2001-nji ýylda ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan esaslandyrylan “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnama ösüp barýan ýurtlarda medeni ýadygärlikleri we tapyndylary, şeýle-hem halk sungatynyň däp bolan beýleki görnüşlerini gorap saklamagy maliýeleşdirýär. Medeni miras bütin adamzadyň taryhy wakalary we medeniýete goşan goşantlary barada ýatlatma hökmünde hyzmat edýär. Esaslanan wagtyndan bäri bu maksatnamanyň üsti bilen dünýäniň 200 ýurdynda medeni mirasy saklamaga gönükdirilen 900-e golaý taslama maliýeleşdirildi.
Geçen ýigrimi ýylyň dowamynda bu halkara maksatnamanyň üsti bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkmenistanda jemi takmynan 1600000 ABŞ-nyň dollaryna barabar 28 sany taslamany maliýeleşdirdi. Bu taslamalar Türkmenistandaky taryhy taýdan ähmiýetli medeni ýadygärliklerini we tapyndylary dikeldip gorap saklamaga gönükdirildi:
- 2001-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti XV asyra degişli bolan we 1948-nji ýylda ýer titremesiniň netijesinde weýran bolan Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Seýit Jemalletdin metjidiniň ajaýyp nagyşlaryny dikeltmek boýunça taslamany “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň ýeňijisi diýip yglan etdi. (1)
- 2002-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Gadymy Nusaý taryhy ýadygärliginde ýerleşýän Parfiýa diwar suratlaryny gorap saklamaga gönükdirilen taslamany maliýeleşdirdi. (2)
- 2003-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” maksatnamasynyň maliýe serişdeler baýragyny (grantyny) XI asyra degişli taryhy ýadygärligi bolan Abu Sahyt Abul Haýryň guburynda (1049-nji ý.) rejeleýiş işlerini alyp barmagy göz öňünde tutan taslama gowşurdy. Bu taslama maýolika parçalaryny dikeltmek, guburyň gurluşyny berkitmek we ýadygärligiň taryhy ähmiýeti baradaky okuw kitapçany düzmek maksatlaryny ýerine ýetirdi. (3)
- 2004-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň üsti bilen XVIII, XIX we XX asyrlarda dokalan gadymy halylarynyň ýeke-täk ýygyndysyny gorap saklamak boýunça Türkmenistanyň Milli haly muzeýiniň taslamasyny maliýeleşdirdi. (4)
- 2005-nji ý. – Türkmenistanda iki sany wajyp taslama “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň üsti bilen maliýeleşdirildi.
- “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Merkezi Aziýanyň ady belli yslamy ýadygärligi bolan Soltan Tekeş mawzoleýini gorap saklamagy maliýeleşdirdi. (5)
- Ikinji taslama XI asyra degişli bolan Daşoguz welaýatynyň Ak Saraý Diň minarasyny gorap saklamagy we öwrenmegi maliýeleşdirdi. Ýeke-täk Ak Saraý Diň minarasy musulmanlaryň zyýarat edýän ýadygärliginde şu güni ýetdi. (6)
- 2006-njy ý.- ABŞ-nyň Döwlet Departamenti “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň maliýe serişdeler baýragyny ýene-de iki sany taslama gowşurdy:
- Biziň eýýamymyzdan öň ikinji müňýyllyga degişli Goňurdepedäki ýeke-täk özboluşly palçyk we kerpiç binagärliginiň nusgasy bolan ybadathanalar toplumyny we köşgi gorap saklamagynyň birinji tapgyryny tamamlaga mümkinçilik berdi. (7)
- Beyleki taslama bolsa, XVIII-XX asyrlara degişli arap, türkmen we pars dillerinde ýazylan, türkmen taryhy, medeni we dini maglumatlary we edebi işlerini beýan edýän golýazmalary rejelemegiň we gorap saklamagyň birinji tapgyryny maliýeleşdirdi. (8)
- 2007-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkmenistanda “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň maliýe serişdeler baýragyny iki sany taslama gowşurdy:
- Birinji taslama biziň eýýamymyzdan öň ikinji müňýyllyga degişli Goňurdepedäki ýeke-täk özboluşly palçyk we kerpiç binagärliginiň nusgasy bolan ybadathanalar toplumyny we köşgi gorap saklamagynyň ikinji tapgyryny tamamlaga mümkinçilik berdi. (9)
- Beyleki taslama bolsa, XVIII-XX asyrlara degişli arap, türkmen we pars dillerinde ýazylan, türkmen taryhy, medeni we dini maglumatlary we edebi işlerini beýan edýän golýazmalary rejelemegiň we gorap saklamagyň ikinji tapgyryny maliýeleşdirdi. (10)
