Soňky täzeleme: 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde boldy
ABŞ-nyň Döwlet Departamenti DW-2021 lotereýasyna gatnaşyjylaryň soragnama barlama möhletini 2020-nji ýylyň 5-nji maýyndan 6-njy iýuna geçirdi. Bu ýagdaý Döwlet Departamentiniň hemme güýjini häzirki wagtdaky COVID-19-yň ýaýramagyna garşy görülýän çärelerine we ABŞ-nyň raýatlaryna edilýän ýardamyny öňki nobatda goýulýanyna baglydyr. Soragnama barlagynyň möhletini yza süýşürmek çäres lotereýany utan adamlaryň resminamalaryna seretmek möhletine täsir etmeýär. DW-2021 boýunça wizalara seretme möhleti öňkisi ýaly 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda başlanar. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti üçin Grin Kard Lotereýa meýilnamasy möhümdir we şol meyilnama kanun esasynda serediljekdigine sizi ynandyrýarys.