Uçurymlaryň ýurdyň ähli künjeginde alyp barýan işleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän alyş-çalyş we okuw maksatnamalaryna gatnaşanlaryň has köp özara aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk amala aşyrmagyna ýardam berýär. Bu maksatnamalaryň maksady uçurymlaryň jemgyýetiň ösüşine niýetlenen işlerine gatnaşygyny giňeltmekdir. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi uçurymlar üçin birnäçe çareleri we duşuşyklary, şol sanda uçurymlaryň ýyllyk duşuşygyny yzygiderli geçirýär. Maglumat we medeniýet bölümi uçurymlar üçin olary gyzyklandyrýan mowzukdan habardyr maglumatlary taýýarlap ýaýradýar.
Uçurymlaryň geçirýän çäreleri barada bilmek üçin, Facebook internet sahypasynda açylan “Türkmen uçurymlary” atly sahypa geçiň. Ol sahypada uçurymlara degişli bolan täzelikleri, makalalary, bildirişleri we suratlary görüp bilersiňiz.
Şeýle hem Ilçihana , uçurymlar üçin niýetlenen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň uçurymlary internet sahypasynda hasaba durmaga çagyrýar. Bu sahypada uçurymlara dürli maliýe serişdeler baýragy (grantlar), iş, stipendiýa we hünär kämilleşdirmek mümkinçilikleri barada maglumat hödürlenýär. Şeýle hem şol sahypada ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamalarynyň tutuş dünýädäki uçurymlary bilen habarlaşyp bolýar.
Uçurymlaryň alyp barýan işleri we maksatnamalary barada yzygiderli habardar bolmak isleýän bolsaňyz, siz “Turkmen alumni listserwine” ýazylyp bilersiňiz. Munuň üçin şu salga elektron hat ibermeli: AshgabatAlumni@state.gov.
Habarlaşmak üçin:
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503, goşmaça 243