- 2008-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkmenistanda “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy iki sany taslamany maliýeleşdirdi:
- “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Balkan welaýatyndaky Gadymy Dehistanyň Şir-Kebir (Maşat ata) metjidini gorap saklamaga mümkinçilik berdi. Bu taslama Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli Müdirligi tarapyndan alnyp baryldy. (11)
- “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Türkmenistanyň Taryh instituty tarapyndan alnyp barylan Daşoguz welaýatyndaky Ysmamyt-Ata ýadygärligini öwrenmegiň, dikeltmegiň we gorap saklamagyň birinji tapgyryny maliýeleşdirdi. XI asyra degişli ybadathanalar toplumy we zyýarat ýeri bolan bu ýadygärlik Merkezi Aziýanyň orta asyrlar taryhynyň ajaýyp dini we binagärlik ýadygärlikleriniň biridir. (12)
- 2009-njy ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň maliýe serişdeler baýragyny Türkmenistanyň Milli kitaphanasyna seýrek we gymmatly kitaplary rejelemek we gorap saklamak maksady üçin gowşurdy. Bu maliýe serişdeler baýragyň üsti bilen XVI-XIX asyrlara degişli 50000 golaý seýrek we gymmatly kitaplary rejelemäge we gorap saklamaga ýardam berildi. Bu kitaplar Türkmenistanyň edebi gymmatlyklarynyň esasy bölegi bolup, olar türkmen halkynyň geljekki nesillerine öz mirasynyň paýhasyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer. (13)
- 2011-nji ý. – Türkmenistanda maliýeleşdirilen taslamalaryň sany görülmedik sana ýetdi. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkmenistanda “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” maksatnamasynyň maliýe serişdeler baýragyny ýene-de dört sany taslama berdi:
- Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda Mele-Heýranda ýerleşýän V asyr otparazlyk dinine degişli Ot ybadathanasyndaky bezeg panellerini gorap saklamak üçin “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” maksatnamasynyň baýragyna eýe boldy. (14)
- Ikinji maliýe serişdeler baýragy Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli Müdirligine Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki XIV asyra degişli Najm-ad-Din al-Kubra gümmezindäki maýolika mazar daşyny dikeltmek üçin gowşuryldy. (15)
- Üçünji maliýe serişdeler baýragy Türkmenistanyň Taryh institutyna Daşoguz welaýatyndaky Ysmamyt-Ata ýadygärligini öwrenmegiň, dikeltmegiň we gorap saklamagyň ikinji tapgyryny maliýeleşdirdi. XI asyra degişli ybadathanalar toplumy we zyýarat ýeri bolan bu ýadygärlik Merkezi Aziýanyň orta asyrlar taryhynyň ajaýyp dini we binagärlik ýadygärlikleriniň biridir. (16)
- Dördünji maliýe serişdeler baýragy Gadymy Merw Medeni we taryhy goraghana Uly we Kiçi Gyz galalaryny dikeltmek we gorap saklamak işleriniň öňünden derňew we taýýarlaýyş okuwyny geçirmek üçin berildi. Bu iki sany palçyk we kerpiçden gurlan ägirt uly galalar Sassanid we irki yslamy döwrüne (VI-VIII asyrlara) degişli bolup, Mary welaýatynyň Gadymy Merw şäherçesinde ýerleşýärler. (17)
- 2012-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Türkmenistanda “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasynyň” maliýe serişdeler baýragyny üç sany taslama gowşurdy:
- Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň irki halk aýdymlaryň ýeke-täk arhiwlerini gorap saklamak taslamasy “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasynyň” maliýe serişdeler baýragyna mynasyp boldy. (18)
- Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli Müdirliginiň Lebap welaýatyndaky XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýyny gorap saklamak taslamasy “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasynyň” maliýe serişdeler baýragyna mynasyp boldy. (19)
- Az möçberli bu maliýe serişdeler baýraklardan başga, ABŞ-nyň Döwlet Departamenti uly möçberli “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasynyň” maliýe serişdeler baýragyny berdi. Türkmenistanda ilkinji gezek bu möçberdäki maliýe serişdeler baýragy Mary welaýatynyň Gadymy Merw şäherçesindäki Sassanid we irki yslamy döwrüne (VI-VIII asyrlara) degisli palçyk we kerpiçden gurlan ägirt uly Uly we Kiçi Gyz galalaryny dikeltmek we gorap saklamak taslamasyna berildi. (20)
- 2013-nji ýyl – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň töweregindäki XV asyra degişli Seýit-Jemaletdin metjidiniň syrça bezeglerini we ýazgylaryny dikeltmek taslamasyny maliýeleşdirdi. Bu taslama “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň Türkmenistanda amala aşyran ilkinji taslamasynyň ikinji tapgyry boldy. (21)
- 2014-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Taryh institutynyna Daşoguz welaýatyndaky Ysmamyt-Ata ýadygärligini öwrenmegiň, dikeltmegiň we gorap saklamagyň üçünji we ahyrky tapgyryny maliýeleşdirdi. XI asyra degişli ybadathanalar toplumy we zyýarat ýeri bolan bu ýadygärlik Merkezi Aziýanyň orta asyrlar taryhynyň ajaýyp dini we binagärlik ýadygärlikleriniň biridir. (22)
- 2015-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine biziň eýýamymyzdan öň 2300-1600 ýý. degişli Türkmenistanyň bürünç döwrüniň ady belli ýadygärligi Goňurdepede ýerasty guburlaryň çuň mazmunly syrça bezeglerini öwrenmegi, bölekleýin dikeltmegi we täzelemegi göz öňünde tutan taslamany maliýeleşdirdi. (23)
- 2016-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti şu ýyl “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli Müdirliginiň Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gadymy Dehistan Taryhy we medeni goraghanasyndaky Misrian şäherçesinde ýerleşýän XIII asyra degişli Muhammet II Horezmşah metjidini öwrenmek, rejelemek we dikeltmek taslamasyny maliýeleşdirýär. (24)
- 2017-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet Departamenti şu ýyl “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli Müdirliginiň Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky XII asyra degişli Daýahatyn kerwensaraýyny gorap saklamak taslamasynyň ikinji tapgyryny maliýeleşdirýär. (25)
- 2019-njy ý. – ABŞ-nyň Döwlet departamenti şu ýyl “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasynyň maliýe serişdeler baýragyny Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligine Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky XII asyra degişli bolan Daýahatyn kerwensaraýyny gorap saklamak taslamasynyň üçünji tapgyryny amala aşyrmak üçin gowşurdy. (26)
- 2020-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet departamenti Ahal welaýatynda ýerleşýän Şahryslam ýadygärliginiň XI asyra degişli bolan suw desgalaryny (sardobalaryny) dikeltmek we gorap saklamak taslamasyny maliýeleşdirdi. Bu taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Taryh we arheologiýa muzeýi bilelikde ýerine ýetirýärler. (27)
- 2020-nji ý. – ABŞ-nyň Döwlet departamenti XVIII-XX asyrlara degişli arap, türkmen we pars dillerinde ýazylan, türkmen taryhy, medeni we dini maglumatlary we edebi işlerini beýan edýän golýazmalary rejelemek we gorap saklamak taslamasyny maliýeleşdirdi. Bu taslamany Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty amala aşyrýar. (28)
“Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” atly halkara maksatnamasy medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslamalaryň aşakdaky üç görnüşini maliýeleşdirýär:
- MEDENI ÝADYGÄRLIKLER arheologiki ýadygärliklerini, binalary, taryhy binalaryny we ýadygärliklerini we başgalary öz içine alýar:
- Mukaddes ýerleri we ýadygärlikleri, arheologiki we taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak;
- Gorap saklamagyň meýilnamasynyň bir bölegi hökmünde arheologiki barlag geçirmek;
- Ýerli ýadygärligiň ýa-da ýadygärlekleriň gorap saklamagyň dolandyryşyny meýilleşdirmek, hem de
- Gorap saklamak maksady bilen ýerli ýadygärligiň ýa-da ýadygärlekleriň hasaba alyş resminamalaryny döretmek.
