Koronawirus (COVID-19) barada maglumat

Maglumatyň täzelenen senesi: 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabry.

ABŞ-a immigrasiýa bolmadyk wiza esasynda gidýän raýatlardan COVID-19-dan sanjymyň subutnamasyny talap edýän CDC buýrugynyň henizem güýji bar.

Giňişleýin maglumat CDC-nyň internet sahypasynda elýeterlidir.

Ýurda degişli maglumat:

  • Şu güne çenli Türkmenistan öz çäginde COVID-19 keseline degişli hadysalaryň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedi we hadysalar ýüze çykaýan ýagdaýynda muny ykrar etmekden ýüz dönderip biler. ABŞ-nyň ilçihanasy COVID-19 keseliniň alamatlaryna laýyk gelýän we ýokanç keseller hassahanalaryna karantina ýerleşdirilen ýerli raýatlar barada habar aldy. Türkmenistandaky ABŞ raýatlaryny keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga we ýüz örtüklerini geýmäge, fiziki uzaklaşdyrmaga, ýygy-ýygydan el ýuwmaga we ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) görkezmelerine laýyklykda, dezinfeksiýa çärelerini güýçlendirmegi maslahat berýäris.
  • Ýerli çäklendirmeler öňünden duýdurmazdan ýygy-ýygydan üýtgeýär.
  • Käbir halkara howa gatnawlary gaýtadan başlandy, emma isleg gaty ýokary bolanlygy sebäbli bilet satyn almak mümkinçilikler öran çäkli. Onlaýn bilet satyn almazdan öň awiakompaniýalardan goşmaça maglumat almagy maslahat berýäris. Daşary ýurt wekilhanalary we hususy kompaniýalar tarapyndan az sanly çarter uçuşlary hem gurnamagy dowam edilýär. Ýer üsti serhet geçelgelerinden geçmek üçin hökümet tarapyndan ygtyýarnama talap edilýär.

Ýurda giriş we çykyş talaplary:

  • ABŞ raýatlaryna Türkmenistana girmäge rugsat berilýämi? – Hawa.
  • Giriş üçin otrisatel COVID-19 synagy (PCR we / ýa-da serologiýa) zerurmy? – Hawa.
  • Türkmenistana syýahat etmek isleýän ABŞ raýatlary, COVID-19 PCR synagyndan we COVID-19 (IgM, IgG) bardygyny tassyklaýan serologiýa synag şahadatnamasyndan negatiw netije bermelidigini bilmelidirler. Şol netije soňky 48 sagadyň içinde berilen bolmalydyr. Geleninden soňra hökümet tarapyndan dolandyrylýan PCR agyzdan we burundan alynýan synagyny geçirmelidir. Daşary ýurt raýatlary üçin PCR synagynyň bahasy 44 ABŞ-nyň dollar we hemme çykdaýjylary raýatlanyň özi çekmelidir.
  • Bu talap barada has giňişleýin maglumat üçin syýahatçylar Waşington şäherindäki Türkmenistanyň ilçihanasyna ýüz tutup bilerler.
  • Aeroportlarda we beýleki serhet geçelgelerinde saglygy barlaýyş nokatlary barmy? – Hawa
  • Wiza uzaldylmak meselesi boýünça ABŞ-nyň raýatlary Türkmenistanyň Aşgabat şäherindäki Döwlet migrasiýa gullugyna ýüz tutmalydyrlar.

Karantin barada maglumat

  • ABŞ raýatlaryndan karantin talap edilýärmi? Hawa.
  • Türkmenistan hökümeti öňünden duýdurmazdan karantin talaplaryny we hususy raýatlar üçin geliş tertibini üýtgedip biler. Ilçihana iň täze maglumatly bermek üçin ähli tagallalary edýär. Şeýle-de bolsa, täze talaplar gelenden soň syýahatçylara habar berilip bilner. Karantin talaplary barada has giňişleýin maglumat üçin syýahatçylar Waşington şäherindäki Türkmenistanyň ilçihanasyna ýüz tutup bilerler.
  • Hökümet lukmancylyk edarasy tarapyndan geçirilýän hökmany lukmançylyk barlagy we azyndan 7 günüň dowamynda ýaşaýyş ýerinde, ýa-da 14 gün hökümet saglygy saklaýyş edarasynda karantinda bolmagy, Türkmenistana gelensoň ähli hususy raýatlar üçin zerurdyr. COVID-19 PCR synagy, syýahatçynyň hasabyna karantin gutarandan soň geçirilmelidir. Daşary ýurt raýatlary üçin synagyň bahasy 43 dollar.
  • Diplomatik, resmi ýa-da gulluk pasporty bilen daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän ABŞ raýatlarynyň hemmesi üçin 7 günüň dowamynda hökmany lukmançylyk barlagy we öz ýaşaýyş ýerinde karantin talap edilýär. Şeýle-de bolsa, bu diplomatik ýa-da resmi işgärlere öz ýaşaýan ýerinde karantin möhletini lukmançylyk gözegçiligi astynda geçirmäge rugsat berilýär. COVID-19 synagy syýahatçynyň hasabyna izolýasiýa ýa-da karantin gutarandan soň geçirilmelidir. Daşary ýurt raýatlary üçin synagyň bahasy 43 dollar.
  • Türkmenistandaky lukmançylyk protoçillary ABŞ-nyň standartlaryna laýyk gelmeýär we ozal käbir ABŞ raýatlaryndan karantin wagtynda COVID-19 bilen baglanyşykly bolmadyk lukmançylyk synaglaryndan geçmeli bolýardy. ABŞ-nyň ilçihanasy öz raýatlaryna adaty, inwaziw däl lukmançylyk barlagyndan ýa-da bedeniň gyzgynyny barlagyndan başga islendik lukmançylyk amallaryndan etdirmezligi maslahat berýär.
  • Karantine ýerleşdirilen ýagdaýda, ýa-da inwaziw lukmançylyk barlag geçmezden öň, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň +993 12 940045 telefon belgisine jaň ediň.

