Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2022-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2023-2024-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň alty sanysy Türkmenistanyň raýatydyr.
«FLEX» maksatnamasy aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli okuwçylar üçin açykdyr:
- 2005-nji ýylyň 15-nji marty – 2007-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar; 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
- Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
- Iňlis dilinde gowy gürleýän;
- Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we mekdepdäki okuw ýetişigi gowy bolan;
- ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän;
- Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Amerikan geňeşlikleriniň websahypasynyň FLEX bölümini açyň we 1-nji tapgyr üçin Gyzyklanma Formasyny dolduryň https://americancouncilstm.org/flex/ ýa-da +993-63-50-20-36 telefon belgisi arkaly Amerikan geňeşliklerine ýüz tutyň. 1-nji tapgyr üçin ýazylyşyk 2022-nji ýylyň 16-njy noýabrda açylar we 14-nji dekabryna çenli dowam eder.
Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:
Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
websahypa: http://americancouncilstm.org/flex