Fulbraýt-Milli arhiw mirasy ylmy stipendiýasy Fulbraýt maksatnamasyna gatnaşýan alymlara Merilend ştatynyň Kollej park şäherinde ýerleşen Milli arhiwiň iň häzirki zaman Miras ylmy gözleg we synag barlaghanasynda ylmy-barlag işlerini alyp barýan döwürlerinde Milli arhiwiň alymlary we hünärmenleri bilen gatnaşykda bolmaga mümkinçilik döredýär. Bu stipendiýa arhiw ylmy okuwyny, gorap saklamagy we ylmy-barlag işlerini goldaýar. Bu maksatnama ABŞ-da bolup geçýär.
Maksatnamanyň alyp barýan işleri
Saýlanan gatnaşyjy Milli arhiwiň Miras ylmy gözleg we ylmy-barlag barlaghanasynda işlär. Bu barlaghana medeni we taryhy eserleriň, ýazgylaryň we resminamalaryň goralyp saklanmagyna we köpçülige elýeterli bolmagyny dowam etdirmäge niýetlenendir.
Miras ylmy matematika, ylym we in inžinerçilik gurallaryny we tehnologiýalaryny ulanmak arkaly medeni we taryhy gymmatlyklara ideg etmäge, ulanmaga we dolandyrmaga üns berýär.
Maksatnama gatnaşyjy hünärmenler topary bilen işleşer we amaly barlaghana tejribesi toplar. Ylmy işgärler arhiwleriň, uniwersitetleriň we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bilimlerini analitik himiýa, fizika, hasaplaýyş modelleri we materiallar ylymlarynda ulanýan dürli taslamalarda işleýärler. Milli arhiwi ýygyndysynda dürli materiallar – pergament, fotosuratlar, häzirki zaman filmleri, magnit audio-wizual lentalar we sanly faýllar bar. Ýygyndylar we zyýanyň we ýitginiň töwekgelçiligini azaltmak barada bilimleri artdyrmak ylmy-barlag taslamalary üçin ylham bolup hyzmat edýär.
Alymlar professional guramalarda-da işjeňdirler we miras ylym jemgyýetine bähbitli işleri yzygiderli hödürleýärler we neşir edýärler. Gatnaşyjy özüniň işiniň öňe gidişini görkezmek, neşirlerde hyzmatdaşlyk etmek we deň-duş gatnaşyklaryny gurmak arkaly gatnaşmaga çagyrylar. Güýçli dalaşgärler diýlip Milli arhiw miras ylmy barlaghanasynyň işine we maksatlaryna laýyk gelýän taslamalar bilen mirasy gorap saklamak bilen baglanyşykly ylmy we tehniki ugurlar boýunça hünärmenler hasap ediler. Häzirki taslamanyň esasy ünsi daşky gurşawy (temperaturany we çyglylygy) dolandyrmagy, zeňi ir ýüze çykarmak ulgamlaryny işläp düzmegi, polimer häsiýetnamasyny we garramagyny öz içine alýar. Miras ylmy ýa-da arhiw gözlegleri bilen bagly tejribeler ileri tutulýar, ýöne hökmany däl. Ýokary hilli taslamalar miras ylmynda halkara hyzmatdaşlyga goşant goşar we ABŞ-nyň hünärmenleri we edaralary bilen gatnaşyklary gurmaga ýardam eder.
Maksatnamasynyň jikme-jiklikleri
Iş ýeri
Waşington şäheriniň golaýynda, Merilend ştatynyň Kollej-park şäherinde ýerleşen Milli arhiwiň gözleg we synag barlaghanasy. Barlaghana gözlegçini zerur iş ýeri, şeýle hem sarp ediş materiallary we enjamlary, şol sanda kompýuter bilen üpjün eder.
Dalaşgärleri saýlamak
Miras ylmy ýa-da degişli tehniki ugurlar boýunça gözlegçiler ýa-da hünärmenler maksatnama gatnaşmaga hukuklydyrlar. Gatnaşmak üçin magistr derejesi (aspirantura), kandidat ýa-da doktorlyk derejesi ýa-da degişli hünär tejribesi (degişli ugurda azyndan 15 ýyl iş tejribesi) talap edilýär. Miras ylmy bilen baglanyşykly dissertasiýa taslamalaryny tamamlaýan ylymlaryň doktory derejesine dalaşgärler maksatnama arzalaryny tabşyrmaga hukuklary bardyr. Dalaşgärler iňlis dilini oňat bilýän bolmaly.
Okuw ugurlary
Miras ylmy ýa-da medeni mirasy gorap saklamak
Öňüni alyş gorap saklamak
Himiýa
Fizika
Materiallar ylym we inženerlik işi
Mikrobiologiýa
Hasabat
Gözleg ugurlary
Medeni mirasy gorap saklamak
Medeni mirasy gorap saklamakda we töwekgelçilikleri dolandyrmakda çylşyrymly meseleleri çözmek üçin tehnologiýany ulanmak
Maglumatyň derňewi we wizualizasiýa
Maksatnamasynyň ýeňillikleri
Saýlanan gatnaşyjy aşakdaky artykmaçlyklardan peýdalanar:
- J-1 wizasy (alyş-çalyş maksatnamalary üçin)
- Maksatnamanyň dowamynda lukmançylyk ätiýaçlandyryşy
- Türkmenistan bilen ABŞ-a we yzyna uçuş
- Ýaşaýyş, ýaşamak we hünär ösüşi üçin çykdajylary ýapjak kiçi stipendiýa, eklenjindäkiler üçin kiçi stipendiýa. Üns beriň: saglyk ätiýaçlandyryşy we eklenjindäkiler üçin ýol çykdajylary gatnaşyjy tarapyndan tölenýär.
Mundan başga-da, gatnaşyjy alymlar gymmatly tejribelerini alyş-çalyş maksatnamalarynyň döwründen has uzaklara ýetirýän dürli-dürli, işjeň, dünýädäki uçurymlar ulgamyna goşular.
Maksatnamanyň dowamlylygy
2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, bäş aýdan bir ýyla çenli
Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni
2021-nji ýylyň 15-nji oktýabry
Fulbraýt maksatnamasynyň anketalaryny şu ýerde tabşyryp bolar: https://apply.iie.org/fvsp2022
Üns beriň:
Anketany dolduranyňyzda, “Grantyň görnüşi” sütünindäki “Fulbright-National Archives” -i saýlaň.