Koronawirus (COVID-19) synagy barada maglumat

  • Türkmenistanda ABŞ raýatlary üçin PCR we / ýa-da antigen synaglary elýeterlimi? – Hawa.
  • Synag netijeleri bir güniň dowamynda ygtybarlymy? – Hawa.
  • Hususy daşary ýurt raýatlary, şol sanda ABŞ-nyň raýatlary, Türkmenistandan gitmek isleýänler, negatiw COVID-19 synag netijesini bermeli. Içerki uçuşlara münmek üçin negatiw COVID-19 synag netijesi talap edilýär, bu ýolagçylaryň köpüsi Türkmenabatdan halkara çarter uçuşlaryna gitmek üçin alynýar.
  • COVID-19 synagy Aşgabadyň Gorgoly köçesiniň 84-nji jaýy salgysynda ýerleşýan Jemgyyetcilik Saglygy we Iymit Merkeziň labaratoýasynda elýeterlidir. Synag Türkmenistanyň raýatlary üçin 100 manat, daşary ýurt raýatlary üçin 43 ABŞ-nyň dollary. Synaglarynyň tölegi şahsy adamlaryň özi tölemelidirler.
  • Synag netijeleri, diňe kagyz ýüzinde berilýar we synag merkezinden almalydyr.

COVID-19 keseline garşy sanjym barada maglumat

  • Türkmenistan hökümeti tarapyndan COVID-19 kesline garşy sanjymlary tassykladymy? Hawa.
  • COVID-19 kesline garşy sanjymlar Türkmenistandaky ABŞ-nyň raýatlaryna elýeterlimi? Hawa.
  • Türkmenistanda COVID-19 kesline garşy haýsy görnüşli sanjymlar bar? Türkmenistanyň hökümeti diňe Sputnik V, Sinofarm, Sinowak we EpiVacCorona sanjymlarynyň tassyklanýandygyny aç-açan yglan etdi, ýöne beýleki sanjymlar türkmen raýatlaryna elýeterli bolup biler. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan sanjyma degişli maglumaty açyk berilmedi. Has giňişleýin maglumat üçin ýerli metbugata gözegçilik etmegiňizi haýyş edýäris.
  • Has giňişleýin maglumat üçin FDA-nyň web sahypasynda elýeterlidir.
  • ABŞ-nyň hökümeti daşary ýurtlardaky hususy ABŞ raýatlaryna COVID-19 keseline garşy sanjymlaryny bermekçi däl. COVID-19 keseline garşy sanjymyny ýaşaýan ýurtdaky ýerli düzgünlerine garamagy maslahat berýäris.

Ýerli maglumat

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi COVID-19 keseli bilen bagly maglumat almak üçin telefon liniýasyny (tel. +993 12 73 9535) açdy, bu ýerde raýatlar wirus barada, onuň öňüni almak we bejermek barada maglumatlary (rus we türkmen dillerinde) alyp bilerler.

Hereket çäklendirmeleri

  • Komendant sagady barmy? – Ýok.
  • Şäherara ýa-da welaýatara gatnaw çäklendirmeler barmy? – Ýok.

Ulag hereketi barada maglumat

  • Halkara howa gatnawlary amala aşyrylýamy? – Hawa. Halkara howa gatnawlary dikeldildi, emma Türkmenistana gelýän gatnawlar Aşgabada gonmaýar, we şol sebäbli gelmeden öň bilet satyn almak mümkinçilikler barada awiakompaniýalar bilen habarlaşmagy maslahat berýäris.
  • Gitmekde kynçylyk çekýän ABŞ raýatlaryna Ilçihananyň STEP elektron sistemasynda hasaba durmagy we biz bilen consularashgab@state.gov elektron poçta, ýa-da +99312 940045  telefon belgisi arkaly habarlaşmagy maslahat berýäris.
  • Jemgyýetçilik transporty işleýärmi? – Hawa.

Konsullyk bölümi barada maglumat 

ABŞ-nyň raýatlary üçin hyzmatlar doly amala aşyrylýär. Şol hyzmatlar elektron ýazylyş ulgamy arkaly amala aşyrylýär. ABŞ-nyň raýatlary üçin hyzmatlar barada soraglary consularashgab@state.gov elektron poştamyza iberip bilersiňiz. ABŞ-nyň raýatlary gyssagly yagdaýda habarlaşmak üçin +99312 940045 telefon belgisine jaň edip bilerler.

Wiza hyzmatlary. Konsullyk bölümi wiza soraglary boýunça kabul etmegi doly dikeldildi. Wiza barada goşmaça maglumat biziň wiza sahypamyzda elýeterlidir, çylşyrymly soraglar ýüze çykan ýagdaýynda consularashgab@state.gov elektron poçta salgymyz arkaly habarlaşmagy maslahat berýäris.

Goşmaça maglumat

  • ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň duýduryşlaryny şu ýerde görüň.
  • State.Gov-da COVID-19 krizis sahypasy
  • COVID-19 barada CDC-niň sahypasy
  • State.Gov-da Ýurt barada maglumat we syýahata degişli maslahatlar sahypasy