Adaty konsullyk hyzmatlaryň wagtlaýynça bes edilmegi

Konsullyk gullugy 2019-njy ýylyň iýul aýynyň 29-yndan başlap 2019-njy ýyylyň awgust aýynyň 12-sine çenli immigrasiýa degişli we degişli bolmadyk wizalar, hem-de ABŞ-nyň raýatlaryna degişli adaty soraglar boýunça wagtlaýynça kabul etmejekdigi barada habar berýär. Gyssagly ýagdaýda kömek soraýan ABŞ raýatlaryň kabul edilmegi dowam eder. Konsullyk gullugy 2019-njy ýylyň 13-nji awgustyndan başlap öz adaty işini yaňadan dowam eder. Beýleki soraglaryňyz boýunça konsullyk gullugyna 99312 940049 telefon belgisine (her Duşenbe we Anna günleri sagat 11.00-den 13.00 çenli) jan etmeginizi ýa-da ConsularAshgab@state.gov elektron salgysyna hat ugratmagyňyzy haýyş edýäris. ABŞ-nyň raýatlaryna degişli gyssagly ýagdaýlar ýüze çykanda işden daşary wagt +993-12-940045 telefon belgisine jaň edip nobatçy işgär bilen birikdirilmegiňizi haýyş edip bilersiňiz.