Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçy işini dowam edýär

Embassy and Partners Celebrate 15 Years with a Modern Redesign
ABŞ-nyň Ilçihanasy we hyzmatdaşlary Amerikan Burçunyň on bäş ýyllygyny döwrebap dizaýnly mekanda bellediler

Aşgabat ş., 2017-nji ýylyň 14-nji noýabry – 1-nji noýabrda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard öz işini döwrebap mekanda dowam etjek Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçunyň gapylaryny köpçülige täzeden açan dabarasyna gatnaşdy. Şol gün, ýylda 12 müňden gowrak myhman kabul edýän Daşoguz şäheriniň Amerikan Burçunyň esaslandyrylmagynyň on bäş ýyllyk senesi bilen gabat geldi.

Bu dabara 50-den gowrak adam gatnaşyp, olaryň arasynda ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurumlary, ABŞ-nyň ýerine ýetirýän hyzmatdaşy bolan Amerikan Geňeşliginiň isgärleri, meýletinçiler we Burçuň hemişeki myhmanlary bardy. Amerikan Burçunyň täze dizaýny Smitsonian Institutynyň Amerikan merkezleri we burçlary üçin teklipler kitapçasyndan ylham alyp iňlis dilini öwrenmek üçin niýetlenen serişdelerine, internet resurslaryna we “Makerspace” ussahanasynyň çärelerine üns çekýär. Resmi dabaradan soň, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy Bridjet Gersten we metbugat attaşesi Joşua deLara diplomatyň işi we Nýu Ýork şäherinde ýaşaýyş barada ilkinji bolup çykyş etdiler. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi her ýyl Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýerleşýän Amerikan Burçlaryna çykyş etmek üçin 30-a golaý myhmanlary ugradýar. Bu ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň iňlis dilini öwrenmek maksatnamalaryny ýaýbaňlaşdyrmak, Amerikan medeniyetini ýaýmak we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalaryň uçurumlarynyň gatnaşygyny artdyrmak maksady bilen alyp barýan işleriniň biri bolup durýar.

Çep tarapda - Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçunyň ozalky görki, sag tarapda - täze görki.
Çep tarapda – Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçunyň ozalky görki, sag tarapda – täze görki

Ilçi Mastard dabarada şeýle belledi: “Daşoguz şäherindäki Amerikan Burçy meniň üçin we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy üçin örän wajypdyr. Siziň hem şu dabara gatnaşmagyňyz Burçuň siziň üçin hem möhümdigini görkezýär. Amerikan Burçunyň biz üçin möhüm bolmagynyň sebäbi, hut şu ýerde biz öz medeniýetimizi we hekaýalarymyzy biri-birimiz bilen paýlaşýarys, çykyşlary geçirýäris we söhbetdeşliklerimizi alyp barýarys. Diplomatiýa şu ýerde bolup geçýär. Hut şu ýerde biz geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy ýola goýýarys.”