“Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” tarapyndan maliýeleşdirilen Änewdäki metjidiniň mozaika bezeglerini dikeltmek boýunça taslama

Reconstruction of the 15th century Seyit Jemalletdin Mosque portal at the Fine Arts Museum of Turkmenistan
Ilçi Allan Mastard Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary hanym Bahar Abdyýewa bilen
Ilçi Allan Mastard Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary hanym Bahar Abdyýewa bilen

12-nji awgustda ilçi Mastard “Ilçiniň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” maksatnamasynyň çägindäki Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň taslamasynyň tamamlaýyş dabarasyna gatnaşdy. Bu taslama boýunça Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýän XV asyra degişli bolan Seýit Jemalletdiniň metjidiniň mozaika bezegli we epigrafiýaly portalyny rejeläp dikeltmek boýunça başlanan işler tamamlandy. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýi “Ilçiniň gaznasy” maksatnamasy çäginde uzak wagtyň dowamynda hyzmatdaş bolup, 2011-nji ýylda berilen V asyryň Mele-Heýran otparazçylar ybadathanasynyň bezeg örtüginiň gorap saklamak boýunça taslamany, hem-de 2015-nji ýylda berilen bürünç eýýama degişli bolan Goňur Depe ýadygärliginiň ýerasty guburlarynyň mozaika bezeginiň öwrenilmegi, gorap saklanmagy we dikeldilmegi boýunça taslamany amala aşyrdy. Bu dabara ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň medeni mirasyny we taryhy ýadygärlikleri goramaklyga berýän goldawyny subutlandyrdy we köpçüligiň ünsini çekdi. Medeniýet ministrliginiň bir-näçe wekilleri bilen bir hatarda, ilçi Mastarda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary hanym Bahar Abdyýewa hem-de meşhur Türkmen şahyry hanym Gözel Şagulyýewa goşulup, ABŞ bilen Türkmenistanyň üstünlikli ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryny aýratyn belläp geçdiler.