Ylmy işgärler üçin “Amerikany öwreniş institutlary” maksatnamasy

Maksatnama alty hepdelik, alymlyk derejesini bermeýän, aspirantura häsiýetine eýe bolup, 2019-njy ýylyň iýun aýynyň ahyryndan başlap Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dürli ýokary okuw jaýlarynda geçirler. Maksatnama şu aşakdaky ugurlary göz öňüne tutar:

  1. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeniýeti we gymmatlyklary
  2. ABŞ-nyň syýasaty we syýasy düşünjesi
  3. Häzirki zaman amerikan edebiýaty
  4. Žurnalizm we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri
  5. Dini azatlyk we köpdürlülilik
  6. ABŞ-nyň daşary syýasaty
  7. Ýaşlar, işçi güýjüni ösdürmek we hünarsizligi aradan aýyrmak

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Dalaşgärler ýokary bilim ulgamynda işleýän, orta derejedäki, höwesjeň we iş tejribeli hünärmenler bolmaly.
  • Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw ýa-da iş esasynda bolmadyk ýa az möhletleýin bolan bolmaly.
  • Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny öwrenşiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdyndaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.
  • Dalaşgärler 30-50 ýaş aralykdaky orta derejeli hünärmen bolmaly.
  • Dalaşgärleriň aspirantura häsiýetli gurnalan çalt depginde alnyp barylýan okuw maksatnamasyna we okuw bilen bagly iş saparlaryna gatnaşmaga ukyby we islegi bolmaly.
  • Her bir dalaşgär bu maksatnama gatnaşmaga bolan sebäbini we bu maksatnamadan garaşýan netijelerini 1 sahypada gysgaça beýan etmeli.
  • Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly.
  • Ozalky ylmy işleri, iş üstünlikleri we wezipe borçlary boýunça maksatnama bilen has gyzyklanýan dalaşgärlere aýratyn üns berler.

Baryp-gelmek ýol çykdajylary, ýaşaýyş üçin boljak çykdajylary, okuw kitaplary bilen bagly çykdajylary, goşmaça çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen baglanşykly ähli çykdajylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.

Anketalar şu ýerden MS Word formatynda doldyrmak we printerden çykarmak üçin (DOC 42 KB) we Adobe PDF formatda (PDF 55 KB). Anketalary elektron poçta arkaly ugradyp ýa-da özüňiz getirip, tabşyryp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlar üçin şu elektron salgysyna hat ýazyň: AshgabatEducation@state.gov.

Anketalar 2019-njy ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli kabul edilýär.