Amerikan merkezi

2021-nji ýylyň 12-nji aprelinden başlap, Amerikan merkezi açyldy we DIŇE öňünden ýazylmak arkaly gelip bolýar.

Maglumat we medeniýet bölüminiň bir bölegi bolan Amerikan merkezi jemgyýetçilik kitaphanasy we Internet merkezi ýerleşýän hem-de iňlis dili okuwlaryň we dürli okuw maksatnamalaryň geçirilýän ýeridir. Amerikan merkezi ABŞ barada, ABŞ-nyň halky, medeniýeti we gymmatlyklary hem-de ABŞ-nyň hökümetiniň Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky syýasaty barada maglumaty köpçülige hödürleýär. Türkmenistanyň raýatlary merkezimiziň iş wagty Amerikan merkezine gelip bilerler.

Häzirki wagtda Amerikan merkezi açykdyr we DIŇE öňünden ýazylmak arkaly gelip bolýar. Ýazylyp gelmek üçin Internet arkaly saýtmyzdan wagt bellemelidir. Gelýänler 9:30-da, 11:30-da, 14:30-da, 16:30-da we 18:30-da duşenbe-anna günleri we şenbe güni 10:00-da, 13:30-da we 15:30-da başlanýan wagtlardan ýer belläp bilerler. Häzirki wagtda gelýänleriň sany we saparynyň dowamlylygy çäklendirilýär. Internet arkaly wagt bellenýän bit.ly/ac-visit salgydaky saýtymyza girip ýazylmagyňyzy (PDF 370KB) haýyş edýäris. Maksatnama gelip gatnaşmak: Käbir maksatnamalar az sanly gatnaşyjylar üçin açyk bolar we gelip gatnaşyp bilersiňiz. Onuň üçin öňünden ýazylmalydyr: bit.ly/ac-attend. Amerikan merkezi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň baýramçylyk günleri işlemeýär.

Amerikan merkezine gelýän myhmanlar biziň elektron görnüşindäki serişdelerimiz, ýagny okuw beketleri ýa-da Wi-Fi arkaly Internete girmek mümkinçilikleri bilen gyzyklanýarlar. Ondan başga hem, myhmanlarymyz ýüzlerçe kitap, podkast, iňlis dilini öwredýän oýunlar we başga maglumatlar bilen ýüklenen iPad planşetlerini ulanyp bilerler. Amerikan merkezinde myhmanlar iňlis we rus dilindäki amerikan kinolar toplumyndan peýdalanyp, filmleri öz başyna ýa-da hepdelik görkeziliş wagtynda seredip bilýärler. Şeýle hem, Amerikan merkeziniň kitaphanasy 9000-e golaý dürli maglumat berýän, ylmy we çeper edebiýat kitaplardan ybarat bolup, 40-a golaý (PDF 266 KB) Amerikanyň esasy döwürleýin neşirlerine ýazylandyr.

Häzirki wagtda Amerikan merkezi Owerdraýw platformasynda işleýän eLibrary – elektron kitaphanasyny hödürleýär. “eLibrary” dürli kitaplary, audiokitaplary we ABŞ-nyň meşhur žurnallarynyň elektron neşirlerini hödürleýär. Kitaphana kartoçkalary bolanlar, Amerikan merkezine baryp, derrew göçürip alyp, hasabyny işledip bilerler. Kartyňyz ýok bolsa, kartoçka almak üçin şahsyýetnama ýa-da kopýasyny getiriň. Saparyňyzy wagt bellemek bilen tertipläň (ýokarda serediň). “eLibrary” ösýär, her aý täze materiallar goşýarys. Amerikan merkeziniň elektron kitaphanasy barada has giňişleýin öwreniň we katalogymyza giriň.

Amerikan merkezinde işleýän hünärmenler myhmanlara uly höwes bilen ylmy-barlag meýilnamalary üçin maglumatlary tapyp bermäge kömek edip, Internetdäki ýörite maglumatlary tapmak barada şahsy ýa-da toparlaýyn okuw maslahatlaryny hödürlärler.

Amerikan merkezi amerikanlar bilen geçirilýän gepleşik sapaklary, daşary ýurt hünärmenler bilen maslahatlar we ABŞ-daky durmuş we medeniýet barada amerikanlaryň çykyşlary ýaly iňlis dilinde geçirilýän çäreleri bilen meşhurlyk gazandy. Amerikan merkezinde geçirilýän çäreleriň her aý boýunça tertibini şu ýerden (2023-nji ýylyň iýun aýy, PDF 1MB) alyp bilersiňiz.

Salgymyz:

Amerikan merkezi, Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529
Elektron poçta: AmericanCenterAshgabat@state.gov