Okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary

ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanda geçirilýän okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary

Fulbraýt maksatnamasy: Fulbraýt alyş-çalyş maksatnamasy iň ýokary derejedäki akademik alyş-çalyş maksatnamasy bolup Türkmenistanyň tejribeli alymlaryna, ylmy işgärlerine we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Fulbraýt maksatnamasy boýunça magistr derejesini almak maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2021-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär.

Fulbraýt-Milli arhiw mirasy ylmy stipendiýasy Fulbraýt maksatnamasyna gatnaşýan alymlara Merilend ştatynyň Kollej park şäherinde ýerleşen Milli arhiwiň iň häzirki zaman Miras ylmy gözleg we synag barlaghanasynda ylmy-barlag işlerini alyp barýan döwürlerinde Milli arhiwiň alymlary we hünärmenleri bilen gatnaşykda bolmaga mümkinçilik döredýär. Bu stipendiýa arhiw ylmy okuwyny, gorap saklamagy we ylmy-barlag işlerini goldaýar. Bu maksatnama ABŞ-da bolup geçýär.

Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy: “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna has düýpli düşünmegi ösdürýän alty-hepdelik okuw bolup ABŞ-nyň jemgyýetini, medeniýetini we gurluşyny öwrenýän ýa-da wezipe borçlary şu ugurlar bilen baglanşykly dürli milletli hünärmenler: mugallymlar, alymlar we beýleki hünärdäki adamlar üçin niýetlenýär. Dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmelidirler.

Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy alymlyk derejesini bermeýän çalt depginli maksatnamadyr. Bu maksatnama orta bilim gatlagynda işleýän tejribeli mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine we gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýär. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar. Gatnaşmaga isleg bildirýänler şu maglumaty göz öňünde tutmalydyrlar: mugallymlar üçin bölümiň maksady maglumat we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup, okatmagyň metodikalaryny ýada okadyş prosesine degişli bolan sapaklary öz içine almaýar.

“Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasy güýçli depginde alnyp barylýan gysga-möhletleýin okuw maksatnamasy bolup, onuň maksady Ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna ABŞ barada çuňňur düşünje bermekden we şol bir wagtyň özünde olaryň dolandyryjylyk ukyplaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu maksatnama gatnaşyjylaryň liderlik ukyplaryny ösdürmek bilen bir hatarda ABŞ-nyň taryhy, hökümeti, jemgyýeti we medeniýeti baradaky bilimlerini artdyrmaga ýardam eder.

Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa: Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa döwlet pudagynda üstünlikli işläp ýören orta derejeli hünärmenlere dereje berilmeýän bir ýyllyk okuwa ABŞ-na gitmäge we öz hünärleri boýunça gatnaşyklary gurmaga mümkinçilik berýär.

Fulbraýt maksatnamasy boýunça Mugallymçylyk ussatlygy: Bu maksatnama mekdep mugallymlaryna öz ugurlaryndan bilimini ösdürmekde, okadyş tärlerini kämilleşdirmekde we ABŞ barada bilimlerini artdyrmakda deňi-taýy bolmadyk mümkinçilikleri hödürleýär.

Kohran Fellowşip maksatnamasy: ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylýan Kohran maksatnamasy döwlet we hususy sektoryň oba hojalyk hunärmenleri üçin Amerikanyň oba hojalygy bilen tanyşdyryjy iki-hepdelik sapary hödürleýär.

Talyplar üçin “Global UGRAD” alyş-çalyş maksatnamasy ýokary okuw jaýlarynda okaýan Türkmenistanyň talyplaryna 2 okuw ýarymýyllygyň dowamynda ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga mümkinçilik berýär.

Mekdep okuwçylary üçin FLEKS alyş-çalyş maksatnamasy: FLEKS alyş-çalyş maksatnamasy mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryna bir okuw ýylyň dowamynda amerikan maşgalasynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdebinde okamaga mümkinçilik berýär.

“Açyk dünýä” maksatnamasy: bu maksatnama Ýewraziýanyň we Amerikanyň hünärmenleriniň arasynda özara düşünüşmekligi we hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin işlenip düzülen alyş-çalyş maksatnamasydyr. Bu maksatnamanyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen ýaş jemgyýetçilik we syýasy liderler öz amerikan kärdeşleri bilen 10 günüň dowamynda ABŞ-da geçirilýän hünärmen duşuşyklara gatnaşyp hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar.

“TechWomen” maksatnamasy: bu maksatnama Afrika, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan bolan ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlarda işleýän öňdebaryjy zenanlary olaryň hünärmen egindeşleri bilen ABŞ-da halypaçylyk we alyş-çalyş maksatnamasy üçin duşuşdyrýar. “TechWomen” maksatnamasy gatnaşyjylara olaryň ukyplaryny doly güýçlendirmek üçin serişdelere we maglumat almaga ýol açýar. Bäş hepdäniň dowamynda zenanlar San Fransisko şäheriniň we Kremniý jülgesiniň öňdebaryjy kompaniýalarynda taslama esasynda halypalary bilen işdeş bolarlar, hünärmenler bilen duşuşyp ussatlyk sapaklaryna gatnaşarlar. Maksatnamanyň ahyrynda olar Waşington şäherinde ýörite ýygnaklara hem gatnaşarlar.

Aýowa ştatynyň uniwersitetinde geçirilýän halkara ýazuw maksatnamasy (IWP): bu maksatnamanyň çäklerinde dünýäniň dürli künjeklerinden ýazyjylary çagyryp gepleşikler, hünär sapaklary, hyzmatdaşlyk we çykyşlar arkaly halkara medeniýet gürrüňdeşligi guralýar. Gatnaşyjylar 12 hepdäniň dowamynda Aýowa uniwersitetiniň ýaşaýyş jaýlarynda ýaşap, öz işi barada ýerli ýaşaýjylary üçin çykyş edýärler, talyplar bilen işleýärler we sapaklara gatnaşyp sapaklary alyp barýarlar. Maksatnama gatnaşyjylara öz ýurtlarynyň edebi işlerini getirip köpçülige hödürlemek we ABŞ-nyň jemgyýeti, medeniýeti we edebiýaty barada öwrenmek üçin mümkinçilik döredýär.