Orta bilim işlgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy

Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy orta bilim ulgamynda işleýän mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine, gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödür edýän çalt depginli maksatnamadyr. Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar.

Mugallymlar we dolandyryjylar* üçin bolan  bu bäş hepdelik maksatnama, saglyk, howpsyzlyk hem-de syýahat kynçylyklary bolmadyk ýagdaýynda, 2023-nji ýylyň iýun aýynda ýa-da ondan soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçeriler. Anyk seneler soňra belli ediler.

* «Dolandyryjylar» topary mugallymlary taýýarlajylary, okuw meýilnamalaryny we kitaplaryny işläp düzmäge gatnaşyjylary, we Bilim ministrliginiň wekillerini öz içine alýar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  1. Dalaşgärleriň azyndan bäş ýyl iş tejribesi bar bolmaly.
  2. Dalaşgärler orta bilim ulgamynda ýa-da dil öwrediş merkezlerinde işleýän orta derejedäki, höwesjeň we tejribeli hünärmenler bolmaly.
  3. Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw ýa-da iş üstin bilen bolup görmedik ýa-da az möhletleýin bolan bolmaly.
  4. Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada öwrenişiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdyndaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.

Her bir dalaşgär bu maksatnama gatnaşmaga bolan sebäbini we bu maksatnamadan garaşýan netijelerini 1 sahypada gysgaça beýan etmeli.

Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly.

Ozalky ylmy işleri, iş üstünlikleri we wezipe borçlary bilen bagly maksatnama mowzuklary bilen gyzyklanýan dalaşgärlere aýratyn üns berler.

Syýahat, ýaşaýyş, okuw kitaplary, göz öňüne tutulmadyk beýleki goşmaça ownuk çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen bagly ähli çykdajylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.

Anketalar şu ýerde MS Word formatynda (dolduryp we çap edip bilersiňiz) (DOC 42 KB) we Adobe PDF formatda elýeterlidirler (PDF 55 KB). Anketalary tabşyrylmak we goşmaça maglumatlar üçin şu elektron salgysyna hat ýazyp bilesriňiz: AshgabatEducation@state.gov.

Anketalar 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär.