Türkmenistandaky ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkezi (EAC) – bu dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 400 maslahat beriş merkezleriniň biri bolup, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosy (ECA) tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkezi (EAC) ABŞ-da bilim almagyň mümkinçilikleri barada, hem de Amerikanyň kolejlerine we uniwersitetlerine girmek üçin zerur bolan TOEFL, SAT, LSAT we GRE ýaly standartlaşdyrylan testler barada açyk we tölegsiz maglumat berýär.
ABŞ-da ýokary bilim almaga höweslendirmek maksady bilen, bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkeziniň işgärleri şahsy we toparlaýyn maslahat bermek duşuşyklaryny geçirýär; anketalary we giriş resminamalary, üstünlikli tabşyrmaga, standartlaşdyrylan testlerden geçmäge, şeýle hem, amerikan uniwersitetlerinden we kolejlerinden maliýe kömegini almaga gönükdirilen seminarlary, tanyşdyrmalary we dürli çäreleri hödürleýär. ABŞ-da bilim almak meseleleri boýunça maslahatçy Türkmenistandaky dalaşgärlere dürli derejeler, şol sanda, bakalawr, magistr we doktor derejeleri barada maglumat berýär we Amerikanyň ýokary okuw jaýlaryna tabşyrmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamakda ýardam berýär.
Bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkeziniň (EAC) kitaphanasynda köpçülige akademiki maksatlar üçin Internet ulgamyndan tölegsiz peýdalanmak hödürlenip Amerikanyň ýokary okuw jaýlary hakynda kitapçalary we kataloglary, şol sanda, maksatnamalaryň we kurslaryň mazmuny, kabul edişligiň umumy talaplary we giriş resminamalary tabşyrmagyň tertibi barada maglumat berilýär. Mundan başga, EAC kitaphanasynda talyp hakyny (stipendiýalary) almak, standartlaşdyrylan testlere taýýarlyk görmek, düzme ýazmak, şahsy maglumaty (rezume) taýýarlamak we akademiki bilim almagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak ýaly maglumat hödürlenýär.
Şeýle hem Türkmenabat, Daşoguz we Mary şäherlerindäki Amerikan burçlary ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkezi bolup, ABŞ-da ýokary bilim almaga taýýarlyk görmek üçin maglumat we serişdeler bilen üpjün edýär. Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki Amerikan burçlarynyň ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahat berýän maslahatçylary ABŞ-nyň bilim maksatnamasy bilen gyzyklanýan dalaşgärleriň giň köpçüligine maglumat we maslahat berýärler.
Habarlaşmak üçin
ABŞ-da ýokary bilim barada maglumat almak üçin Amerikan burçlaryndaky maslahatçylar bilen şu salgy boýunça habarlaşyň:
Türkmenistan boýunça ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahatçy
Aýýa Hudaýbergenowa
Amerikanyň Halkara bilim baradaky Geňeşi
Gorogly köçesiniň 48A jaýy, 3-nji gaty,
Aşgabat, Türkmenistan, 744036
Tel.: (+99312) 36-90-16/21/22
Cell: (+99363) 502036
E-poçta: eac@americancouncilstm.org
Internet sahypasy: http://www.americancouncilstm.org; http://educationusa.state.gov
Daşoguz şäherinde ýerleşýän ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahatçy
Manzura Allabergenowa
Şagadam köçesiniň 6-njy jaýy,
Daşoguz ş., Türkmenistan, 746300
Tel.: (+99322) 29259
E-poçta: edusadashoguz@americancouncilstm.org
Internet sahypasy: http://americancouncilstm.org/american-corner-in-dashoguz/?lang=tm
Mary şäherinde ýerleşýän ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahatçy
Güljahan Tursunowa
Agzybirlik köçesiniň 42A-nji jaýy,
Mary ş., Türkmenistan, 745400
Tel.: (+993522) 73865
E-poçta: edusamary@americancouncilstm.org
Internet sahypasy: http://americancouncilstm.org/american-corner-in-mary/?lang=tm
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahatçy
Gulmira Abdyrahmanowa
Garaşsyz Diýar köçesiniň 33-nji jaýy,
“Şatlyk” binasynyň 3-nji gaty,
Türkmenabat ş., Türkmenistan, 746100
Tel.: (+993422) 33771
E-poçta: edusaturkmenabat@americancouncilstm.org
Internet sahypasy: http://americancouncilstm.org/american-corner-in-turkmenabat/?lang=tm
Dalaşgärler üçin saýlanan maglumat çeşmeleri (iňlis dilinde)
Aşakda hödürlenýän sepleriň her biri ABŞ-da bilim almaga taýýarlanmak üçin gysgaça maglumat berýär. Bu maglumatlar ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkezi (EAC) tarapyndan hödürlenilýär.
- Ýerli kollejler
- Bakalawr derejeli okuw maksatnamalary barada sepler
- Magistr derejeli okuw maksatnamalary barada sepler
- Gysga-möhletleýin okuw maksatnamalary barada sepler
- Iňlis dili boýunça okuw maksatnamalary barada sepler
- Internet arklay bilim almak
Goşmaça maglumat üçin ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada maslahat beriş merkeziniň (EAC) internet sahypasyna geçiň: http://educationusa.state.gov.