Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2019-2020-njш ýyllar üçin ylmy işgärlere Fulbraýt maksatnamasyna gatnaşmak üçin açyk bäsleşigi yglan edýär. Bu maksatnama tapawutlanan ylmy işgärlerine we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna ABŞ-nyň dürli uniwersitetlerinde ylmy dereje bermezden ylmy-barlag işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Maksatnamanyň dowamlylygy – 3 aýdan 12 aýa çenli bolup biler.

Ylmy-barlag işleri aşakda görkezilen ugurlar boýunça geçirilýär:

  • ABŞ-ny öwreniş: amerikan edebiýatynyň, sungatynyň, taryhynyň, pelsepesiniň, dininiň dersara we deňeşdirmeli öwrenişi;
  • Ykdysadyýet we aragatnaşyk: biznes, mikro- we makroykdysadyýet, oba hojalygy, aragatnaşyk, maglumat ulgamyna degişli ylymlar;
  • Döwlet dolandyryşy: durmuş üpjünçiligi, bilim we saglygy goraýyş ulgamlary, şäher meýilnamalaşdyrylşy, inženerçilik we binagärlik ýaly durmuş taýdan üpjünçilik edaralar barada nazary maglumat we olaryň dolandyrylşy;
  • Hukuk: kanun döredijiliginiň ösüşi, kazyýeti dolandyryş prosesleri, normatiw-düzgünleşdiriji namalar, energetika baradaky kanunçylyk, eýeçilik barada kanunçylyk, garaşsyz we döwlet edaralar ulgamlary;
  • Takyk we tebigaty öwreniş bilimleri: matematika, biologiýa, geologiýa, geografiýa, himiýa, tebigaty goramak syýasatyny işläp düzmek;
  • Ynsanperwerçilik sungatlary öwreniş: sungat, sungatyň taryhy, döredijilikli ýazuw, tans, kinosungaty, žurnalistika, kitaphanaçylyk işi, dil bilimi/lingwistika, saz we teatr sungatlary.
  • Sebiti öwreniş bilimleri: Sebitleýin hyzmatdaşlyk we ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar.

Dalaşgärlere bolan talaplar:

  • Ylymlar doktory derejesi ýa-da uniwersiteti tamamlandan soň öz ugrundan azyndan 15 ýyl iş tejribesi bolmaly;
  • ABŞ-da ylmy-barlag işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini hökman bilmeli.

Talap edilýän resminamalar:

  • Diplom
  • 2 sany rekomendasiýa haty
  • ylmay-barlag işiniň meýilnamasy (anketanyň bir bölegi hökmünde)

Anketa

Anketalar 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Anketalary şu internet sahypasynda tabşyryp bilersiňiz: https://iie.embark.com/apply/visitingscholars

Goşmaça maglumat almak üçin AshgabatEducation@state.gov elektron salgysyna hat ugradyp ýa da (+99312) 473503 (goşmaça 231) telefon belgisine, ýa bolmasa Mary (+993522) 73865, Türkmenabat (+993422) 33771 we Daşoguz (+993322) 29259 şäherlerindäki Amerikan burçlaryna jaň edip ýüz tutup bilersiňiz.