“Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa” maksatnamasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy “Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa” maksatnamasynyň 2019-2020-nji okuw ýyly üçin açyk bäsleşik yglan edýär. “Hýübert Hamfri adyndaky stipendiýa” maksatnamasy döwlet pudagynda üstünlikli işläp ýören orta derejeli hünärmenlere dereje berilmeýän bir ýyllyk okuwa ABŞ-na gidip akademiki we hunär işini aşakda görkezilen ugurlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär:

  • Oba hojalygy we oba ýerleri ösdürmek
  • Aragatnaşyk we žurnalistika
  • Neşekeşligi, arakhorlygy we zäherleýjy maddalara bolan baglylygy bejermek we öňüni almak
  • Ykdysady ösüş, maliýe we bank işi
  • Bilim ulgamyny dolandyrmak, meýilleşdirmek we bilim syýasaty
  • HIV/AIDS keseliniň öňüni almagyň usullary
  • Kadrlary (işgärleri) dolandyrmak
  • Adam hukuklary we kanunlar
  • Tebigy baýlyklar, tebigaty goramak syýasaty we klimatyň üýtgemegi
  • Saglygy goraýyş syýasaty we dolandyryşy
  • Jemgyýetçilik-döwlet syýasatynyň analizi we döwlet dolandyryşy
  • Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dilini okatmak (mugallymlaryň okuwy we okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilşi)
  • Tehnologiýalar barada syýasat we dolandyryş
  • Adam söwdasy bilen baglanşykly syýasat we adam söwdasynyň öňüni almak
  • Şäher we welaýat meýilleşdiriş

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Döwlet pudagynda ýolbaşçy wezipelerde işläp ýören we wezipe boýunça ýokary çekilmegi mümkin bolan orta derejeli hünärmen bolmaly;
  • Ýokary bilim;
  • Hünär boýunça azyndan 5 ýyl iş tejribesi, 2018-nji ýylyň awgust aýyna çenli bolmaly;
  • Iňlis diliniň ýazuw we gepleşik ukyplary suwara bolmaly, ýagny TOEFL synagy boýunça azyndan 525 (kagyz usuly synagda) ýa 195 (kompýuter usuly synagda) bal toplamaly.

Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2018-nji ýylyň iýun aýynyň 15-i.

Gatnaşmak isleýänler anketany aprel aýynyň 1-inden başlap internet arkaly dolduryp bilerler: https://iie.embark.com/apply/humphreyfellowship2019, resminamany elektron görnüşinde almak üçin şu ýere basmagyňyzy haýyş edýäris (DOC 407 KB)

Goşmaça maglumat üçin AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Biziň salgymyz:

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy,
Halkara işewürlik merkeziniň 3-nji gaty.
Tel.: (+99312) 473503; 473506; 473581; 473584
Faks: (+99312) 473529