Ashgabat, Turkmenistan — DW-2022 meýilnamasyna gatnaşmak isleýanleriň soragnamasy internet arkaly 2020-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan başlap (Aşgabatda ýerli wagt bilen 21:00), 10-njy noýabra çenli kabul edilýär (Aşgabatda ýerli wagt bilen 22:00).
Her ýylda ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az ýurtlardan bolan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmegi mümkünçiligini berýär. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýä boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar. Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigraziýa az baran ýurtlarda dogulan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly beriler.
DW-2022 lotereýa barada giňişleýin maglumat şu salgyda elýeterlidir: https://dvprogram.state.gov/
Gatnaşyjylar üçin möhüm maglumat:
- https://dvprogram.state.gov/ DW soragnamasyny tabşyrmak we netijesini barlamak üçin ýeketäk resmi web sahypasydyr.
- DW meýilnamasyna degişli internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan ägä boluň.
- “DW-2021” Lotereýasyna gatnaşmak üçin soragnamany tabşyranyňyzda hiç hili toleg alynmaýar. Soragnamaňyzy doldurmak üçin bir kompaniýa tölemek, siziň saýlanmak mümkinçiligiňizi artdyrmaýar. Elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyňyzy maslahat berýäris.
- DW-2022 soragnamasynda ýanýoldaşyňyzy we 21 ýaşa çenli durmuşa çykmadyk çagalaryň hemmesini, hatda olar siziň bilen gitmeýän bolsa-da görkezmeli.
- DW-2022 meýilnamasyna diňe bir gezek ýüz tutup bilersiňiz. Bir gezekden köp tabşyranlar, gatnaşmak hukugyny ýitirýärler.
- DW-2022 meýilnamasy üçin suratlary gaýtadan ulanmaň. Suratyňyz soňky 6 aýyň içinde alynmaly. Suratlary gaýtadan ulanmak diskvalifikasiýa getirer.
- Tassyklama belgiňizi saklaň. DW-2022 soragnama netijesini barlamak üçin size zerur bolar.
- Kimdir biri siziň maglumatlaryňyz bilen soragnama iberýän we töleg talap edýän aldawlardan gaça durmak üçin şahsy maglumatlaryňyzy gorap saklamagyňyzy maslahat berýäris.
2021-nji ýylyň 8-nji maýyndan başlap, DW-2022 gatnaşyjylary https://dvprogram.state.gov/ salgysynda öz tassyklama belgisini ulanyp soragnamanyň netijesini barlap bilerler.
Üstünlik gazananlara, E-DV onlaýn soragnama netijeleri barada elektron poçta arkaly habar berilmeýär. DW programmasy üçin saýlanandygyňyz barada elektron poçta arkaly habar gelen bolsa, bu maglumat nädogrydyr. Gatnaşýanlar diňe https://dvprogram.state.gov/ salgysynda soragnama netijelerini barlap bilerler.
ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy barada has giňişleýin maglumat üçin usembassy-ashgabat-pas@state.gov salgysynda Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölümine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.