Amerikan saz mugallymlary 200 sany türkmen sazandalaryny okadýar we bilelikde çykyş edýär

Amerikan dirijýory we sazandasy Derek Bekwold Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen bilelikde berjek baýramçylyk konsertiniň taýýarlygyny alyp barýar

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 15-nji dekabry – Dört sany nusgawy sazyny çalýan amerikan sazandalary we saz mugallymlary Derek Bekwold, Kim Maý Nian, Piter Toresen we Eýweri Weýt 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň 14-den 24-i aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň talyplaryny okadar we bilelikde baýramçylyk konsertini berer. Mugallymlar nusgawy saz, wokal, kompozisiýa we dirijýor bölümleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Şeýle hem amerikan mugallymlar maksatnamanyň gatnaşyjylary üçin amerikan nusgawy repertuaryndan birnäçe ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Bu maksatnama takmynan 80 sany hor we 80 sany simfoniki orkestriň agzalary, 20 sany dirijýor hem-de 20 sany kompozitorlar gatnaşýar.

Milli konserwatoriýa bilen işini dowam etmekden başga amerikan mugallymlary ABŞ-nyň saz medeniýeti barada çykyş ederler:

Sişenbe, 20-nji dekabr

18:30 – ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we serişdeler merkezinde (MSM) Täze ýyl aýdymlaryny aýtmak

Penşenbe, 22-nji dekabr

 19:00 – Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasy bilen bilelikdäki baýramçylyk konserti

Anna, 23-nji dekabr

 15:00 – Amerikan sazy barada MSM-de çykyş

17:00-18:00 – Ilçihananyň LINE dostlary bilen bir sagatlyk onlaýn söhbetdeşlik

18:30 – MSM-de türkmen saz söýüjileri bilen Täze ýyl mukamlaryny çalmak

Ähli çärelere giriş tölegsiz we hemmeler üçin açykdyr.

Bu maksatnama Milli konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary bilen amerikan mugallymlarynyň arasynda 2015-nji ýylyň dekabrynda we 2016-njy ýylyň martynda bolup geçen üstünlikli hyzmatdaşlygyň dowamydyr. Derek Bekwold, Piter Toresen we Eýweri Weýt özleriniň Türkmenistana ilkinji iki sapary döwründe Milli konserwatoriýanyň sazandalary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler we Magtymguly teatrynda bilelikde konsert bermek üçin taýýarlandylar. Bu gezek olar saz okatmak maksatnamanyň üçünji tapgyry we Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan konserti geçirmek üçin geldiler.

Bu maksatnama boýunça goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.