“Okatmakda ussatlyk we üstünlik” maksatnamasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy “Okatmakda ussatlyk we üstünlik” maksatnamasynyň 2017-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik yglan edýär. “Okatmakda ussatlyk we üstünlik” maksatnamasy (TEA) mekdep mugallymlaryna öz ugurlaryndan bilimini ösdürmekde, okadyş usullaryny kämilleşdirmekde we ABŞ barada bilimlerini artdyrmakda özboluşly mümkinçilik hödürleýär. Halkara gatnaşyjylar hersi 88-90 sany mugallymlardan ybarat bolan iki topara bölünip, 2017-nji ýylyň bahar we güýz möwsümlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar ederler. TEA maksatnamasy ylmy dereje bermeýän, okadyş usulyýetleri, sapaklary meýilleşdirmek we öz ýurtlaryndaky okuw otaglaryny gurnamaklygyň strategiýalary barada, şeýle hem kompýuteri Internet, dokumentleriň üstünde işlemek we okatmak esbaby hökmünde ulanmak baradaky okuw işlerini we intensiw taýýarlyk okuwlaryny öz içine alýar. Akademik maksatnamanyň bir bölegi hökmünde, gatnaşyjylar öz ýurtlarynda derslerde ulanmak üçin sapaklaryň birnäçesini taýýarlamaga we düzmäge mümkinçilik berilýär, hem de maksatnamanyň ahyrynda Waşington şäherinde geçiriljek maslahatda görkezmek üçin sapaklaryň birini gysga açyk sapak hökmünde taýýarlamaga mümkinçilik alarlar. Bu alty-hepdelik maksatnama halkara gatnaşyjylar bilen amerikan mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda ysnyşykly we işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin orta mekdepde kyrk sagatlyk tejribe işini hem öz içine alýär. Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylara ABŞ-nyň medeni merkezlerine syýahat etmäge we doly akademik hemaýaty hem hödürlener.

TEA şu aşakdakylary üpjün edýär we doly maliýeleşdirýär:

  • J-1 görnüşli wiza almaga goldaw bermek;
  • Maksatnama ugramazdan öň gatnaşyjynyň ýurdynda geçirilýän ugrukdyrma maslahaty;
  • Gatnaşyjynyň ýaşaýan şäherinden Amerikanyň Birleşen Statlaryna howa ulag ýol çykdaýjylary we ABŞ-da maksanamanyň çäklerinde amala aşyrylýan beýleki howa ulag ýol çykdaýjylary;
  • Waşington şäherinde tanyşdyryş maslahaty;
  • Akademik maksatnamanyň tölegleri;
  • Ýaşaýyş jaýy (köplenç beýleki gatnaşyjy bilen paýlaşylýar) we iýmit çykdaýjylary;
  • Betbagtçylyk we syrkawlama ýagdaýlary öz içine alýan lukmançylyk ätiýaçlandyrylşy;
  • Tejribe geçýän mekdebe çenli ulag çykdaýjylary (zerur bolan ýagdaýda);
  • Akademik maksatnamanyň dowamynda iýmit we garaşylmadyk çykdaýjylar üçin gündelik pul serişdeleri;
  • Kitap/hünär ösüşi üçin niýetlenen pul serişdeleri;
  • Maksatnamanyň dowamynda gidiş-geliş ýol boýunça gatnaşyjylaryň ýany bilen alyp barýan goşlaryna (bagaža) tölenýän tölegler üçin pul serişdeleri;
  • Waşington şäherinde geçiriljek jemleýji maslahat; we
  • Maksatnamanyň dowamy hökmünde maliýe serişdeler baýragyny (grant) almak üçin ýüz tutmaga mümkinçilik bar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Doly iş güni işleýän, bäş ýyl ýa-da ondan hem köp iş tejribesi bolan, orta mekdepde iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde okadýan mugallym bolmaly;
  • Häzirki wagtda işleýän we maksatnama tamamlanandan soňra bäş ýylyň dowamynda mugallymçylygy dowam etmekligi maksat edinýän bolmaly;
  • Anketany tabşyran wagty raýaty bolan ýurtda ýaşaýan bolmaly;
  • Ýokary bilim (uniwersiteti tamamlandygy) barada diplomy ýa da şoňa deň derejeli resminama bolmaly;
  • Mugallymçylyk iş tejribesi azyndan 5 ýyl bolmaly;
  • TOEFL synagy boýunça bahasy azyndan 450 bal bolmaly.

***Bilim Ministirliginiň işgärleri, bilim ulgamynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary, utgaşdyryjylar, hususy mugallymlar (repetitor) maksatnama gatnaşmak üçin dalaşgär bolup bilmeýärler.

Anketalar

2016-2017-nji ýyllar üçin “Okatmakda ussatlyk we üstünlik” maksatnamasy häzirki wagtda ýapyldy. Bu maksatnamanyň indiki tapgyry 2017-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne başlar.

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň internet sahypasyndan anketany ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Medeniýet we maglumat bölümine ýüz tutup alyp, hem de Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki Amerikan burçlaryna ýüzlenip alyp bilersiňiz.

Habaralaşmak üçin:

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Andalyp (1958) köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529
E-poçta: AshgabatEducation@state.gov