. Aşgabat-Albukerke dogan okaşan şäherler gaznasynyň başlygy Alana MakGraton şeýle belledi: «Iki şäherdäki maşgalalaryň arasynda mähirli we myhmansöýerlikli köp gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu aýratyn pursat geljek alyş-çalyş meýilnamalary bilen dowam eder diýip umyt edýäris».

Iki şäheriň ýaşaýjylarynyň dogan okaşan şäher bilen gatnaşyklaryny berkitýän köp umumy maksatlary bar. Dogan okaşan şäherler maksatnamasynyň çäginde Aşgabat we Albukerke halyçylyk, zergärlik, atçylyk we maşgala däp-dessurlary ýaly umumy medeni gymmatlyklaryny alyşdylar we gorap sakladylar. Şäherleri birleşdirýän başga bir aýratynlyk, olaryň möhüm arheologiki mirasydyr.

«Albukerke bilen Aşgabadyň hyzmatdaşlygy ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iň gowy taraplaryny — aç-açanlygy, innowasiýalary we halklarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy öz içine alýar», diýip Ilçi Mettýu S. Klimow belledi, «Türkmenistanyň Hökümetine, Aşgabat şäher häkimligine we, ilkinji nobatda, bu hyzmatdaşlygy goldan we ösmegine goşant goşan alyş-çalyş maksatnamalarymyza gatnaşan köp sanly Türkmenistanyň raýatlaryna minnetdarlygymyzy bildirýäris».

Halkara dogan okaşan şäherler maksatnamasy 1956-njy ýylda raýatlaryň arasynda aragatnaşyk arkaly halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin döredildi. Jemi 1800 şäher, ştat we okrug dünýäniň 138 ýurdy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Gurama «şäher derejesinde global hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni düşünişmegi ösdürmek we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda işleýär».

Türkmenistanda, Aşgabatdaky Amerikan Merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerindäki Amerikan Burçlarynda Albukerke we onuň dogan okaşan şäherler gatnaşyklary barada, şeýle-de Albukerke şäherindäki bilim we işewürlik mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumat elýeterlidir.