Açyk dünýä

“Açyk dünýä” maksatnamasy Ýewraziýanyň we Amerikanyň hünärmenleriniň arasynda özara düşünüşmekligi we hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin işlenip düzülen alyş-çalyş maksatnamasydyr. Bu maksatnamanyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen ýaş jemgyýetçilik we syýasy liderler öz amerikan kärdeşleri bilen 10 güniň dowamynda ABŞ-da geçirilýän hünärmen duşuşyklara gatnaşyp hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar. “Açyk dünýä” maksatnamasy tamamlanandan soň hem dürli çäreler we maglumatlaryň wirtual alyş-çalşygy arkaly Ýewraziýanyň we Amerikanyň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär. “Açyk dünýä” maksatnamasynyň üsti bilen, 1999-nji ýyldan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 1700 amerikan jemgyýetçilik guramalaryň gurnamagynda 13500-den köpräk ýewraziýaly hünärmen 6000 maşgalada ýaşap maksatnama gatnaşdy. Bu maksatnama Amerikanyň kanun çykaryjy pudagynyň tabynlygyndaky Açyk dünýä liderlik merkezi tarapyndan alnyp barylýar.

“Açyk dünýä” maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň hataryna: Russiýa (ilkibaşda şu döwletden başlandy), Azerbeýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzstan, Moldowa, Täjigistan, Türkmenistan we Ukraina girýär.

Bu maksatnama dürli derejeli hökümet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we hususy pudagyň işgärleri gatnaşýar. Maksatnama öň gatnaşanlaryň arasynda mejlisiň we ýerli kanun çykaryjy guramalaryň agzalary, ýokary kazyýetiň we barlyşdyryjy kazyýetiň kazylary, tejribeli jemgyýetçilik işgärleri we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýaş wekilleri, saýlaw baradaky komitetiň wekilleri we syýasy partiýanyň guramaçylary bar.

Maksatnamanyň her bir tapgyry kanunçylygyň ileri tutulmagy, bilim ýa-da jogapkärçilikli döwlet dolandyryşy ýaly belli bir mowzuga degişlidir. “Açyk dünýä” maksatnamasyna gatnaşyjy döwletleriň her biriniň özüne degişli mowzuklary bolup olar “Açyk dünýä” maksatnamasy tarapyndan şol döwletiň islegi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat maksatlary esasynda kesgitlenilýär.

Alyş-çalyş maksatnamanyň adaty topary 6 wekilden ybarat bolup, olar garşy alýan kärdeşleriniň işjeň tejribelerine, gözegçiligine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryna gatnaşyp bilerler. Şeýle hem, gatnaşyjylar syýasy dalaşgäriň saýlawçylar bilen duşuşygyna ýany bilen gidip, gazet redaktorlyk kollegiýasynyň ýygnagyna gatnaşyp, kazy bilen onuň haýsydyr-bir jenaýat işi boýunça bellän hökümi barada pikir alşyp, hem de maliýe serişdelerini toplamak boýunça geçirilýän çärä gatnaşyp bilerler.

Jemgyýetçilik we döwlet edaralarynyň köpdürli wekilleri “Açyk dünýä” makstanamasyna gatnaşyjylary garşy alýar ýa-da garşy alýan ýerli edaralaryň ulgamyna gözegçilik edýärler. Milli garşy alýan edaralar ýa-da olaryň ýerli hyzmatdaşlary hünärmen maksatnamasyny, iýmit we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmegi, medeni we sosial çäreleriň guralmagyny meýilleşdirýärler we ýöredýärler. Wekilleriň köpüsi üçin amerikan maşgalalarda ýaşap, jemgyýet we maşgala durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga we öz ýurtlary barada garşy alýan taraplara gürrüň bermäge mümkinçilikler bolýar.