“Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasy

Häzirki wagtda “Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasynyň “Daşky gurşaw meseleleri” boýunça 2022-nji ýyl üçin anketalary kabul edip başlady. Bu bäş hepdelik maksatnama 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlar; eger saglyk şertleri maksatnamanyň şahsy görnişinde geçirilmegine ýol bermese, maksatnama wirtual formatda geçiriler. Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2022-nji ýylyň 4-nji ýanwary.

Maksatnamanyň beýany

“Ýaş talyp zenan ýolbaşçylar üçin ABŞ-ny öwreniş institutlary (SUSI)” maksatnamasy güýçli depginde alnyp barylýan gysga-möhletleýin okuw maksatnamasy bolup, onuň maksady Ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna ABŞ barada çuňňur düşünje bermekden we şol bir wagtyň özünde olaryň dolandyryjylyk ukyplaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu maksatnama gatnaşyjylaryň liderlik ukyplaryny ösdürmek bilen bir hatarda ABŞ-nyň taryhy, hökümeti, jemgyýeti we medeniýeti baradaky bilimlerini artdyrmaga ýardam eder. Maksatnama hökümet syýasatlarynyň, iş tejribesiniň we durmuş-medeni kadalarynyň daşky gurşaw meseleleriniň obýektiwiniň üsti bilen aýal-gyzlara edýän täsirini öwrener. Şeýle hem, “SUSI” maksatnamasy gatnaşyjylara ABŞ-nyň we dünýädäki aýal-gyzlaryň döwrebap meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilikler döreder. Bu meselelere aýal-gyzlaryň ýolbaşçylygy üçin öňe gidişlikler we mümkinçilikler, aýal-gyzlara garşy zorluga garşy göreşmek, girdejilerdäki deňsizligi ara alyp maslahatlaşmak we iş ýerlerinde aýal-gyzlar üçin beýleki kynçylyklar, aýallaryň saglygyna degişli meseleler we aýallaryň bütindünýä parahatçylygyna, howpsuzlyga we durnuklylyga goşup biljek goşantlarynyň ugurlary girýär.

Maksatnama gatnaşyjylaryň ähli çykdajylaryny, ýagny wiza, halkara we içerki syýahat, ýerüsti gatnaw, kitaplar üçin, medeni çärelere gatnaşmak üçin we tötänleýin çykdajylary, ýaşaýyş jaýynyň töleglerini we iýmit bilen bagly çykdajylaryň ählisini öz üstüne alýar. Gatnaşanlaryň hemmesine maksatnamanyň dowamlylygy üçin lukmançylyk ätiýaçlandyryşyny beriler.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  1. Maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky diňe zenan talyplar üçin niýetlenen.
  2. Iňlis dilini bilmek – maksatnamanyň dowamynda terjime üpjün edilmeýär. Gatnaşyjylar iňlis dilini suwara bilmeli.
  3. Maksatnama Yokary okuw jaýynda okuwlaryny tamamlamaga azyndan ýarym ýyl wagt galan talyplar gatnaşyp bilerler.
  4. Okuwlaryna ýetişigi ýokary bolmaly- bahalaryň göçürmesini we mugallymlaryň häsiýetnamalaryny tabşyrmaly.
  5. Dalaşgärleriň ABŞ-da ýa-da öz ýurdunyň daşynda az tejribesi ýa-da hiç hili tejribesi bolmaly däldir.

Anketany nädip tabşyrmaly:

Doly doldyrylan anketalar 2022-nji ýylyň 4-nji yanwaryna çenli tabşyrmaly. Anketany şu ýerden MS Word wersiýasy (DOC 49 KB) formatynda alyp, AshgabatEducation@state.gov elektron poçta arkaly ýüz tutup alyp bilersiňiz.

Soraglar:
Ähli soraglaryňyza AshgabatEducation@state.gov elektron poçtasyna ugradyp jogap alyp bilersiňiz.