Iňlis dilini okatmak we öwrenmek

Maglumat we medeniýet bölümindäki iňlis dilini kämilleşdirmek maksatnamalary üçin serişdeler

Maglumat we medeniýet bölüminde iňlis dilini okatmagyň usulyýeti we okuw kitaplarynyň birnäçe görnüşleri bardyr we bu kitaplary iňlis dili mugallymlary iki hepdä çenli möhlet bilen alyp bilerler. Mugallymlary we iňlis dilini öwrenýänleri Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýän Amerikan merkezine baryp görmäge çagyrýarys. Bu ýerde mugallymlar, alymlar we hökümet işgärleri üçin ABŞ barada öwrenmäge ähli şertler bar.

“American English”

American English” internet sahypasy iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmek, Amerikan medeniýeti bilen tanyş bolmak, hem de iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde okadýan we öwrenýän bütindünýä mugallymlar we okuwçylar birleşigi bilen gepleşigi has-da giňeltmek baradaky serişdeleri hödürleýär.

“Forum” žurnaly

Iňlis dilini okatmak boýunça “Forum” žurnaly, ABŞ-da ýaşamaýan iňlis dili mugallymlar üçin niýetlenip, ýylda dört gezek (ýanwar, aprel, iýul we oktýabr aýlarynda) çap edilýar. Türkmenistanda bu žurnal Maglumat we medeniýet bölümi hem de Amerikan burçlary tarapyndan paýlanylýar. Şeýle-hem bu žurnal elektron görnüşde çykarylýar: http://americanenglish.state.gov/english-teaching-forum

Siz hem öz makalalaryňyzy şu görkezmeleri ýerine ýetirip “Forum” žurnalyna tabşyryp bilersiňiz. Çap ediljek makalalar kompýuterde ýazylmaly, golýazmanyň setirleriniň arasynda jübüt boş ýer bolmaly we sahypanyň çetleri azyndan üç santimetr bolmaly. Şeýle hem, makala bilen bilelikde bu makalanyň mundan ozal çap edilendigi ýa çap edilmändigi barada beýannama tabşyrylmaly. “Forum” žurnalyna ýazylan ýüzlenmeler şu aşakdaky salgy boýunça tabşyrylmaly:

English Teaching Forum
ECA/A/L/M
US Department of State, SA-5, 4th Floor
2200 C St. NW
Washington, DC 20037 USA
Elektron salgy: etforum@state.gov

Türkmenistanda iňlis dilini okatmak boýunça hünärmen-mugallymlary (ELT) maksatnamasy

Waşington şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Iňlis dili boýunça maksatnamalaryň edarasy, ABŞ-nyň Kongresiniň maliýeleşdirmegi bilen, Iňlis dilini okadýan hünärmenleri Merkezi Aziýanyň ýokary okuw jaýlaryna we beýleki bilim ojaklaryna getirmek üçin üç sany maksatnamany işläp düzdi. Siziň okuw jaýyňyz şol hünärmenleriň birini getirmek bilen gyzyklanýan bolsa, hem de Maglumat we medeniýet bölümi bilen işleşmek islese, Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenler: Bu maksatnamanyň çäklerinde iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde okadýan ökde mugallymlar ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirilip şol okuw jaýlarynyň zerurlygy esasynda bir ýylyň dowamynda iňlis dilini öwredýärler. Bu hünärmenler – iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmak ugryndan magistr derejesi bolan ABŞ-nyň raýatlarydyr.

Iňlis dili boýunça hünärmenleri gysga-möhletleýin maksatnama üçin çagyrmak: Bu maksatnama iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmak we amaly dil bilimi ugurlary boýunça Amerikanyň akademiki işgärlerini gysga-möhletleýin taslamalar üçin (iki-alty hepde aralygy) çagyrmaga mümkinçilik berýär. Hünärmenler okuw meýilnamalaryny düzmekde, mugallymlar üçin hünär kamilleşdirmek okuw sapaklaryny bermekde, kitaplary işläp düzmekde, ýöriteleşdirilen iňlis dili sapaklary geçirmekde, maksatnamalara baha bermekde we şuňa meňzeş belli bir maksatnamalaryň üstünde işlemekde ýardam berýärler. Institutlar we edaralar hünärmeni çagyrmak bilen gyzyklanýan bolsa, olar belli bir alymy çagyryp bilerler; bolmasa-da, Iňlis dili boýunça maksatnamalaryň edarasynyň özi tanymal akademiki hünärmeni saýlap çagyrýar. Bu maksatnama degişli çykdaýjylaryň ählisini ABS-nyň hökümeti töleýär.