- MEDENI TAPYNDYLARY WE TAPYNDYLARYNYŇ ÝYGYNDYLARYNY muzeýden, ýadygärlikden ýa-da şuňa meňzeş edaradan gelip, arheologiki we etnografiki tapyndylary, suratlary, heýkelleri, golýazmalary, fotografiýa we kinofilm ýygyndylary, we umumy muzeý gorap saklamak işlerini öz içine alýar:
- Tapyndylary we tapyndylarynyň ýygyndylaryny rejelemek;
- Rejelemek we gorap saklamak maksady bilen tapyndylary we tapyndylarynyň ýygyndylaryny hasaba almak;
- Tapyndylarynyň ýygyndylaryna zerur bolan şertleri we jaýlary döretmek, hem de
- Ýygyndylary gorap saklamak ýa-da olara gözegçilik etmek üçin hünärmenlere taýýarlyk okuwlary geçirmek.
- HALK SUNGATYNYŇ DÄP BOLAN UGURLARY halk sazy, däp-dessurlary, bilimi, dilleri, tanslary, teart sungaty we hünärleri öz içine alýar:
- Halk sazynyň we tans görnüşleriniň ýazgylary;
- Ýitip barýan dilleriniň sözlügini düzmek;
- Halk şygryýetini we sözleýiş taryhyny ýazga geçirmek, hem de
- Ýitip barýan halk sungatyny we hünärlerini gorap saklamak üçin hünärmenlere taýýarlyk okuwlary geçirmek.
Bu maksatnama gatnaşmak üçin tabşyrylýan arzalar şu aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:
Taslamanyň we ony ýerine ýetirmäge gatnaşýanlaryň doly beýany, şol sanda gadymy tapyndynyň (ýa-da tapyndylar ýygyndysynyň), medeni ýa-da mukaddes ýadygärligiň (ýa-da ýadygärlikleriň) ýa-da halk sungatynyň görnüşiniň wajyplygy we ýetiriljek wagty görkezilmeli. Taslamalaryň ählisi gatnaşýan yurdyň taryhy we medeni ösüşi bilen bagly bolmaly hem de dikeltmegiň we gorap saklamagyň zerurlygyny görkezmeli.
- Geçiriljek işleriň jikme-jik iş meýilnamasy, şol sanda okuw-düşündiriş işleri (leksiýalaryň we tanyşdyrma çykyşlarynyň meýilnamasy, okuw we düşündiriş häsiýetli dürli kitapçalary çap etmegiň we ýaýratmagyň meýilnamasy, we ş. m.).
- Taslamanyň ýurt üçin ähmiýeti we onuň edil şu wagt ýerine ýetirilmeginiň zerurlydygynyň sebäbi.
- Taslamany amala aşyrmak üçin soralýan ähli serişdeleriň jikme-jik sanawy; taslamany amala aşyrjak tarapyň öz goşandy we, eger başga taraplar gatnaşýan bolsa, olaryň hem goşandy görkezilmelidir. Hökümetler, halkara edaralar we hususy kärhanalar ýaly ABŞ-nyň hökümetine bagly däl ýerli gatnaşyjylaryň taslama goşantlary has-da goldanylýar.
- Taslamanyň amala aşyryljak wagty taslamanyň gidişi we onuň netijeleri boýunça hasabat bermek üçin ulanyljak usullaryň beýany.
Teklip edilýän taslamanyń çykdaýjysy iň az 10000, iň köp 300000 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolmaly.
BELLIK: Bu maksatnama DIŇE medeni mirasy gorap saklamak üçin niýetlenýär. Maksatnamanyň serişdeleri bilen täjirçilik, ýaşaýyş ýa-da hususy eýeçilikde bolan emläkleri ýa-da tapyndylar ýygyndylaryny satyn almak üçin peýdalanmak bolýan däldir.
Dünýä boýunça maliýeleşdirilen medeni mirasy gorap saklamak we dikeltmek baradaky taslamalar barada maglumaty şu internet sahypasyndan tapyp bilersińiz: http://eca.state.gov/cultural-heritage-center/ambassadors-fund-cultural-preservation.
Bäsleşige gatnaşmak ücin arza ýa-da soraglar bilen ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup bilersiňiz.
Arzalary tabşyrmagyň iň soňky güni
2023-2024 ýyl boýunça resminamalary tabşyrmagyň ahyrky möhleti 2022-nji ýylyň 15-nji dekabry.
Arzalar we soraglar bilen şu işgäre ýüz tutup bilersiňiz:
Filmon Haýli, medeniýet boýunça attaşe
Maýsa Nepesowa, Serişdeleri utgaşdyrmak boýunça hünärmen
Maglumat we medeniýet bölümi, Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503, goşmaça 245 ýa 237
Faks: (+99312) 473529
Elektron poçta: irc-ashgabat@state.gov