Halkara ýazuw maksatnamasy

Halkara ýazuw maksatnamasy (IWP) telewideniýe we kinematografiýa hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýazýan ýazyjylar ýaly daşary ýurtly edebiýat wekillerini birleşdirýän öňdebaryjy forum bolup, Aýowa ştatynyň uniwersitetinde güýz aýlarynda on iki hepdäniň dowamynda geçirilýän bu maksatnamanyň çäklerinde dünýäniň dürli künjeklerinden ýazyjylary çagyryp gepleşikler, hünär sapaklary, hyzmatdaşlyk we çykyşlar arkaly halkara medeniýet gürrüňdeşligi guralýar. Gatnaşyjylar 12 hepdäniň dowamynda Aýowa uniwersitetiniň ýaşaýyş jaýlarynda ýaşap, öz işi barada ýerli ýaşaýjylar üçin çykyş edýärler, talyplar bilen işleýärler we sapaklara gatnaşyp sapaklary alyp barýarlar. Bu maksatnama gatnaşyjylara öz ýurtlarynyň edebi işlerini getirip köpçülige hödürlemek we ABŞ-nyň jemgyýeti, medeniýeti we edebiýaty barada öwrenmek üçin mümkinçilik döredýär. ABŞ-nyň dürli künjeklerine gurnalýan on- günlik syýahatyň dowamynda maksatnamanyň gatnaşyjylary dürli amerikan ýazyjylary bilen duşuşyp hyzmatdaşlygy ýola goýarlar. Bu maksatnama 2022-nji ýylyň 20-nji awgustyndan 8-nji noýabry aralygynda ABŞ-nyň Aýowa uniwersitetinde geçiriler.

Saýlanyp alnan gatnaşyjylar maksatnama gatnaşmak üçin töleg tölemelimi?

Ýok. Maksatnama ähli çykdaýjylary öz üstüne alýar.

Gatnaşyjylar nähili saýlanylýar?

Maksatnama gatnaşyjylara bildirilýän talaplar:

  • Gatnaşyjy çeper eser, drama, goşgy, ya-da ssenariýa ýazyjysy bolmaly
  • Gatnaşyjynyň ýeterlik sanda neşir edilen işleri bolmaly; azyndan bir neşir edilen kitap, ssenriýa ýa sahna, ýa-da adaty ýa-da onlaýn metbugatda soňky iki ýylyň dowamynda yzygiderli neşir edilen işler
  • Gatnaşyjy iňlis dilini suwara bilmeli (iňlis dilinde ýazmak zerurlygy ýok hem bolsa; maksatnama olaryň çeperçilik işleriniň terjimesi bilen üpjün edýär)
  • Maksatnama geçýän döwri gatnaşyjynyň ýaşy 21-64 ýaş aralygynda bolmaly.
  • Maksatnama gatnaşmak isleýän dalaşgärler dürli medeniýetli ýazyjylar bilen hyzmatdaşlykda işleşmäge höwesli bolmaly.
  • Gatnaşyjylar on iki hepdäniň dowamynda ABŞ-da bolmaly, emma maşgala agzalaryny ýanlary bilen alyp gidip bilmeýärler.

Bu maksatnama boýunça anketalar (21 KB, Word .DOCX format) AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy boýunça 2022-nji ýylyň 18-nji martyna çenli kabul edilýär.