
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Amerikan merkezi myhmanlarymyzyň elektron kitaplary, audiokitaplary ýa-da ABŞ-nyň meşhur žurnallarynyň elektron neşirlerini okamak we diňlemek uçin wagtlaýyn alyp bilýän elektron kitaphanasyny işe girizdi. Kartlary bolan Amerikan merkezine gelýänler indiki sapar gelen wagtynda merkeziň işgärleriniň kömegi bilen hasabyny işe girizip (bu ýere baryp öňünden wagt bellemegiňizi haýyş edýäris) we tiz wagtyň içinde kitaplary alyp bilerler. Bir wagtyň özünde, myhman 14 güne çenli bäş kitap alyp biler.
Elektron kitaplaryň, audiokitaplaryň we žurnallaryň elektron neşirleriniň dürli ugurlardan toplumlaryny hödürleýäris. Häzirki wagtda mowzuklar iňlis dilini öwrenmek, kollejlere girmek, TOEFL, SAT, ýetginjekler üçin fantastika, meşhur romanlar we poeziýa, işewürlik, telekeçilik, howanyň üýtgemegi we tebigat, şeýle-de meşhur amerikalylar hakda rus dilindäki edebiýaty öz içine alýar. Kolleksiýamyzy yzygiderli täzeläris, bu ýerde biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Elektron kitaphanamyzyň katalogyny islendik ýerden görüp bilersiňiz. Diňe Amerikan merkezinde neşirleri göçürip, ýüklap alyp bilersiňiz. Şonuň üçin saparyňyzy meýilleşdireniňizde ep-esli wagt beriň. Materiallary doly göçürip alanyňyzdan soň, oflaýn islendik ýerde okap we diňläp bilersiňiz. Katalogymyza göz aýlamak üçin eLibrary üçin baglanyşyk: https://usturkmenistan.overdrive.com
Goşmaça soraglar ýa-da teklipler üçin aragatnaşyklarymyz:
Amerikan merkezi, Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
IMO: (+99363) 598135
Elektron poçta: AmericanCenterAshgabat@state.gov