2017-nji ýylyň 30-njy maý – 5-nji iýun aralygynda ABŞ-dan gelen üç sirk sungatynyň hünärmenleri Türkmenistanyň sirk sungaty hünäri boýunça tälim berýän ýeke-täk ýokary okuw jaýy bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin bir hepdelik giňişleýin hünär okuwyny geçirdiler. Mundan daşary, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ussat sirk artistleri bilen işleşmegi hem öz içine aldy. Bu üstünlikli hyzmatdaşlyk ABŞ-nyň we Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklarynyň taryhynda ilkijni sapar bolup geçen amerikan we türkmen sirk ussatlarynyň bilelikdäki çykyşy bilen jemlendi. Bu maksatnama uly şowhun bilen tamamlandy we Amerikanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmen Döwlet sirki we Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny geljekde hem dowam eder.
